Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Ykdysadyýet ulgamynda ýetilen üstünlikler ✦ ✦ Hytaý diliniň milli usulyýetini kämilleşdirmekde ähmiýeti ✦ ✦ Hytaý dilini okatmakda maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalaryny peýdalanmagyň ähmiýeti ✦ ✦ Iňlis dilindäki tehniki adalgalaryň elektron sözlüginiň ähmiýeti ✦ ✦ Edebi eserlerden peýdalanyp çagalara matematiki düşünjäni öwretmek ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiziň Russiýa Federasiýasyna iş sapary tamamlandy ✦ ✦ Smart tehnologiýalar: häzirki döwrüň innowasion ösüşiniň esasy ugry ✦ ✦ Türkmenistanyň Bitaraplyk ýyllarynda telekommunikasiýa ulgamlarynyň ösüşi ✦ ✦ Türkmenistan we Ýaponiýa ylmy-bilim hyzmatdaşlygyny giňeldýärler ✦ ✦ Çagalaryň hukuklaryny goramak boýunça hyzmatdaşlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy ✦
Baş sahypa / Ykdysadyýet /Мilli Liderimiziň daşary syýasy başlangyçlarynyň ugry bilen
  09.12.2019
718
Мilli Liderimiziň daşary syýasy başlangyçlarynyň ugry bilen

    Mälim bolşy ýaly, 18-nji noýabrda paýtagtymyzda Türkmenistanyň 2019- njy ýylda BMG-nyň Merkezi Aziýanyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasyna (SPEKA) başlyklyk etmegiň çäklerinde paýtagtymyzyň "SPEKA günlerine" badalga berildi. Onuň çäklerinde paýtagtymyzyň "Ýyldyz" myhmanhanasynda "SPEKA" sebitinde söwda işiniň ýönekeýleşdirilmegi hakynda Bütindünýä söwda guramasynyň ylalaşygyny durmuşa geçirmek: Merkezi Aziýa köptaraply söwda ulgamynda atly mowzukda söwda syýasaty boýunça "tegelek stoluň" başynda duşuşyk hem-de durnukly ulag, üstaşyr we arabaglamyşyk boýunça SPEKA-nyň iş toparynyň 24-nji mejlisi geçirildi. "SPEKA günleriniň" çäreleriniň çäklerinde SPEKA-nyň Söwda boýunça iş toparynyň 14-nji sessiýasynda BMG-nyň Merkezi Aziýanyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasynyň häzirki başlygy Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan Ýewropa Ykdysady Komissiýasy (ÝYK) hem-de BMG-nyň Aziýa- Ýuwaş umman sebitiniň ýurtlary üçin Ykdysady we durmuş komissiýasy (ESKATO) bilen bilelikde guraldy. Дuşuşyklaryň gün tertibine girizilen meseleler "SPEKA günleriniň" umumy konsepsiýasyna doly laýyk gelmek bilen, söwdada we ykdysadyýetde SPEKA döwletleriniň ileri tutýan ugurlaryny açyp görkezdi. SPEKA- nyň Ykdysady forumynyň hem-de SPEKA-nyň Ýolbaşçy geňeşiniň sessiýasynyň öňüsyrasynda geçirilen duşuşygyň esasy maksady söwda çärelerini ýeňilleşdirmek we söwda bilen baglanyşykly Durnukly ösüş maksatlaryna (DÖM) ýetmek boýunça çäreleri ornaşdyrmak üçin maksatnama gatnaşýan ýurtlaryň arasynda tejribe alyşmakda we özara ýardam bermekden, şeýle hem şu mesele we hususyýetçiligiň wekilleriniň ulgamynyň döredilmegini höweslendirmek boýunça sebit strategiýasyna syn bermekden ybaratdyr.

    Ýurdumyz Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasy strategiýasyny işjeň durmuşa geçirmek bilen, gyzyklanma bildirýän döwletleriň ählisi hem-de esasy halkara düzümler, ilkinji nobatda bolsa, BMG bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly ähmiýet berilýär.

    Biziň Bitarap döwletimiziň häzirki döwrüň wajyp meseleleri boýunça sazlaşykly çözgütleri işläp taýýarlamakda işjeň orny eýeläp, parahatçylygy, howpsuzlygy we durnuklylygy pugtalandyrmak, sebit hem-de dünýä möçberinde Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek boýunça umumy tagallalara saldamly goşant goşýar. Türkmenistan dünýäniň syýasy, ykdysady we hukuk giňişligine goşulyşmak bilen, tutuş adamzadyň abadançylygynyň bähbidine özüniň baý döredijilik kuwwatyndan netijeli peýdalanmaga çalyşýar.

     Birleşen Milletler Guramasy we onuň ýöriteleşdirilen edaralary hem-de beýleki abraýly halkara we sebit düzümleri bilen netijeli gatnaşyklaryň ýola goýulmagy munuň aýdyň subutnamasydyr. Şunuň bilen birlikde, Türkmenistan ählumumy strategiýalary, konsepsiýalary, maksatanamlary hem-de taslamalary üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen esasy guramalara, ilkinji nobatda bolsa, BMG-a agzalygyndan has netijeli peýdalanýar. Şunuň bilen baglylykda, türkmen döwletiniň  BMG-niň  Merkezi Aziýanyň ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin ýörite maksatnamasynda işjeň ornuna uly ähmiýet berilýär. Ýygnananlar Türkmenistanyň Hökümetiniň Bütindünýä söwda guramasyna girmek meselelerindäki tagallalaryna-da oňyn baha berdiler. Munuň özi uzak möhletli milli bähbitlere hem-de ykdysadyýetiň globallaşmagy babatda dünýä ýörelgelerine laýyk gelýär. Şu çärä Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Türkmenistanyň sebit derejesinde durnukly ösüşe we ykdysady howpsuzlygy üpjün etmek meselelerine uly üns bermek bilen, halkara hyzmatdaşlygyň söwda we ulag ýaly ugurlaryna işjeň gatnaşýandygynyň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi.