logo

Latest news:
✦ Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti Ferdöwsi uniwersiteti bilen hyzmatdaşlygy ýola goýdy ✦ ✦ Awa­za­da Ha­zar eko­lo­gi­ýa sam­mi­ti ge­çi­ril­di ✦ ✦ Oba hojalygynda sanly tehnologiýalaryň ähmiýeti ✦ ✦ Saglygy goraýyş işgärleriniň hünär baýramy ýokary derejede bellenildi ✦ ✦ Alymlar galyňlygy üç atoma deň bolan ultraýuka linzany döretdiler ✦ ✦ «Ýandeks» aýdym-saz maslahatlary üçin Sona atly täze neýrotory hödürledi ✦ ✦ Türkiýede ahalteke bedewlerine gyzyklanma artýar ✦ ✦ Google täze Gemini 4 Argon emeli aň modelini tanyşdyrdy ✦ ✦ Google hereket edýän düwmeli täze klawiaturany tanyşdyrdy ✦ ✦ Özbegistan tebigy gaz importyny 15,2 göterim artdyrdy ✦
Home / Interesting /“Lexus” - “2023 UX” modeli bilen tanyşdyrdy
  15.05.2022
1101
“Lexus” - “2023 UX” modeli bilen tanyşdyrdy

“Lexus” täsirli we özüne çekiji aýratynlyklar bilen enjamlaşdyrylan “2023 UX” modeli bilen ýakynda awtoulag söýüjilerini tanyşdyrdy. Bu modelinde “Lexus” daşky dizaýnda uly täzelikleri hödürlemese-de, içerki gurluşda uly üýtgeşmeleri amala aşyrdy. Mundan başga-da, “Lexus 2023 UX”-yň tehnologiki aýratynlyklary haýran galdyrýar.

“Toyota”-nyň kaşaň awtoulag markasy bolan “Lexus”, sarp edijileri üçin her ýyl täze sport we ýönekeý gurluşly awtoulaglary hödürleýär. Täze modeliň 2023-nji ýylda satuwa çykmagyna garaşylýar. Awtoulag barada biraz aýdyp geçsek, ulahyň 12.3 dýuýmlyk duýgur ekranly täze maglumat ekrany bilen üpjün edilen. Bu multimediýa ekrany köplenç kaşaň modellerde ulanylýar.

Täze multimediýa ekranyna geçmek ulagyň içki dizaýnynda käbir üýtgeşmelere sebäp boldy. “Lexus UX”-da indi ýene 2 USB Type-A porty bar. Mundan başga-da, ulagda simsiz zarýad beriş enjamlary bar. Ulaga goşmaça LED daşky gurşaw yşyklandyryşy goşuldy.

“Lexus” bu ulagda täze tekerler ulanar. Kompaniýanyň pikiriçe, bu tekerler kabinany has rahat we oňaýly saklar. “Lexus UX” -yň täsir galdyryjy aýratynlyklaryndan biri sanly açar goldawydyr.  Bu tehnologiýanyň kömegi bilen sarp edijiler awtoulaglarynyň açarlaryny özleri bilen götermeli bolmazlar.  Sebäbi smartfonlarda guruljak programmalar açar hökmünde hereket eder.

Allamyrat ŞIRIÝEW,

Döwletmämmet Azady adyndaky 
Türkmen milli dünýä dilleri 
institutynyň talyby.