logo

Latest news:
✦ Türkmenabatda mugallymçylyk institutynyň täze toplumy açyldy ✦ ✦ Binagärlik-gurluşyk institutynyň täze toplumy ✦ ✦ Türkiýe Respublikasy ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygyny goldamagy dowam etdirer ✦ ✦ Türkmenistanyň bilim ministri Koreýanyň ilçisi bilen duşuşdy ✦ ✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦
Home / Society /Maksatnamalaýyn ösüş bilen baky bagtyýarlyga
  25.04.2023
935
Maksatnamalaýyn ösüş bilen baky bagtyýarlyga

Türkmenistan Diýarymyzda Hormatly Arkadagly Serdarymyzyň ynsanperwer döwlet syýasaty netijesinde jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlary oňyn üstünliklere beslenip, netijeli özgerişlere eýe bolunýar. Gazanylýan üstünlikleriň, rowaçlyklaryň gerimini giňeltmek arkaly mähriban halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrundaky ýola goýulýan beýik işler durmuşa geçirilýän özgertmeleriň düýp özenini düzýär. Ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklary boýunça degişli maksatnamalar işlenip taýýarlanylýar. Munuň özi eziz ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösdürmek ugrundaky maksatnamalarda aýdyň görünýär.

Bu çäreler durmuş-ykdysady syýasatyň durnukly ösüşini üpjün etmäge, ilatyň durmuş goraglylygyny üpjün etmäge we raýatlaryň bagtyýar ýaşaýşyny üpjün etmäge şert döredýär. Ykdysady netijeliligiň üpjün edilmegi ekologiýa howpsuzlygy bilen hem sazlaşykly ýola goýulýar. Şonuň esasynda ykdysadyýetiň pudaklarynda uly möçberli özgertmeleriň depginini işjeňleşdirmek göz öňüne tutulýar. Önümçiligiň ähli ugurlaryna innowasion we sanly tehnologiýalaryň giňden ornaşdyrylmagy zähmet öndürijiliginiň ýokarlanmagyna, hyzmatlaryň giňelmegine, eksportuň artmagyna ýardam edýär. Döwrebap maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryny hem-de öňdebaryjy halkara tejribesini ornaşdyrmak arkaly sanly ykdysadyýete batly depgin bilen geçilýär. Bularyň ählisi durmuş abadançylygyny gazanmaga, uly möçberde serişdeleri goýbermäge oňyn şert döredýän ykdysady ulgamyny kemala getirýär. Şonuň bilen birlikde, täze senagat we önümçilik desgalaryny gurmaga, döwrebaplaşdyrmaga we özgertmäge, dürli maksatly möhüm desgalaryň gurluşyklaryny dowam etdirmäge itergi berýär. Ykdysadyýetiň pudaklarynda täze kärhanalary gurmagyň hasabyna täze iş orunlary döredilýär.

Bu çäreleriň amal edilmegi ýurdumyzda hemmetaraplaýyn ösüşi gazanmaklygyň zerurlygyndan ugur alýar. Şeýlelikde, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň netijeli düzümi döwlet syýasatymyzyň durmuş ugurlylygyndan, iri möçberli maksatnamalary, syýasy-ykdysady we durmuş wezipeleriniň toplumyny çözmäge gönükdirilip, ylmy taýdan esaslandyrylan anyk çäreleriň toplumyny özünde jemleýändiginden habar berýär. Bu bolsa halkyň we Watanyň birligini, Arkadagly Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen belent şygarynyň çuň many-mazmunyny şöhlelendirip, beýik hem ýeňişli menzillere ýetmäge badalga berýär. 

 

Aknur BABAÝEWA,

Türkmenistanyň Inžener-tehniki we 
ulag kommunikasiýalary 
institutynyň talyby.