logo

Soňky täzelikler:
✦ Awazada halkara duşuşyklar dürli ugurlardaky hyzmatdaşlygy birleşdirdi ✦ ✦ Hazar deňziniň tebigy baýlyklaryny goramakda ekologiýa medeniýetiniň ähmiýeti ✦ ✦ Hazar deňziniň suw derejesiniň üýtgemegi ylmy barlaglaryň ähmiýetini artdyrýar ✦ ✦ DARYA maksatnamasynyň Ýokary derejeli toparynyň 5-nji mejlisi başlady ✦ ✦ Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti Ferdöwsi uniwersiteti bilen hyzmatdaşlygy ýola goýdy ✦ ✦ Awa­za­da Ha­zar eko­lo­gi­ýa sam­mi­ti ge­çi­ril­di ✦ ✦ Oba hojalygynda sanly tehnologiýalaryň ähmiýeti ✦ ✦ Saglygy goraýyş işgärleriniň hünär baýramy ýokary derejede bellenildi ✦ ✦ Alymlar galyňlygy üç atoma deň bolan ultraýuka linzany döretdiler ✦ ✦ «Ýandeks» aýdym-saz maslahatlary üçin Sona atly täze neýrotory hödürledi ✦
Baş sahypa / Gyzykly /Kiwi guşy hakynda biler bolsaňyz...
  26.05.2022
2168
Kiwi guşy hakynda biler bolsaňyz...

Mälim bolşy ýaly, fauna dünýäsi özüniň geň-enaýy täsinlikleri bilen tebigata görk berýär. Olar haýwanat dünýäsiniň köpdürlüligini emele getirmek bilen iýmit zynjyryny hem düzýär. Adaty bolmadyk fauna görnüşleriniň biri-de kiwi guşudyr. Täsin guş bolan kiwi guşunyň watany Täze Zelandiýa bolup, ol özüniň daşky görnüşi boýunça süýdemdirijä çalym edýär. Ol hiç hili uçmaýar, diňe ýerde hereket edýär. Häzirki wagtda onuň ýer ýüzünde 5 görnüşi duşýar, ýagny Günorta kiwi guşy, Demirgazyk kiwi guşy, uly çal kiwi guşy, kiçi çal kiwi guşy we Rowi kiwi guşy. Kiwi guşlary öz görnüşleri boýunça dürli agramda bolup, 1,4-4 kg aralygyndadyr. Ýeri gelende aýtsak, kiwi guşlaryna jynsy dimorfizm mahsusdyr, ýagny erkek hem-de ene guşlar biri-birinden ululygy, çüňküniň uzynlygy bilen tapawutlanýar. Ene guşuň 110-120 mm, erkeginde 95-105 mm ýetýän gaty, inçe hem-de uzyn çüňki bolýar. Bu guşlar uçmasa-da ganaty bar. Uzynlygy 5 sm bolan kiçijik ganaty daşyndan seredeniňde bildirmeýär. Jübütleşmeden soň, agramy 2-3 kg bolan ene guşlaryň emele getirýän ýumurtgasynyň agramy 500 gramdyr. Kiwi guşlary özüniň köp ýaşaýandygy bilen hem tapawutlanýar. Tebigy gurşawda bu guşlar ýerli ýyrtyjylar tarapyndan iýilmese, 60 ýyl ýaşap biler. Ýöne häzirki wagtda olaryň sany belli bir derejede azalypdyr. Maglumatlara görä, birnäçe ýyl ozal bu guşlaryň 12 mln töweregi hasaba alnan bolsa, bu görkeziji 2004-nji ýylda 70 müňe çenli azaldy. Şol sebäpli-de bu guşlary goramak maksady bilen degişli çäreler yzygiderli görülýär.

Jennet ANNAMUHAMMEDOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.