logo

Latest news:
✦ Türgenlerimiz XX tomusky Aziýa oýunlaryna gatnaşýarlar ✦ ✦ Türkmen oba hojalyk institutynda Ozon gatlagyny goramagyň halkara gününe bagyşlanan çäre geçirildi ✦ ✦ Paýtagtymyzda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň maslahaty geçirildi ✦ ✦ Daşary işler ministriniň orunbasary Ýewropa Bileleşiginiň ilçisi bilen duşuşdy ✦ ✦ Seulda ilkinji «Merkezi Aziýa - Koreýa Respublikasy» sammiti geçirildi ✦ ✦ “Tejenkarbamid” zawodynyň netijeli işledilmegi “Türkmenhimiýa” döwlet konsernine tabşyryldy ✦ ✦ Türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebinde dabaraly maslahat geçirildi ✦ ✦ Garaşsyzlygyň gymmaty ✦ ✦ Garaşsyzlyk — Watanymyzyň ganaty ✦ ✦ Geňeşli il — döwletli il ✦
Home / Society /,,Köne Sarahs” şäheri
  01.06.2020
1264
,,Köne Sarahs” şäheri

          Ýagny, ,,Köne Sarahs” şäheri biziň eramyzdan öň VI- IV we b.e XIX asyry bilen senelenip, Ahal welaýatynyň Sarahs etrabynyň Sarahs şäheriniň 1,5 km gündogarynda ýerleşýär. Şeýlelik-de, “Köne Sarahs” şäheriniň umumy tutýan meýdany 120 ga deň bolup durýar. ,,Köne Sarahs” şäheri üç bölekden: erkgaladan, şähristan we şäher eteginden (rabatdan) ybaratdyr. Şeýlelik-de, Erikgala gönidäl bäşburçlyk görnüşli 320×360 m, beýikligi 24 m. Erkgalanyň gündogar tarapynda ini 10-15 metr ýeke-täk derwezesi bardyr. Erkgalanyň  gündogar tarapynda gönüdäl dörtburçlyk görnüşli diwarlarynyň ölçegi 340×560m, beýikligi 12m bolan şähristan ýerleşýär. Onuň üç derwezesi bar. Şäher etegi şäheri hemme taraplaýyn 300-400 m aralykda gurşap alypdyr. Mundan başga-da, Rabat gündogar tarapy has ösen bolup 800-1100 m çenli ýetipdir. Geçirilen gazuw-agtaryş işleri netijesinde çykan tapyndylar medeni gatlagyň yzygiderli kemala geliş düzimi biziň eramyzdan öň I müň ýyllygyň başyndan tä  XIX asyryň 30-njy ýyllaryna çenli üznüksiz ýaşaýyşyň dowam edendigine şaýatlyk edýär. ,,Köne Sarahs” şäheri seýrek duş gelýän arheologiýa ýadygärlikdir. Ýadygärlikde 1995-2000-nji ýyllar aralygynda Türkmen-Polýak arheologiýa toparlary tarapyndan gazuw-barlag işleri geçirildi.