logo

Latest news:
✦ Türkmen ilçisi Gazagystanyň Atçylyk sporty federasiýasynyň prezidenti bilen duşuşdy ✦ ✦ Merkezi Aziýa hyzmatdaşlyk meýdançasy ✦ ✦ Sebit ähmiýetli şäher ✦ ✦ Ýokary derejedäki hyzmatdaşlyk ✦ ✦ Türkmen türgenleri ýylyň ilkinji alty aýynda 415 medala mynasyp boldular ✦ ✦ Döredijilik dünýäsine syýahat ✦ ✦ Türkmen-amerikan hyzmatdaşlygy işjeň häsiýetde ✦ ✦ Okuwa kabul etmegiň täze meýilnamasy we tertibi tassyklanyldy ✦ ✦ Şweýsariýanyň wekilleri Döwlet energetika institutynda boldular ✦ ✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦
Home / Culture /Milli baýramyň däp-dessurlaryna belent sarpa
  27.02.2023
1547
Milli baýramyň däp-dessurlaryna belent sarpa

Türkmen halkynyň, şeýle hem Gündogar halklarynyň durmuşynda möhüm orny eýeleýän Nowruz baýramy parahatçylyk, ynsanperwerlik, dost-doganlyk ýörelgelerini giňden dabaralandyrýan baýramdyr. Nowruz galkynyşyň, gülleýşiň we täzelenişiň baýramy bolmak bilen, halklaryň arasynda parahatçylygy, agzybirligi, ynanyşmagy kemala getirýär. Nowruz baýramyny ÝUNESKO-nyň Sanawyna girmek baradaky degişli başlangyç dünýä ýurtlarynyň ençemesinden, ýagny Azerbaýjandan, Owganystandan, Hindistandan, Eýrandan, Yrakdan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Pakistandan, Täjigistandan, Türkmenistandan, Türkiýeden we Özbegistandan gelip gowuşdy, bu ýurtlarda bu gadymy baýram baharda, gije-gündiziň deňleşýän döwri bellenilýär.

Nowruz baýramynyň çäklerinde dürli däp-dessurlar berjaý edilýär, aýratyn tagamlar taýýarlanylýar, adamlar biri-biriniňkä maşgala bolup myhmançylyga barýarlar, jemgyýetçilik çärelerine gatnaşýarlar we köpçülikleýin dabaralary guraýarlar. Bu baýramyň esasy alamatlarynyň biri semenedir. Ol ýaşajyk bugdaý maýsalaryndan taýýarlanýan milli tagamdyr. 2009-njy ýylyň Nowruz baýramy hem ÝUNESKO-nyň halkara sanawyna goşuldy hem-de bu baýramy gorap saklamak we belläp geçmek boýunça ýörite kararnama kabul edildi. Soňra 2010-njy ýylda bu milli baýram BMG tarapyndan Halkara Nowruz baýramy diýip yglan etmek baradaky Rezolýusiýa kabul edildi.

ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilen Nowruz baýramy köp milletleriň, şol sanda türkmen halkynyň ýokary ruhy-ahlak gymmatlyklaryny, milli däp-dessurlaryny özünde jemleýär. Ol dünýä medeniýetleriniň gadymy taryhyny, zähmet dessurlaryny we maşgala däplerini, saz mirasyny häzirki zamanyň sungat ýörelgeleri bilen utgaşdyryp, adamlaryň şatlygyna şatlyk goşýar.

 

Firuza DOSÇANOWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň 1-nji ýyl talyby.