logo

Latest news:
✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦ ✦ «Sanly geljek-2026» atly bäsleşigiň netijeleri yglan edildi! ✦ ✦ «Türkmenistanda agroinnowasiýa» atly elektron görnüşdäki ylmy žurnal dörediler ✦ ✦ Paýtagtymyzda «Bilelikde ýaşyl geljege!» atly eko-festiwal geçiriler ✦ ✦ Köpöwüşginli medeni forum üstünlikli tamamlandy ✦ ✦ Türkmen-azerbaýjan gatnaşyklary ösüş ýolunda ✦ ✦ Medeniýet hepdeligi: galkynyşyň we ösüşiň baýramy ✦
Home / Agriculture /Lebapda dowarlar üçin ot iýmleriň 12 müň 595 tonnasy taýýarlanyldy
  02.12.2022
1181
Lebapda dowarlar üçin ot iýmleriň 12 müň 595 tonnasy taýýarlanyldy

Ýurdumyzyň Lebap welaýatynda oba hojalyk önümçilik birleşiginiň garamagyndaky maldarçylyk hojalyklarynda gyş paslynyň gelmegi bilen maldarlaryň işleri has-da köpeldi. Hojalyklaryň birleşen tagallalarynyň netijesinde dowarlary we düýeleri dok hem ýyly gyşlatmak üçin ähli zerur işler amala aşyryldy. Şu güne çenli dowarlar üçin ot iýmleriň 12 müň 595 tonnasy, şol sanda meýdan otunyň bedesiniň 201 tonnasy, iri baldakly otlaryň 12 müň 394 tonnasy taýýarlanylyp, maldarçylyk hojalyklaryna degişli bolan, doly abatlanylan kaşarlaryň 317-sine ýerleşdirildi. Gyşa ykjam taýýarlykly gelen dowardarlar bu möhüm işleri sazlaşykly alyp barýarlar.

Ýeri gelende belläp geçsek, şu ýyl ene goýun-geçileriň sanyny 97 müň 915-e ýetiren welaýatymyzyň maldarçylyk hojalyklarynyň kärendeçi çopanlary degişli möwsümde olardan 69 müň 211 sany owlak-guzy alyp, ösdürilmäge goýberdiler. Şeýle-de düýeleriň baş sany 2 müň 900-den geçdi. Bu görkezijilerden çen tutsak, welaýatymyzda dowarlaryňdyr düýeleriň sany ýyl-ýyldan artýar. Munuň aňyrsynda bolsa Köýtendagyň baýyrlarynda we Garagumdyr Gyzylgumuň giň sähralarynda meýdanlaryň otlarynyň bollugyny, has takygy, tebigatyň berekedini we çopanlar üçin döwlet tarapyndan döredilýän mümkinçilikleri görmek bolýar.

Welaýat oba hojalyk önümçilik birleşiginiň maldarçylyk, tohumçylyk-seçgi we weterinariýa bölüminiň başlygy Hanjar Ýarowyň aýtmagyna görä, häzirki wagtda birleşigiň düzüminde «Serdar», «Jeýhun», «Garagum», «Tallymerjen», «Köýtendag» ýaly maldarçylyk hojalyklary hereket edip, olarda kärendeçi çopanlaryň 335-si, şeýle-de düýe idedýän sarwanlaryň hem 15-si zähmet çekýär.

«Malym bar — halym bar» diýleni. Ajaýyp sähralarda dowar bakmakda Saýat etrabynyň «Jeýhun» maldarçylyk hojalygynyň dowardarlary has-da tapawutlanýarlar. Bu maldarçylyk hojalygynda häzirki wagtda dowarlaryň baş sany 71 müň 700-e golaýlap, olaryň 33 müň 278-si ene mallardyr. Bu möwsümde 28 müň 830-dan gowrak owlak-guzy almagy başaran ezber çopanlar gyş üçin ot-iýmleriň-de 5 müň 352 tonnasyny ýygnadylar. Şol sanda samanyň hem 1 müň tonna golaýy kaşarlarda ýerleşdirildi.

Özleri üçin döredilýän mümkinçiliklerden netijeli peýdalanýan dowardarlar bu görkezijileri geljekde has-da artdyrmagy maksat edinýärler.