Bagtyýar zamanada Arkadagly Serdarymyzyň başda durmagynda bilim ulgamyny mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak babatda amal edilýän köp sanly işler bu gün oňyn miwesini berýär. Ýurdumyzda sanly bilim ulgamyny ornaşdyrmak we elektron bilimiň serişdelerini ösdürmek göz öňünde tutulýar. Şonuň ýaly-da ähli bilim edaralarynda sanly bilim tehnologiýalaryny ornaşdyrmak bilen dersler boýunça elektron okuw kitaplary, okuw gollanmalary, wideo-audiomateriallar, interaktiw-multimedia programmalary, okuw-görkezme esbaplary, maglumat kitaplary döredilýär.
Täze kompýuter tehnologiýalary, multimediýa ulgamlary bilen üpjün edilen döwrebap okuw mekdepleriniň, ylmy-barlag merkezleriniň giň ulgamyny döretmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Sanly bilim ulgamyny ösdürmekde onuň maglumat howpsuzlygyny pugtalandyrmaga hem möhüm orun degişlidir. Kiberhowpsuzlyk — munuň özi internete birikdirilen enjamlaryň, programma üpjünçiliginiň we maglumatlaryň sanly dünýädäki howplardan goralmagydyr. Bu gün kiberhowpsuzlygyň gazananlary taraplaryň maglumat goraglylygyny üpjün etmekligi şertlendirip, ýurdumyzda sanly ulgamy ornaşdyrmak bilen birlikde maglumat howpsuzlygyny üpjün etmekde-de netijeli işler durmuşa geçirilýär. Maglumat howpsuzlygynyň maddy-enjamlaýyn we kanunçylyk binýadynyň yzygiderli berkidilmeginiň çäklerinde ýurdumyzyň ministrliklerinde we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda, şeýle hem olaryň garamagyndaky düzümlerde, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynda maglumat-aragatnaşyk ulgamlarynyň kiberhowpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen zerur çäreler görülýär. «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» öňdebaryjy tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagynyň, täze iş orunlarynyň döredilmeginiň ösüşini üpjün etdi. Ýurdumyzda «Maglumat we ony goramak hakynda», «Kiberhowpsuzlyk hakynda», «Aragatnaşyk hakynda», «Türkmenistanda internet torunyň ösüşini we internet hyzmatlaryny etmegi hukuk taýdan düzgünleşdirmek hakynda», «Elektron resminama, elektron resminama dolanyşygy we sanly hyzmatlar hakynda» Türkmenistanyň Kanunlarynyň kabul edilmeginiň ähmiýeti örän uludyr. Munuň özi ykdysadyýetiň ähli pudaklarynyň hem-de jemgyýetçilik edaralarynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda döwrüň talabyndan ugur alnyp, sanly ulgamy ösdürmek we maglumat howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça amala aşyrylýan işler ýurdumyzyň sazlaşykly ösüşiniň, jemgyýetiň abadançylygynyň we bagtyýar durmuşynyň güwäsi bolup çykyş edýär.
Döwlet BABANIÝAZOW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.