Ýagny, geçmişde umumy adamzat medeniýetiniň ösmegine uly goşant goşan ata-babalarmyzyň gadymy ýüpek ýolunyň ugrunda esaslandyran Dehistan, Nusaý, Änew, Abiwert, Sarahs, Marguş, Merw, Köneürgenç ýaly ençeme medeni ojaklary, obadyr şäherleri, galalary hemde kerwensaraýlary dünýäniň dürli ýurtlaryndan gelen alymlary, syýahatçylary, jahankeşdeleri, söwdagärleri haýrana goýupdyr. Türkmenistanyň çäklerinde ýerleşen bu ajaýyp medeni ojaklarynyň biride 2500-ýyl taryhy bolan Köne Sarahs şäheridir. Gadymy ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen Köne Sarahs şäheri Orta Aziýanyň bütin alynky gündogaryň halkara kerwen ýolunda ýerleşip, bu döwletleriň ykdysady durmuşynda uly rol oýnandygy hemmelere mälimdir. Köne Sarahs şäheri entäk Parfiýa döwletiniň düzüminde bolan döwründe, Beýik Ýüpek ýolunyň ýaňy-ýaňy gurnalan döwründe hem Ortaýer deňiz ýaka döwletlerini Aziýa döwletleri bilen birikdiýän söwda merkezi bolupdyr.
Şeýle-de, Sarahs oazisiniň çäklerinden geçen arap, pars ýolagçylarynyň, jahankeşdeleriniň aýtmaklaryna görä irki orta asyrda yslam döwründe Beýik Ýüpek ýoly Eýrandan, Köpetdagyň eteklerinden aşyp, Nişapura, Sarahsa ondan soňra Merw şäherini birikdirip Beýik Ýüpek ýolunyň möhüm şahasyna öwrülipdir. Sarahs şäheriniň üstinden geçýän ýüpek ýolunyň ýene bir şahasy bolsa Merw-Sarahs-Nusaý we ondan günbatara Dehistana tarap ugur alypdyr. Köne Sarahs we Sarahs oazisi dürli döwürlerde birnäçe döwletleriň düzüminde bolanlygyna garamazdan geografik taýdan oňaýly ýerde ýerleşenligi sebäpli şol döwletleriň ykdysady we syýasy durmuşynda wajyp rol oýnapdyr.
IV asyrda Kaspi deňziniň kenarynda hem-de Dehistanda ykdysady we syýasy özgertmeler sebäpli gadymy Beýik ýüpek ýoly özüniň ugruny günorta, merkezi Eýrana, onuň iň iri şäherleriniň biri bolan Nişapura tarap üýtgedýär. Şeýlelikde ýüpek ýoly Nişapurdan Sarahsa, Sarahsdan Merwe tarap gidip täze şaha emele gelipdir. Şol döwürlerde Nişapur bütin gündogaryň ägirt uly söwda merkezine öwrülipdir. Gadymy Merw bolsa günorta Türkmenistanyň merkezi bolupdyr. Şol döwürleriň iki, uly şäherleriniň arasynda ýerleşen gadymy Sarahs şäheri ähli taraplaýyn ösüpdir-özgeripdir, ykdysadyýetde-medeniýetde beýik sepgitlere ýetipdir.
Şol döwürde, Köne Saras” şäherinde giň kerwensaraýlar dürli görnüşdäki harytlary ýerleşdirmek üçin niýetlenen ammarlar we uly bazar bolupdyr. Bazardan islendik görnüşdäki harytlary satyn almak, harytlary ýerlemek, goňşy döwletlerdäki islendik harytlaryň nyrhlaryny bilmek mümkünçiligi bolupdyr. Söwda esasan harytlaryň deň derejedäki çalşygy esasynda geçirilip pul (kümüş derhemleri) ölçeg birligi hökmünde ulanylypdyr. Şol döwürde Hytaýda kümüş derhemleri ulanylmandyr oňa derek gündogar ýewropada kümüş derhemleri pul hökmünde hem ulanylypdyr. X-njy asyryň başlarynda güýçli täjirler birigip öz aralarynda söwdada çekleri ulanypdyrlar. Kerwen ýolunyň ugrundaky uly şäherlerde köp möçberdäki pullary çeklere çalşypdyrlar we söwda etjek ýerlerinde ýenede pullaryny alyp bilipdirler. Sarahsdan çykyp Merwe tarap ugran kerwenlerde diňe bir söwdagärler (täjirler) bolman eýsem, olar bilen syýahatçylar, alymlar, jahankeşdeler, zyýaratçylar, derwüşler hem bolupdyrlar. Bu ýüpek ýoly bilen barýan adamlaryň bir kerwensaraýdan beýleki kerwensaraýa sag aman aşmaklaryny üpjün etmek maksady bilen ýörite goragçylaryň topary hem bolupdyr, olar adamlaryň we kerweniň howpsuzlygyny üpjün edipdirler.