logo

Latest news:
✦ Türkmenabatda mugallymçylyk institutynyň täze toplumy açyldy ✦ ✦ Binagärlik-gurluşyk institutynyň täze toplumy ✦ ✦ Türkiýe Respublikasy ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygyny goldamagy dowam etdirer ✦ ✦ Türkmenistanyň bilim ministri Koreýanyň ilçisi bilen duşuşdy ✦ ✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦
Home / Nature /Mansinella
  12.06.2023
1076
Mansinella

1999-njy ýylda amerikan hünärmeni Nikola Striklend işgärleri bilen Tobago adasyna iş saparyna gidýärler. Syýahat döwründe Nikola çägäniň üstünde ýatan, daşky görnüşi alma meňzeş, birnäçe  ýaşyl ir-iýmişlere gözi düşýär. Olar ýerde ýatan nätanyş miweden bir bölejik dadyp görýärler. Aradan bir salym geçmänkä  miwäni dadan işgärleriň bokurdagynda ýanma ýaly gyjyndyryjy ýagdaýyň, gözlerinde ýaşarma ýaly alamatlar peýda bolup dem alşy kynlaşyp başlaýar. Baş aýlanma, ýürek bulanma ýagdaýlary ýüze çykýar. Ýanlarynda alyp giden ýyly süýdi içmek bilen bu ýagdaýdan 8 sagadyň dowamynda gutulypdyrlar. Nikola Striklend bu miwäni «Ölümiň miwesi», agajyny bolsa «Ölümiň agajy» diýip atlandyrypdyr. Mansinella onuň Ispança atlandyrylyşy.

Mansinella iň zäherli agaç hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Bu agaç örän zäherli bolup, miwesinden akýan şire adam derisiniň üstüne düşende, şol ýerinde ýanma emele getirýär. Hat-da bu agajy ýok etmek maksady bilen ýakylan ýagdaýynda ondan çykýan tüsse gözlere düşende gözüň kör bolmagyna getirýär. Onuň ýapraklary hem özünden zäherli suwuklyk bölüp çykarýar.

Şire agajyň hemme böleginde saklanýar. Şiräniň düzüminde iň güýçli toksin bolan forbol saklanýar. Ol toksin adamyň aşgazanyna düşende ölüm howply hasaplanýar.

«Ölümiň agajy» - Amerikanyň Florida ştatyndaky Karib basseýninde, Meksikada, Merkezi Amerikada we Günorta Amerikanyň demirgazyk böleginde ösýär. Şol ýeriň ýaşaýjylary Mansinellanyň zäherini duşmana garşy ýarag hökmünde ulanýarlar: ýagny, onuň gabygyny ýuwaşlyk bilen kesip ok kellelerini zäher bilen nemlendirip ýarag hökmünde peýdalanýarlar. Haçanda şol ok adama, haýwanlara atylanda dessine ölüm howpuny ýüze çykarýar. 

 

Aýgül MURADOWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.