logo

Latest news:
✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦ ✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦ ✦ Türkmenistanyň oba hojalygynda önümçilik kuwwaty yzygiderli ýokarlanýar ✦ ✦ Türkmenistan GDA ýurtlaryna pomidor eksport etmekde öňdebaryjy orun eýeleýär ✦
Home / Interesting /Köp goşar sagadynda ýazylan "Quartz" aslynda näme?
  15.05.2022
1471
Köp goşar sagadynda ýazylan "Quartz" aslynda näme?

Wagty mehaniki sagatlara garanyňda has takyk ölçeýän "quartz" sagatlary, agyrlyk güýjüne baglylykda dürli mukdarda "quartz" kristallaryny özünde jemleýär. "Quartz" türkmençä terjime edileninde "kwars" diýmegi aňladýar. Ilkinji kwars sagatlaryny 1927-nji ýylda Warren Marrison we J.W.Horton oýlap tapdy.  Kwars sagady aslynda batareýaly sagat bolup, senagat öwrülişiginden soň durmuşymyza girdi.

1980-nji ýyllardan bäri gaty berk gurluşly elektronikalaryň ösüşi sagatlaryň ykjam we arzan bolmagyna mümkinçilik berdi we kwars kristally wagt ölçeýjiler dünýäde iň köp ulanylýan wagt tehnologiýasyna öwrüldi.

Himiki ady kremniýniň dioksidi (SiO2) bolan Kwars, dünýädäki gaýalaryň we çägeleriň köpüsinde köp duş gelýän birleşmedir. Kristal gaty takyk ýygylyk signalyny döredýär, şonuň üçin kwars sagatlary wagty mehaniki sagatlara garanyňda iň azyndan bir dereje takyk ölçeýär.

 Kwars kristaly her sekuntda 32,768 gezek yza we öňe hereket edýär. Sanly logikanyň käbir görnüşleri bu signalyň sikllerini hasaplaýar we wagtyň san taýdan görkezilmegini üpjün edýär, adatça sagat, minut we sekunt birliklerinde.

Kwars kristaly elektrik energiýasyna sezewar bolanda, göýberilen yrgyldy kinetiki energiýa, soňra bolsa elektrik energiýasyna öwrülýär.  Bu energiýanyň kömegi bilen, sanalýan wagt elektrik energiýasyny kadalaşdyrýar we basgançak hereketlendirijisine iberýär we aýlaw hereketi üpjün edilýär. Kwars sagatlary 7 ýylyň içinde häsiýetlerini ýitirýär we işlemesini bes edýär ýa-da haýallaýar.


Kerimberdi ANNAMUHAMMEDOW,

Döwletmämmet Azady adyndaky 
Türkmen milli dünýä dilleri 
institutynyň talyby.