Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Türkmeniň goşa ganaty ✦ ✦ Ýaşlar baýragy ― ýaşlygyň serpaýy ✦ ✦ Türkmen-özbek medeni gatnaşyklarynda täze sahypa ✦ ✦ Ýaşlar syýasaty — beýik ösüşleriň badalgasy ✦ ✦ Binagärlikde milliligiň we gözelligiň sazlaşygy ✦ ✦ Aşgabatda "DevFest 2024" tehnologiýa festiwaly geçirilýär! ✦ ✦ II Türkmen — Özbek forumynda täze ylalaşyklar gazanyldy ✦ ✦ Türkmenistan Hytaýyň hakara söwda sergisine gatnaşmaga çagyryldy ✦ ✦ Aýdym-saz ynsanyň göwün syrdaşy ✦ ✦ Ylym-bilim – ösüşiň kämil çeşmesi: ýaş nesillere ylym-bilim bermegiň täze usullary ✦
Baş sahypa / Şygryýet /Magtymguly Pyragy milli- şahsyýet
  12.01.2021
1796
Magtymguly Pyragy milli- şahsyýet

      Magtymguly Pyragynyň ençeme ýurtlary aýlanyp, Türküstanyň ylmy merkezlerinde bolup, okap, örän baý hem gymmatly tejribeleri gazanandan soň mähriban halkynyň arasyna gaýdyp gelmegi bilen onuň ömrüniň, syýasy-jemgyýetçilik meýdanynda iň jogapkärçilikli ýyllary hem-de taryh öňündäki synagy başlanypdyr. Bütin durky il-gününe bolan çäksiz söýgüsi bilen ýugrulan, gözel türkmen topragy iň arzyly käbesine öwrilen Magtymguly, bu synagdan başyny dik tutup geçdi. Diňe öz döwriniň däl eýsem halkynyň geljegki we geljegki nesilleriniň ruhunda we kalbynda ebedi ýaşajak mukaddes ideallaryny, beýik mekdebini, aýdyň ýörelgesini goýup özboluşly tagmasyny basyp gitdi. Biziň dürli kitapdyr makalalardan edinip bilen maglumatymyza görä hem-de onuň öz ölmez-ýitmez eserinden belli bolşy ýaly şahyr, atasynyň eserinde çeper beýanyny tapan, türkmen halkynyň taryhy arzuwy bolan „özbaşdak, erkin döwlet gurup döwletli ýaşamak“ arzuwyny durmuşa geçirmek ugrunda, bütin tejribedir ylmyna daýanmak bilen,dürli ýollara pikir aýlap, içeri we daşary ýagdaýlaýlary, halkynyň maddy we ruhy potansiýallaryny gözden geçirýär hem-de ähli mümkinçiliklerden ýerlikli peýdalanmaga çalyşýar. Her zady ilki özüňden başlamalydygyna, esasy daýanjyň bolsa öz halkydygyna, emma agzybir halkydygyna ynanan Pyragy, halkyna şeýle ýüzlenýär:

Bir-biriňi çapmak ermes ärlikden,

Bu iş şeýtanydyr, ýogsa körlikden.

Agzyalalyk aýrar ili dirlikden,

Döwlet dönüp, nobat duşmana gelgeý.

Ol, bu ugurda bar güýji bilen talaş edip, ähli ýollary synaýar. Birleşen güýç bilen nämeler edip boljakdygyny, Il-Güni gysyp gowurýan, ynsanlyk derejesini kemsidýän, hor-homsy gözgyny ýaşaýşa sebäp bolýan şertleri özgerdip, azatlygyň, ynsanlarça ýaşamagyň ýeke täk girewi bolan garaşsyz hem erkin döwlet gurmagyň diňe agzybirlik bilen hakykata öwrilip biljekdigini, halkyň dili bilen halkyna ýüzlenip aýdýar, halkyny galkyndyrýar, gaýrata getirýär:

Köňüller, ýürekler, bir bolup başlar,

Tartsa ýygyn, erär topraklar,daşlar.

Bir suprada taýýar kylynsa aşlar,

Göteriler ol ykbaly türkmeniň.

 

Türkmenler baglasa, bir ýere bili,

Gurudar Gulzumy,derýaýy Nili.

Teke, Ýomut, Gökleň, Ýazyr, Alyly,

Bir döwlete gulluk etsek bäşimiz.

Şahyr, halkynyň maddy hem ruhy taýdan belli derejede taýýarlanandan soň, gulçulykdan gutarmak üçin bar güýji bilen herekete geçmelidigini şeýle beýan edyär:

Gorka-gorka yflas ýagdaýa düşdük,

Takdyr näme bolsa, görülsin indi;

Pikir gazanynda gaýnadyk,bişdik,

Degme, ol joş urup ýörülsin indi!

 

Oturmasyn kempir, ýaşlar dul bolup,

Galmaňlar, türkmenler, ile dil bolup,

Rakyp ähli musulmana gul bolup,

Ilersi Soňydag sürülsin indi.

