Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Türkmeniň goşa ganaty ✦ ✦ Ýaşlar baýragy ― ýaşlygyň serpaýy ✦ ✦ Türkmen-özbek medeni gatnaşyklarynda täze sahypa ✦ ✦ Ýaşlar syýasaty — beýik ösüşleriň badalgasy ✦ ✦ Binagärlikde milliligiň we gözelligiň sazlaşygy ✦ ✦ Aşgabatda "DevFest 2024" tehnologiýa festiwaly geçirilýär! ✦ ✦ II Türkmen — Özbek forumynda täze ylalaşyklar gazanyldy ✦ ✦ Türkmenistan Hytaýyň hakara söwda sergisine gatnaşmaga çagyryldy ✦ ✦ Aýdym-saz ynsanyň göwün syrdaşy ✦ ✦ Ylym-bilim – ösüşiň kämil çeşmesi: ýaş nesillere ylym-bilim bermegiň täze usullary ✦
Baş sahypa / Saglyk /Litoterapiýa we gözellik
  10.03.2023
901
Litoterapiýa we gözellik

Aslynda, litoterapiýa bu näme? - Litoterapiýa daşlar we olaryň tebigy aýratynlyklary bilen bejergi etmek usulydyr. Ol gündogarda gadymy döwürlerden bäri ulanylýan we soňky iki ýylda Günbatar ýurtlarynda has hem ýörgünli bolan alternatiw lukmançylyk görnüşidir. Litoterapiýada daşlar bilen diňe bir çynlakaý bejerip bolman, eýsem ol bedene ýa-da aňymyza täsir edip, käbir häsiýetleri ýüze çykarýar, energiýa ýagdaýyny dikeldýär. Her bir daşyň aýratyn güýji we täsiri bolup, olaryň hersiniň adama bejeriş täsiri bar diýip hasaplanýar. Soňky döwürde bu teoriýa gaty ýörgünli boldy. Gözellik merkezlerinde daşlar bilen ýüz we beden bejergileri, idegleri amala aşyrylýar.

Daşlar tebigy bolmaly, boýalmaly ýa-da gaýtadan işlenmeli däl. Döwrebap kosmetologiýada dürli tebigy daşlar arkaly deriniň öwüşginliligi gazanylýar, ol derini berkidýär we çeýeligini ýokarlandyrýar, gözenekleri açýar. Myşsalaryň dartylmagyndan başga-da, aşa emosional stresden dynmaga hem kömek edip biler. Bu jadyly gözellik dessurlaryny ýerine ýetirmezden ozal derini krem ​​ýa-da ýag bilen gowy nemlendirmeli, bu ýagdaýda hereketler has ýumşak bolar. 

Litoterapiýada haýsy daşlar ulanylýar?

Gül kwarsy.
Gül kwarsy arassalaýjy we köşeşdiriji täsir edýär. Içki rahatlygy we emosional durnuklylygy ösdürýär. Onuň ýumşak gülgüne reňki hormatyň nyşanydyr. Ol psiho-emosional şikeslerden gutulmaga we täzeden ynanyp başlamaga kömek edýär. Arkaýynlyk we rahatlyk duýgusyny döretmek üçin gül kwarsyny ulanmak peýdalydyr. Gadymy Müsürde bu daş arassalamak, ýumşatmak üçin kosmetiki serişdelerinde ulanylypdyr. Hakykatdanam, gül kwarsynyň düzümindäki kremniý derini goraýar we ýumşadýar we öýjükleri dikeldýär, derini ýumşak we näzik edýär. 

Sodalit. Mawy reňkli we ak zolaklary bolan mineral bolup, ol ýyldyzly asmana meňzeýär. Sodalit päkligiň we arassa pikiriň nyşany, ol pikiriňizi köşeşdirip, sizi döredijilikli ýola ugrukdyrýar. Sodalit pespälligiň daşy hasaplanýar, batyrlyk getirýär we gorkyny ýok edýär. Bu gymmat bahaly daş derini birneme rahatlandyrýar we ýeňilleşdirýär. Onuň rahatlandyryjy energiýasy gyzarmagy peseldýär we hapalaryň zyýanly täsirlerini zyýansyzlandyrýar. 

Ametist. Ol gyrmyzy öwüşginli, köşeşdiriji we arassalaýjy gymmat bahaly daşdyr. Bu daş deňagramlylygy we rahatlygy ösdürýär, stressi we aladany aýyrýar, ruhy güýji aýdyňlygy we rahatlygy ösdürýär. Ametist düwürtik, ýanmak ýaly deri meselelerine garşy örän täsirli, bejergini çaltlaşdyrýar we toksinleri has çalt aýyrmaga kömek edýär. Ametist köşeşdiriji täsiri bilen ýüzi birneme ýumşadýar we garramagyň alamatlaryny haýalladýar. 

Malahit. Goýy ýaşyl reňkli daş, rahatlygy üpjün edýär we umyda sary ruhlandyrýar, asuda we ünsli almaga kömek edýär, rehimdarlyga we düşünjä ýol açýar. Bu ýaşyl daş müňlerçe ýyl bäri dermanlyk we kosmetiki aýratynlyklary üçin ulanylýar. Onuň energiýasy dokumalaryň täzelenmegini çaltlaşdyrýar, derini güýçlendirýär we rahatlandyrýar. Malahitiň esasy artykmaçlygy agyryny aýyrmak ukybynyň, çişmä garşy we antibakterial häsiýetlere eýedigindedir. 

Ak kwars. Gadymy döwürlerde ak kwars bakylygy aňladypdyr. Bu daş pikirleri üýtgetmäge we arassalamaga, negatiwlikden dynmaga kömek edýär. Hem köşeşdiriji, hem güýçlendiriji, käbir psihologiki päsgelçilikleri ýok edýär. Mundan başga-da, ol ýady gowulaşdyryp biler. Bu merjen tüýsli ak reňkli bejeriş daşy gadymy döwürde ýaralary bejermek ulanylypdyr. Ak kwars derini güýçlendirýär, stresi aýyrýar. 

Gara obsidian. Gara obsidiana «Hakykatyň daşy» diýilýär, ol otrisatel energiýalary ýok edýär, erbet gözden goraýar, rahatlandyrýar we magnit ýaly şowlulygy özüne çekýär. Bu daş kemçilikli deri üçin amatlydyr. Bejergini ösdürýär, deňagramlylygy getirýär. 

 

Aýgül ALTYÝEWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň 3-nji ýyl talyby.