Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Ekologiýa medeniýeti boýunça gyzykly oýunly duşuşyk ✦ ✦ Ýaş ykdysadyýetçiler telekeçilik dünýäsi bilen tanyşdylar ✦ ✦ Balkan matematika olimpiadasynda altyn we kümüş medallar ✦ ✦ Tejen etrabynda hukuk sowatlylygy barada okuw maslahaty geçirildi ✦ ✦ Mämmet Seýidowyň 100 ýyllygy Bäherdende dabaralandy ✦ ✦ Gara Seýitliýewiň 110 ýyllygy Bäherdende dabaraly bellenildi ✦ ✦ Awazada Deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlar boýunça halkara maslahat geçiriler ✦ ✦ Türkmenistanyň wekiliýeti FFD4 halkara maslahatyna gatnaşýar ✦ ✦ Sanly ulgam — döwrebap ösüş ✦ ✦ Talyp ýaşlar sungatda öwrenen hünärini ylmy esasda açyp görkezýärler ✦
Baş sahypa / Medeniýet /Mämmet Seýidowyň 100 ýyllygy Bäherdende dabaralandy
  04.07.2025
21
Mämmet Seýidowyň 100 ýyllygy Bäherdende dabaralandy

Bäherden etrabynyň medeniýet öýünde halypa şahyr, edebiýatçy Mämmet Seýidowyň doglan gününiň 100 ýyllygyna bagyşlanyp döredijilik duşuşygy geçirildi. Bu çäre, Mämmet Seýidowyň edebiýat dünýäsindäki orny, döredijilik ýolundaky täsiri we türkmen poeziýasyna goşan goşandy bilen tapawutlandy.

 

Çäräniň dowamynda Mämmet Seýidowyň ömri, döredijiligi, edebi mirasy dogrusynda çykyşlar diňlenildi. Onuň döwrebap we halk ruhuna ýakyn poeziýasy dürli nesiller üçin möhüm döredijilik çeşmesi hökmünde görkezildi. Şahyryň goşgy äheňi we aýratyn stilistikasy ony türkmen edebiýatynyň özboluşly şahsyýetleriniň biri hökmünde tanatdy.

 

Mämmet Seýidow XX asyr türkmen poeziýasynyň ösüşinde möhüm orny eýeleýär. Ol ýaşlykdan döredijilige höwes edip, özüni watançylyk, zähmet, ynsanperwerlik temalary bilen baglanyşykly eserlerde görkezdi. Onuň sözleriniň içki duýgusy we halk döredijiligi bilen sazlaşykly utgaşmagy, okyjylaryň kalbynda uzak wagtlap orun almagy başardy.

 

1944-nji ýyldan başlap žurnalistika we edebiýat pudagynda işläp başlaýar. Ol dürli gazet-žurnallarda redaktor, bölüm müdiri, TSSR Ýazyjylar birleşiginde edebi geňeşçi wezipelerinde zähmet çekýär. Onuň döredijilik ýoly 1945-nji ýylda başlanyp, ilkinji goşgular ýygyndysy “Aşgabat gülleri” 1950-nji ýylda çapdan çykýar. Mundan başga-da, “Atalaryň ýodasy”, “Durun mukamy”, “Seniň yşkyňda”, “Iki desse gül”, “Bahar gündeligi” ýaly onlarça goşgy, poema ýygyndylary bar. Ol çagalar üçin hem “Kitaply oglan”, “Arzygülüň hiňňildigi”, “Altyn Aý” ýaly meşhur eserleri döretdi.

 

Mämmet Seýidow terjimeçilikde hem uly yz galdyrdy – A.S. Puşkiniň “Ýewgeniý Onegin” poemasyny Anna Kowusow bilen bilelikde türkmen diline ýokary derejede geçirdi. Şeýle-de, Mürze Tursunzadeden, Sadreddin Aýniden, Resul Gamzatowdan, Lesýa Ukrainkadan, Kaýsyn Kulyýewden, Azym Köşekowdan we beýleki tanymal daşary ýurtly şahyrlardan terjimeler etdi.

 

Ol şahyr hökmünde diňe uly poemalar bilen däl, eýsem, özboluşly we ýönekeý söz bilen güýçli täsir döredýän “kiçijik goşgulary” bilen hem meşhurdyr. Onuň döredijiligi çuňňur manyly, pähim-paýhasly, çeper meňzetmelere baý we halk döredijiligi bilen sazlaşyklydyr. Şahyr türkmen poeziýasynyň rubagy görnüşini ösdürmäge uly goşant goşdy.

 

Ömrüniň soňky ýyllaryna çenli “Sowet edebiýaty” žurnalynyň redaktory bolup işledi. Ol diňe bir döredijilik bilen çäklenmän, ýaş şahyrlar bilen işleşip, olaryň kämilleşmegine uly üns berýärdi. Şahyryň “Gumdaky yzlar” atly goşgular ýygyndysy Moskwada neşir edilip, dünýä dillerine terjime edildi.

 

1982-nji ýylyň 30-njy maýynda aradan çykdy. Özüniň halk üçin bitiren hyzmatlary sebäpli ölüminden soňra oňa Magtymguly adyndaky döwlet baýragy berildi. Paýtagtymyzda ýerleşýän “Ylham” seýilgähinde onuň heýkeli goýuldy.

 

Türkmenistanyň edebiýatynda öçmejek yz goýan halypa şahyrlar Gara Seýitliýew bilen Mamet Seýidowyň döredijilik ýoluna bagyşlanan bu çäre Bäherden etrabyndaky medeniýet öýünde bilelikde geçirildi. Aýdym-sazly bu duşuşyk “Halypa şahyrlara hormat” ady bilen guralyp, edebiýat söýüjileriň, sungat işgärleriniň we ýaşlaryň giň gatnaşmagynda geçdi. Bu medeni agşam, döredijilik arkaly halk bilen ýürekdeş bolan şahyrlar hakyndaky ýatlamalaryň ýaş nesle geçirilmeginde möhüm ähmiýete eýe boldy.