logo

Soňky täzelikler:
✦ Garaşsyzlyk türkmen halkynyň baky bagty ✦ ✦ Türkmenistanyň wekilleri HWCA çäresine gatnaşdy ✦ ✦ «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi ✦ ✦ Taryhy öwrenmek — milli mirasa düşünmegiň möhüm şerti ✦ ✦ «Garaşsyzlyk — ganatym» bäsleşigi tamamlandy ✦ ✦ Türkmenistanyň teatr we sirkleri Garaşsyzlygyň 35 ýyllygyny belleýär ✦ ✦ E-kitap atly elektron kitaphanasy döredildi ✦ ✦ 14 ýaş aýdymçy “Ýaňlan, Diýarym!” üçin sahna çykdy ✦ ✦ Bir pursatlyk üns - bir ömri halas edip biler! ✦ ✦ Şähribossan Geldimämmedowa «Ykbal öwrüminde» ✦
Baş sahypa / Tebigat /LITOPS  - «Janly daşlar»
  29.05.2023
966
LITOPS  - «Janly daşlar»

Litops (Lithops) - iki sany grek sözünden gelip çykyp «Daş» ýa-da «Daşa meňzeş» diýmekligi aňladýar. Ol  Aizowlar maşgalasyna degişli bolan, sukkulent häsiýetli täsin çöl ösümligidir. Onuň daşky görnüşi  daşa  meňzeşligi üçin oňa  başgaça  «Janly daşjagazlar» hem diýilýär. Bu urugyň 40-dan gowrak görnüşleri hasaba alyndy.

Litopsyň watany Afrika hasaplanýar. Esasan Afrikanyň günorta, günorta- günbatar sebitleriniň hasylsyz, daşly çöllerinde giňden ýaýrandyr. Olar yssy, gurak we hiç hili ösümlik ösmeýän ýerlerde dominant hökmünde  ýaşamagy halaýarlar.

Ilkinji gezek bu gülüň bardygy 1811-nji ýylda alym Uiliýam Berçella tarapyndan öwrenildi. Bu gül barada ol «Afrikanyň çöllerine syýahat» atly kitabynda beýan etdi.

Litopsyň  sary, ak, gyzgylt reňklerde ownujak gülleri bar. Olar hem öz gezeginde iki bölege bölünýär: ýer üsti güller we köke ýakyn güller. Ýer üsti böleginde iki sany galyň etlekli ýapraklary kiçiräk boşluk arkaly  ikä bölünen şeklinde bolup, ol şol boşlukdan öz  owadan güllerini  açýar. Şonuň üçin halk arasynda bu güli «Gottentordyň eşegi» hem diýip atlandyrýarlar.

Litopslaryň köpçülik görnüşi ýabany şertlerde ösýär, ýöne olaryň arasynda bezeg hökmünde hem ösdürilýänleri bar, hat-da ony otag şertlerinde hem ösdürmek mümkindir. Litopsyň boýunyň uzynlygy 5 sm, diametri bolsa 3 sm-e ýetýär. Ömrüniň dowamlylygy  40-50 ýyla golaýdyr, eger öý şertlerinde ösdürilip ýetişdirilende  20 ýyldan köp ýaşamaýar.

Owadan Litops gülleri ewolýusiýa netijesinde emele gelen. Ýagny, Afrikanyň çöllerinde wagtal-wagtal ýüze çykýan güýçli şemallaryň garşysyna durmak bilen özlerinde galyň daşa meňzeş suwly gatlagy emele getiripdirler, olar aslynda gülüň ýapraklary hasaplanýar. Daşyndan göräýmäge daşa gaty meňzeş bolup, ony diňe eliňe alanyňda orta arasyndaky kiçiräk boşlugy arkaly daşdan tapawutlandyrmak bolýar. Ýapraklary ownujak öýjüklerden düzülen, ol öýjükler özünde suw zapasyny saklaýar, fotosintez geçirmäge hem ýardam berýär.

Litopslara öý şertlerinde ideg etmek üçin topragyny saýlamak möhüm bolup durýar. Dykyzlygy boýunça ýeňil topraklar saýlanyp alynýar, ýagny suw syzdyryjylygy ýokary topraklar saýlanýar, sebäbi kök gatlagynda çyglylyk aşa ýokary derejede saklansa kökleriniň çüýremegine getirýär. Öý şertlerinde ösdürilip ýetişdirilende esasy bellemeli zat suwaryş işlerini köküne ýakyn ýerden bermelidir. Üstki etlek galyň gatlagyna suw degen halatynda çüýremä getirip bilýär. 

 

Gülbahar MARATOWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.