logo

Latest news:
✦ Oba hojalygynda sanly tehnologiýalaryň ähmiýeti ✦ ✦ Saglygy goraýyş işgärleriniň hünär baýramy ýokary derejede bellenildi ✦ ✦ Alymlar galyňlygy üç atoma deň bolan ultraýuka linzany döretdiler ✦ ✦ «Ýandeks» aýdym-saz maslahatlary üçin Sona atly täze neýrotory hödürledi ✦ ✦ Özbegistan tebigy gaz importyny 15,2 göterim artdyrdy ✦ ✦ Antalýada 77-nji Halkara astronawtika kongresi öz işine başlady ✦ ✦ Fizika ylmynyň gazananlary ✦ ✦ «Ýaşyl» himiýa düşünjesi ✦ ✦ Möhüm ähmiýetli dialog ✦ ✦ Rowaçly tutumlaryň gözbaşy ✦
Home / Agriculture /Maldarçylyk hojalyklary barada düşünje
  23.10.2023
1412
Maldarçylyk hojalyklary barada düşünje

Maldarçylyk hojalygy (fermasy) diýip aýdylanda şu aşakdakylar göz öňüne getirilýär:

 


- mallaryň görnüşleri, toparlary boýunça sany;

 


- esasy we kömekçi önümçilik jaýlary;

 


- tilsimat işlerini ýerine ýetirmek üçin maşynlar we gurallar;

 


- ot-iymleri saklamak we taýýarlamak üçin jaýlar we maşynlar;

 


Maldarçylyk fermasyny gurmak üçin onuň taslamasyny ýörite edarada düzmeli. Onuň üçin öňürti tehniki tabşyryklaryny düzüp, önümçilik işlerini ykdysadyýet tarapyndan esaslandyrmaly. Maldarçylyk hojalyklaryny iki topara bölüp bolýar: tohumçylyk we önümçilik (haryt fermasy) hojalyklary. Mallaryň görnüşi boýunça fermalara goýundarçylyk, guşçylyk, atçylyk, iri şahly mallar fermasy diýip aýdyp bolar. Howanyň şertlerine we ot-iým ýagdaýyna göra, mallaryň tohumyna we toparlaryna seredip, fermalarda mallary birnäçe usul boýunça saklap bolýar. Şol sebäpli tilsimat işleri, ulanylýan maşynlar we serişdeler bir birinden tapawutlanýarlar.

 


Maldarçylykda esasy tilsimat işleri, olaryň toplumy we mazmuny. Birnäçe usullaryň esasynda hem-de işleri geçirmegiň netijesinde çig maldan önüm almagyna tilsimat (tehnologiýa) diýip aýdyp bolar. Bu tilsimatlar her haýsy ýene-de birnäçe aýratyn işlerden ybaratdyr. Mysal üçin 2-nji tilsimatyň işleri: suwy çeşmeden galdyrmak ony arassalap turba arkaly suw binasyna çykarmak bellenen ölçegde suwy alyjylara paýlamak. Düzülen tilsimat işlerine göra esasy we kömekçi maşynlary, gurnawlary hasaplap saýlap almaly. Maldarçylykda zähmetiň öndürijiligi adama, tehnika bagly bolman, ol ýene mallaryň görnüşlerine, toparlaryna, genetiki mümkinçiligine baglydyr. Bu pudakda ýylyň dowamynda önüm öndürmeli, ulanylan serişdeleriň köpüsi elektrik energiýasynda herekete getirilýär. Şonuň üçin maldarçylykda tilsimat işlerine «biotehnologiýa» diýip aýdylýar,sebäbi bu tilsimat mallaryň bedeniniň gurluşyna, olary netijeli ulanmagyna baglydyr.

 


Kerwen MEREDOW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň
Weterinar lukmançylygy fakultetiniň

III ýyl talyby.