logo

Latest news:
✦ Ahalda “Ýigit” pomidor we paprika önümçiligini giňeldýär ✦ ✦ Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy we Halk Maslahaty: Berkarar döwletiň beýik geljegine tarap ✦ ✦ Ahal miweleri «Erem» brendi bilen dünýä bazaryna çykýar ✦ ✦ Ahal welaýatynda senagat önümleri daşary ýurt bazarlarynyň ünsüni çekýär ✦ ✦ Türkmen ilçisi Gazagystanyň Atçylyk sporty federasiýasynyň prezidenti bilen duşuşdy ✦ ✦ Merkezi Aziýa hyzmatdaşlyk meýdançasy ✦ ✦ Sebit ähmiýetli şäher ✦ ✦ Ýokary derejedäki hyzmatdaşlyk ✦ ✦ Türkmen türgenleri ýylyň ilkinji alty aýynda 415 medala mynasyp boldular ✦ ✦ Döredijilik dünýäsine syýahat ✦
Home / Culture /Magtymguly — ýer ýüzüniň şahyry
  14.12.2022
978
Magtymguly — ýer ýüzüniň şahyry

Şu ýylyň 12-nji fewralynda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Gündogaryň beýik akyldary, türkmen kalbynyň şahyry hezreti Magtymguly atamyzyň doglan gününiň 300 ýyllyk dabarasyny 2024-nji ýylda deňli-derejeli, beýik şahyryň mertebesine laýyk belläp geçmek barada kabul edilen Karar kalbymyzy joşdurdy.

Magtymguly Pyragy türkmen edebiýatynda özboluşly şahyrana dünýä döredip bilen beýik şahyrdyr. Onuň goşgulary türkmen edebiýatynyň bagy-bossanlygynda baky solmaýan ter güllere meňzäp, göwünlere gözellik, terlik bagyşlaýar. Magtymguly Pyragynyň pähim-paýhasa ýugrulan şygyrlarynyň gadyr-gymmaty ähli döwürlerde-de öz ähmiýetini ýitirenok.

Magtymguly atamyz ýagty jahanda ýaşaýan her bir adamyň manyly ömür sürmegini isläpdir. Özüniň hiç wagt şöhlesi öçmejek ýagşy umytlaryny şygyr setirlerine siňdiripdir.

Türkmen halkynyň mertebe, ar-namys, adamkärçilik ölçegleri beýik Pyragynyň şygryýetiniň özenini emele getirýär. Dana şahyr ata-babalarymyzyň durmuş mekdebine öwrülen gylyk-häsiýetleriň belli bahasynyň ýokdugyny, göreldäni diňe gowulardan alyp, ýamanlardan daşda durmalydygyny nygtaýar.

Türkmen halkynyň ruhy gymmatlygynyň aýrylmaz bölegi bolan milli mirasy, edebiýaty, medeniýeti we sungaty dünýä jemgyýetçiliginde uly gyzyklanma döredýär. Her bir ynsany, tutuş adamzady ruhy kämillige çagyrýan ajaýyp eserleri bilen diňe bir halkymyzyň däl, eýsem, beýleki halklaryň hem çuňňur söýgüsine mynasyp bolan Magtymguly Pyragynyň-da pähim-paýhasa ýugurlan edebi mirasy bu gün her bir türkmeniň dilinde sena, ýüreginde aýdym bolup ýaňlanýar we dünýäde meşhurlyga eýe bolýar.

Adamzat kalbynyň şahyry bolan Magtymguly Pyragynyň döredijiligi, onuň goşgularynyň mazmuny wagtyň geçmegi bilen täze-täze many öwüşginlerine eýe bolýar. Şahyryň ajaýyp goşgulary adamlaryň kalbynda giňden orun alyp, adamkärçiligiň, dost-doganlygyň, ynanyşmagyň, parahatçylygyň waspy bolup, watansöýüjilik duýgularynyň, edep-terbiýäniň belent nusgasy bolup ýaňlanýar we ýaşaýar. 

 

Çynar DURDYÝEWA,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.