logo

Latest news:
✦ “IWISE Global Final London 2026” halkara bäsleşiginde Türkmenistanyň mekdep okuwçylary uly üstünlik gazandylar ✦ ✦ Ahalda “Ýigit” pomidor we paprika önümçiligini giňeldýär ✦ ✦ Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy we Halk Maslahaty: Berkarar döwletiň beýik geljegine tarap ✦ ✦ Ahal miweleri «Erem» brendi bilen dünýä bazaryna çykýar ✦ ✦ Ahal welaýatynda senagat önümleri daşary ýurt bazarlarynyň ünsüni çekýär ✦ ✦ Türkmen ilçisi Gazagystanyň Atçylyk sporty federasiýasynyň prezidenti bilen duşuşdy ✦ ✦ Merkezi Aziýa hyzmatdaşlyk meýdançasy ✦ ✦ Sebit ähmiýetli şäher ✦ ✦ Ýokary derejedäki hyzmatdaşlyk ✦ ✦ Türkmen türgenleri ýylyň ilkinji alty aýynda 415 medala mynasyp boldular ✦
Home / Culture /Milli ruhuň aýnasy (Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna)
  27.04.2023
1051
Milli ruhuň aýnasy (Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna)

Türkmen halkynyň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň döredijiligi taryhçylar, etnograflar üçin hem uly gollanmadyr. Çünki akyldaryň şygyrlarynda türkmen halkynyň etnografiýasyny öwrenmekde möhüm setirler getirilýär. Şahyryň şygyrlarynda halkyň ruhy medeniýeti, milli däp-dessurlary, ýaşaýyş durmuşy giňden şöhlelendirilýär. Onuň şygyrlary Watana, tebigata, ynsana, adamzat durmuşyna bolan beýik söýgi bilen eriş-argaç bolup geçýär. Akyldar şahyryň döredijiligindäki türkmen halkyna mahsus bolan beýik häsiýetleri barada Gahryman Arkadagymyz: «Türkmen halky özüniň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragy tarapyndan wasp edilen mertebe, asyllylyk, watançylyk, zähmet we myhmansöýerlik, döredijilik, parahatçylyk we asudalyk ýörelgeleri, ata-babalarymyzyň gany bilen geçen ynsanperwerlik ýaly oňat häsiýetlerini saklap, olary asyrlardan-asyrlara aşyryp gelýär..» diýip belleýär. Çünki Magtymguly Pyragy öz döredijiliginde halkyň bütin ýaşaýyş durmuşyny, edebi mirasyny açyp görkezýär.

Magtymguly Pyragy öz döwrüniň syýasy we ykdysady ösüşi bilen baglanyşykly ýüze çykan döwrebap meselelerini dogry çözmäge çalşypdyr. Özüniň köp şygyrlarynyň üsti bilen halkyň isleg-arzuwlaryny, umytlaryny, pikirlerini beýan edipdir we halkyň ruhy terbiýeçisi hökmünde çykyş edipdir. XVIII–XIX asyrlar türkmen halkynyň çylşyrymly döwri bolupdyr. Şonuň üçin Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynyň aglaba böleginiň mazmuny agzybirlige, jebislige syrygýar. Türkmen halkyna mahsus bolan agzybirlik, jebislik, merdanalyk halkyň milli däpleriniň, dessurlarynyň nesilden-nesle geçmegine itergi beripdir.

Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde türkmen halkynyň batyrlygam, wepadarlygam, edermenligem, ynsaplylygam, gyz-gelinleriň haýalylygam, gözel keşplerem çeper beýan edilipdir. Şygyrlarda getirilýän maglumatlaryň üsti bilen häzirki günlerimiziň adamlarynyň oý-pikirlerini, däp-dessurlaryny deňeşdirenimizde, türkmen halkynyň gadymdan gelýän milli häsiýetlerine, däp-dessurlaryna wepaly bolup ýaşandyklaryna göz ýetirýärsiň. 

 

Hoşgeldi AKYNOW,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.