logo

Latest news:
✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦ ✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦ ✦ Türkmenistanyň oba hojalygynda önümçilik kuwwaty yzygiderli ýokarlanýar ✦ ✦ Türkmenistan GDA ýurtlaryna pomidor eksport etmekde öňdebaryjy orun eýeleýär ✦
Home / Health /Madda çalşygynyň patofiziologiýasy
  05.04.2025
981
Madda çalşygynyň patofiziologiýasy

Madda çalşygy, beýleki ady bilen metabolizm, adam bedeninde bolup geçýän ähli himiki reaksiýalaryň toplumydyr. Bu reaksiýalar iýmit arkaly alnan maddalaryň energiýa öwrülmegine, beden gurluşyna goşulmagyna ýa-da bedenden çykarylmagyna hyzmat edýär. Patofiziologiýa – bu dürli keseller sebäpli adam bedeninde bolup geçýän fiziologik bozulmalary öwrenýän ylym pudagydyr. Şeýlelikde, madda çalşygynyň patofiziologiýasy diýen düşünje, madda çalşygynyň näsazlyklarynyň ýüze çykmagyna sebäp bolýan ýagdaýlary, olaryň keseller bilen baglanyşygyny we bedendäki täsirlerini öwrenmegi maksat edinýär.

 

Madda çalşygynda dürli näsazlyklar ýüze çykyp biler. Ilki bilen, uglerodlaryň ýagny süýjüli maddalaryň çalşygy bozulanda, bu ýagdaý esasan şeker keselinde ýüze çykýar. Şeker keselinde insuliniň ýetmezçiligi ýa-da onuň täsiriniň pes bolmagy sebäpli öýjükler glýukozany kabul edip bilmeýärler, netijede gan glýukozasynyň derejesi ýokarlanýar. Ýaglaryň çalşygy bozulanda bolsa, bedende trigliseridleriň we holesteriniň derejesi ýokarlanyp bilýär. Bu ýagdaý ýürek-damar keselleriniň, aterosklerozyň we semizligiň döremegine sebäp bolýar. 

 

Beloklaryň çalşygy hem möhüm rol oýnaýar. Belok çalşygy esasan bagyrda we böwreklerde alnyp barylýar. Eger bu agzalaryň işi bozulsa, onda bedendäki beloklaryň durnuklylygy hem bozulýar. Bu ýagdaý myşsalaryň pese gaçmagyna, ganda belok derejesiniň peselmegine, immun ulgamynyň gowşamagyna we dokualaryň dikeldilmeginiň haýallamagyna getirip bilýär.

 

Madda çalşygy bilen gönüden-göni baglanyşykly birnäçe keseller bar. Bularyň iň belli bolanlarynyň biri şeker keseli bolup, ol I görnüş (insulin ýetmezçiligi) we II görnüş (insuline durnuklylyk) görnüşinde ýüze çykyp biler. Madda çalşygynyň kadaly işlemegi adam saglygynyň möhüm şertidir. Eger bu ulgamda näsazlyk ýüze çyksa, ol birnäçe organlara täsir edip, dürli keselleriň döremegine sebäp bolup biler. Şonuň üçin madda çalşygynyň patofiziologiýasyny öwrenmek, keselleriň ýüze çykma sebäplerini anyklamakda, olary öňüni almakda we degişli bejergi çärelerini geçirmekde örän wajypdyr.

 

Ogulgeldi ANNAÝEWA,

Myrat Garryýew adyndaky

Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň
Patologik fiziologiýa kafedrasynyň
uly mugallymy.