logo

Latest news:
✦ Tejen etrabynda 320 orunlyk täze çagalar bagy açyldy ✦ ✦ Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda 960 orunlyk täze orta mekdep ulanmaga berildi ✦ ✦ Ahal welaýaty boýunça şu ýyl 195 müň gektar meýdanda güýzlük bugdaý ekiler ✦ ✦ Niderlandlar Patyşalygynda ahalteke bedewlerine bagyşlanan halkara maslahat geçirildi ✦ ✦ Wenraý şäherinde «Atda wepa-da bar, sapa-da» eseriniň niderland dilindäki neşiri tanyşdyryldy ✦ ✦ Niderlandlar Patyşalygynda ahalteke bedewleriniň dünýä çempionaty geçirildi ✦ ✦ TÜRKMENIŇ BUÝSANJY ✦ ✦ Oktýabr aýynda «Awazada» birnäçe halkara forumlar geçiriler ✦ ✦ Türkmen-niderland hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşyldy ✦ ✦ Bagşyçylyk sungatynyň ägirdi ✦
Home / Science and Education /Köpetdag gyzgany
  14.07.2021
1052
Köpetdag gyzgany

       Türkmenistan Watanymyz müň bir derde derman boljak dermanlyk ösümliklere iňňän baýdyr. Ýurdumyzyň ösümlik dünýäsini öwrenmekde dürli ugurlar boýunça ylmy-barlag işleri dowamly alnyp barylýar. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Botanika institutynyň alymlary hem ýurduň dürli künjekleriniň ösümlik dünýäsini öwrenmek boýunça ylmy-barlag işlerini alyp barýarlar. Ýokary derejeli dermanlyk ösümlikleriň 80%-mi ýurdumyzyň dag sebitlerine mahsusdyr. Şol dermanlyk ösümlikleriň biri hem  Köpetdag gyzganydyr. Oňa ýurdumyzyň günorta-günbatar Köpetdagda, ýagny Magtymguly etrabynyň çäginde Sumbar jülgesinde, şeýle hem merkezi Köpetdagyň çäklerinde duş gelmek bolýar. Bu ösümlik ýurdumyzyň endemik ösümliklerine degişli bolup, gür ösýän, gabygy çal, çybyklary tikenli, ýabany gyrymsy köpýyllyk ösümlikdir. Ol tohumyndan we kökünden çykan ösüntgilerden köpelýär. Ösümligiň himiki düzümi özüniň aýratynlyklary bilen tapawutlanýar. Ol gadym döwürlerden bäri halkymyzyň arasynda derman höküminde ulanylyp gelinýän ösümlikdir. Soňky barlaglaryň netijesinde onuň sütüniniň gabygynda alkoloidleriň 13-15 %-e çenli saklanýandygy anyklanyldy. Onuň miwesi sentýabr aýynda bişýär we düzüminde köp mukdarda ýaglary saklaýar. Şonuň üçin hem türkmen tebipleri ony çalgy ýagy melhemi höküminde ulanyp gelipdirler. Bu ýag deri örtügindäki käbir kesellerde ýagny, guragry, dyzagry we bogunagyry bilen baglanyşykly kesellerde ýeňiljek çalmak bilen has köp peýdalanylýar. Köpetdag gyzganynyň miwesi ýokary dem alyş ýollaryndaky dem gysmalarda, sarygetirmede, şeýle hem öt çykaryjy melhemleriň hataryna goşulýar. Ösümligiň düzüminde alkoloidleriň köp bolmagy sebäpli dermanlyk maksatlary üçin ulanylanylanda lukmanlaryň maslahaty esasynda ulanmak dogry hasaplanylýar. Häzirki wagtda  ýurdumyzda dermanlyk ösümlikleri peýdalanmak senagat taýdan ýola goýuldy. Ýurdumyzyň  ähli şypahanalarynda saglygyny dikeldýänler üçin türkmen güneşiniň astynda ösen derman ösümlikleriniň dürli erginleri hem giňden peýdalanylýar.