Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Aýdym-saz – ähli nesilleriň göwün ganaty ✦ ✦ Ylym-bagtyýar ýaşaýşyň gözbaşy ✦ ✦ Marguş - gadymyýetiň merkezi ojagy ✦ ✦ «Turan» atly halkara kinofestiwaly geçirildi ✦ ✦ Iňlis dilini öwrenmekde sanly tehnologiýalaryň ähmiýeti ✦ ✦ Sport - parahatçylygyň ilçisi ✦ ✦ Milli ykdysadyýet sanlylaşdyrylýar ✦ ✦ Hususy telekeçilik ösüşler ýolunda ✦ ✦ Durmuş-ykdysady ösüşiň mümkinçilikleri ✦ ✦ «Bilim nokady» bilim merkezinde tomusky ýazylyşyklar başlady! ✦
Baş sahypa / Saglyk /Manuka baly barada bilmek täsirli
  27.04.2023
659
Manuka baly barada bilmek täsirli

Manuka baly özboluşly häsiýetleri bolan seýrek görnüşlerden biridir. Bu balyň üýtgeşik reňki we ysy bar, bejeriş häsiýetlerine baý we energiýa ätiýaçlyklaryny doldurmaga kömek edýär. Manuka baly gymmat bahaly. Bu bal manuka agajynyň nektaryndan ýasalýar. Ady hem şondan gelip çykandyr. Onda köp ýod, kaliý, B, C, K we E. witaminleri bar. Manuka balynda dürli fermentler, beloklar, antioksidantlar we aminokislotalar, şeýle hem metilgloksal bar. Bu madda antioksidantdyr, şeýle hem güýçli antimikrob we antifungal häsiýetlere eýedir.

Nemlendiriji aýratynlyklary sebäpli balyň bu görnüşi köplenç garrylyga garşy derini bejermekde ulanylýar. Manuka baly gözbaşyny Awstraliýanyň we Täze Zelandiýanyň uzak sebitlerinden alýar. Manuka agaçlaryndan  güýz möwsüminde ýygnalýar. Bu ösümlik bal we efir ýaglaryny ýasamak üçin köp ulanylýar. Şeýle bal iň seýrek we iň gymmat hasaplanýar. 

Manuka balynyň özboluşlylygy nämede? 

Bioaktiw manuka baly bakteriýalary, dizenteriýa, içege parazitlerini we beýlekileri öldürýär. Her hili bal ýaly, ol diňe tebigy ary önüminde bar bolan inhibine baýdyr. Balyň özboluşly bejeriş ukyby, antibakterial madda bolan tebigy metilglikoksalyň (MGO) bolmagy bilen baglanyşyklydyr. Bir kilogramynda 100-den 1000 mg-a çenli saklanýar. Bu görkeziji beýleki ballara garanyňda 1000 esse köpdür. Metilglikoksalyň konsentrasiýasy näçe ýokary bolsa, balyň antibakterial häsiýetleri şonça-da güýçli bolar.

Balyň düzümindäki bu maddanyň mukdaryna baglylykda, bejeriş işjeňliginiň derejesi hem üýtgeýär:

• pes görkeziji - MGO 100+, UFM 10+;
• ýokary - MGO 250+, UMF 15+;
• has ýokary - MGO 400+, UMF 20+;
• giperaktiw MGO 550+, UMF 25+.

30+ MGO ýa-da 5+ UMF bolan manuka baly nol bakteriosid täsiri bolan adaty iýmit baly ýaly hasaplanýar. MGO 400+ we UMF 20+ iň ýokary işjeňligi bolan görnüşi keselleri we şikesleri bejermek üçin ulanyp bolar:

• diş etiniň çişmegi;
• ýürek bulanmagy, aşgazan ýarasy we gastrit;
• dürli gelip çykyşly dermatit;
• ýanmak, ýaralanmak;
• aşgazanyň we içegäniň bozulmalary;
• artrit;
• dyrnak kömelekleri;
• ýanmak, hirurgiki ýaralar we ş.m.

Manuka balynda ortaça mukdarda glýukoza, fruktoza, az mukdarda maltoza (tebigy şekeriň bir görnüşi) we saharoza bar. Balda peýdaly witaminler we minerallar bar:

• B toparynyň witaminleri, şeýle hem C, K we E;
• ýod, kaliý;
• az mukdarda demir, fosfor, kalsiý, marganes we selen;
• antioksidantlar;
• aminokislotalar. 

Manuka balynyň peýdalary näme? 

Immun ulgamyny güýçlendirýär. Antibakterial metilglikoksalyň kömegi bilen manuka baly sowuklama, dümew we has howply kesellere garşy göreşde dem alyş we immun ulgamlaryny goldaýar. 

Wiruslar we bakteriýalar bilen göreşýär. Manuka baly ajaýyp tebigy antibiotikdir we wirus ýokançlygynyň bejergisi hökmünde ulanylýar. Immuniteti ýokarlandyrýar, ýokançlygyň öňüni alýar we sowuklama başlanda, alamatlaryny ýeňilleşdirýär we gysga wagtyň içinde gyzzyrmadan dynmaga kömek edýär. 

Iýmit siňdiriş ulgamynyň işleýşini gowulandyrýar. Hatda günde bir nahar çemçesi bal iýmeklik iýmit siňdiriş we aşgazan-içege ulgamlary üçin peýdalydyr. Geçirilen gözlegler, manuka balynyň belli bir fermentleriň öndürilmegine itergi berýändigini we aşgazan ýaralaryny bejermekde kömek edýändigini subut etdi. 

Bedeni ýaşardýar. Manuka balynyň gymmatly häsiýeti ol howadan çyglylygy alýar we deriniň gatlaklaryny kislorod bilen dolduryp, derä çekýär. Mundan başga-da, balyň köşeşdiriji, nemlendiriji we çişmä garşy häsiýetleri deriniň ýaşlygyny we gözelligini uzaldýar. 

Düwürtikleri bejermekde kömek edýär. Balyň antibakterial işjeňligi deri ýokançlyklaryndan goraýjy päsgelçilik döretmäge kömek edýär, ýaranyň bejergisini çaltlaşdyrýar. 

Energiýa berýär. Balyň ýokumlylygy ýokarydyr. Ol bedende energiýa derejesini ýokarlandyrýar. Manuka baly diňe bir çaý üçin ýakymly goşundy bolman, ýadawlyga garşy hem gaty gowy göreşýär. 

Manuka balyny nireden satyn almaly? 

Şeýle baly adatça saglyk maksatly iýmit dükanlarynda we uly supermarketlerde tapyp bilersiňiz. Mundan başga-da, önümi onlaýn bazarlarda sargyt edip bolýar, ýöne bu ýagdaýda aýratyn seresap bolmaly we diňe ynamdar satyjylardan baly satyn almaly. 

 

Tawus NURMYRADOWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.