 

Üstümizden duşman höküm sürendir,

Mü-mün bary jebri-jepa görendir,

Ogul-gyzy har öňüne berendir,

Hemmeler ol jaýdan syrylsyn indi.

 

Pyragy ýüz tutar türkmen iline,

Duşman gol urmasyn gyzyl gülüne,

Dostlar, bizi ahyratyň siline

Gark etmänkä, rakyp gyrylsyn indi.

Magtymguly bu çagyryşlaryň ýany bilen, daşary we halkara şertleriň ähli mümkinçiliklerinden peýdalanmak ugrunda-da örän paýhasly hem ugurtapyjylykly syýasatlara ýüz urýar. Türkmen Han-Begleri bilen yzygiderli geňeş geçirip pikir alyşyp durmagyň daşyndan hem, şol wagtlar garaşsyzlyk ugrunda Owganystanda hereket edýän, asly Abdal türkmenlerinden bolan Ahmat Dürrany bilen arkadaşlyk etmek ýollaryny geňeşmek maksady bilen, onuň öz çakylygy esasynda, Çowdurhanyň baştutanlygynda birnäçe adam, şol sanda öz dogany Abdyllany Owganystana iberýärler. Emma gynanç bilen olar, ýolda duşmanlar tarapyndan şehid edilýär. Şahyr bu pajygaly waka hakynda, ilki Çowdurhany, soň bolsa öz dogany Abdyllany ýatlap şeýle ýazýar:

 Ahmet Patyşadan habar almaga

Umyt etdi iller Çowdurhan üçin,

Sag baryp, salamat gaýdyp gelmäge,

Oňmady ykballar, Çowdurhan üçin.

 

Çowdurhan görejim, köňül diregim,

Sen wepat bolup sen zarlar içinde

Gökleňde pälwanym, ile geregim,

Halky goýup gitdiň narlar içinde.

 

Gülüp-oýnamadyk bile şat bolup,

Başdan gitdi, bütin bizden ýat bolup,

Magtymguly zar aglapdyr, mat bolup,

Kaýda mesgen tutduň, gardaş Abdylla.

Magtymguly, bulardan başga-da, Gajarlardan dil hem aslymyzyň bir bolmagyndan, Owganlylardan bolsa mezhep birligimizden peýdalanyp haraý gözlemelidigini Il-Gününe maslahat berýär. Şahyr, ömrüniň yekeje salymyny-da halkynyň ykbalyndan sowa geçirmeýär. Hut şonuň üçin hem halk oňa „Milli şahyr“ diýen beýik ady berýär. Dogry, Magtymguly özüniň derýa ýaly giň ýüreginde beslän we bütin ömrüni ýolunda sarp eden „Garaşsyz türkmen döwletini“ gözi bilen görüp bilmedi. Belki-de bu beýik ynsan üçin esasy mesele ony öz gözi bilen görmeklik-de bolan däldir. Emma ol, Garaşsyz türkmen döwletiniň bir gün guruljakdygyna welin, bütin durky bilen doly ynanyp gözüni asuda ýumandyr. Onuň ýoly, onuň goýup giden beýik mekdebi, özünden soňky nesilleriň tarapyndan, hemme taraplaýyn dowam etdirildi, ösdirildi hem durmuşa geçirildi. Onuň edebi mekdebini, Kemineler, Mollanepesler, Seýdiler, Zelililer, Mätäjiler, Misgingylyçlar dowam etdirip, bu günki ýüzlerçe türkmen edebiýatçy alymlary, şahyrlary, sungat işgärleri, ony gülledip dünýäniň iň ösen ýurtlarynyň derejesine ýetirdiler. Bu gün türkmen kitaplarydyr gazet-jurnallarynda, bagşylaryň aýdym-sazynda, radio-telewiziondyr internetlerde, kino-teatrlarda, Türkmenistandyr dünýäniň ähli ýurtlarynda gije-gündiz Magtymgulynyň ady ýaňlanyp dur. Onuň syýasy ýörelgesi bolsa Nurberdihanlaryň, Gowşythanlaryň, Gurbanmyrat işanlaryň, Jüneýthanlaryň, Osmanahunlaryň tarapyndan dowam etdirilip, on müňlerçe türkmeniň saýlama ogul-gyzlary şol ýola başlaryny goýdylar. Garaşsyz Bitarap Türkmenistan döwletiniň gurulup Ata Watanymyz Güneşli Türkmenistanyň ýaşyl baýdagynyň Birleşen Milletler Guramasynyň jaýynda, dünýäniň ähli döwletli milletleriniň baýdaklarynyň arasynda buýsanç bilen pasyrdap durmagy, beýik akyldarymyz we milli şahyrymyzyň giň ýüreginde besläp giden mukaddes arzuwlarynyň hakykata öwrilmeginiň subutnamasydyr we Beýik Pyragynyň:

Türkmenler baglasa bir ýere bili,

Gurudar gulzumy deryaýy Nili.

Teke, ýomut, gökleň,ýazyr,alyly,

Bir döwlete gulluk etsek bäşimiz.

diýen sargydynyň ýerne ýetirilmegi hem dowamydyr.