logo

Soňky täzelikler:
✦ Ýurdumyzyň wekiliýeti Özbegistanda geçirilen sammite gatnaşdy ✦ ✦ Türkmen milli dünýä dilleri instituty Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň Hormat haty bilen sylaglandy ✦ ✦ Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy - 2026» halkara forumy başlandy ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiziň kitaby azerbaýjan diline terjime edildi ✦ ✦ Özbek paýtagtynda «Tatar gyzy – 2026» halkara bäsleşiginiň ýeňijisine bagyşlanyp dabaraly çäre geçirildi ✦ ✦ Küşt ussatlary bäsleşerler ✦ ✦ Durmuş işi hünäri boýunça okuw maksatnamasy kämilleşdirilýär ✦ ✦ Dutar owazynyň goşa gudraty ✦ ✦ Ynanyşmak medeniýetine ygrarlylyk ✦ ✦ Ählumumy meseleleri çözmekde tagallalary birleşdirip ✦
Baş sahypa / Ylym we Bilim /Magtymguly Pyragynyň döredijiligi barada
  27.06.2021
3145
Magtymguly Pyragynyň döredijiligi barada

     Ýagny, Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň özeni türkmeniň gadymy hem baý halk döredijiligidir. Halkyň dünýä hakyndaky oýlnamalary, dünýä düşünmeleri ähli çuňlugy we danalygy bilen şahyryň döredijiligine siňipdir. Ol öz ykbalyny bagyş eden işinde günde-günden kämilleşip, öz döwrüniň ussat şahyry hökmünde halkyň söýgüsini gazanypdyr.

     Magtymguly öz döwrüniň öňe süren ýiti meseleleriniň oňyn çözgüdini gözläp, durmuşda bolýan nogsanlyklary, olaryň pajygaly netijelerini ýürek hesreti bilen berkýaz garypdyr. Türkmenleriň bir döwlete birikmek, goňşy halklar bilen dostlukly ýaşaşmak ideýasy şahyryň eserleriniň süňňüne ornaşypdyr. Magtymgulynyň döredijiliginde agzybirlik, Watan, il-gün baradaky eserler esasy orun tutýar. Beýik şahyr öz halkynyň ykbaly barada ýakyndan alada edip, onuň erkinlik, özbaşdaklyk baradaky asylly arzuw umutlaryny, isleglerini ussatlyk bilen beýan edipdir we halky agzybirlige çagyrypdyr. Şahyr agzybirligi, erkin durmuş gurmagyň esasy we ilkinji şertleriniň biri, parahat, asuda girewiň girewi hasaplapdyr.

Magtymguly Pyragy öz il-gününi, Watanany diňe bir oňat görmek bilen çäklenmän, onuň özbaşdaklygyny saklamak, gerek bolsa janyny gurban etmek ýaly watançylyk pikirlerini öňe sürüpdir. Şonuň üçin ýigidiň edermenligini, mertligini Watan bähbidini, il-halk bähbidi bileniçgin baglanyşdyrýar. Şol sebäpli, ol halkyň erkin durmuşy ugrunda gaýratly göreşen ýigitleri wasp edip, gara nebislerine hyzmat eden namartlary, gorkaklary bolsa pugta ýazgarýar. Watansöýçüjilik temasy beýik şahyryň döredijiliginiň esasy meseleleriniň biri bolup, onuň esaerleriniň içinden eriş-argaç bolup geçipdir.