Ýüreklere barýan ýoly tapmagyň serişdesi köp. Adamzat döräli bäri birek-birege eltýän ýakyn hem amatly ýollaryň gözleginde bolupdyr. Asyrlaryň synagyndan geçen, iň ygtybarly hyzmatdaşlyk ýoluny açýan keramatlaryň biri-de kitapdyr.
Kitap-bilimleriň gözbaşy, çeşmesi, akyl-paýhasyň özenidir. Kitaby söýüp okaýan adamyň düşünjesi, pikir ediş ukyby üýtgeşikdir we dünýägaraýşy giňdir. Belli türkmen ýazyjysy Nurmyrat Saryhanowyň “Kitap” atly eserinde Welmyrat aga kitaby köşekli düýä hem çalyşmandyr. Çünki, türkmen halky gadymy döwürlerden bäri kitaba uly hormat goýupdyr. “Kitapsyz okalmaz, merdiwansyz çykylmaz”, “Kitap okan magnydan dok” ýaly nakyllarda hem kitabyň ähmiýetlidigi nygtalýar. Kitap gözlere röwşenlik çaýýan, ýöremeli ýollaryňy ýadyňa salýan, gaýgyly günüňde aladadan, gaýgydan saplap, teselli berýän, seni üns bilen diňleýän, ýekeligiňi unutdyrýan dostdyr, ýoldaşdyr. Kitap içi maglumatlardan doly bilim sandygy, akyl jamydyr. Köne döwrüň alymlarnyň, akyldarlarynyň kitaby Jemşidiň jamyna meňzetmeklerinde hem çuňňur many bar. Kitap döredijiligiň, paýhasyň, zehiniň we zähmetiň datly miweleri bilen doldurylan tabaga hem meňzedilipdir.
Atalarymyzyň aýtgysynda “kitaby açan adam bilimler hazynasy saklanýan gowagyň derwezesini açýandyr” diýilýär. Gündogaryň meşhur alymlarynyň biri Amr ibn Bahrul-Jahyz kitap barada şeýle diýýär: “Kitap-ol iň gowy söhbetdeşdir, seni erbetlige yrmaýan dostdur, seni tukatlandyrmaýan ýoldaşdyr, saňa sabyrsyzlyk bilen garaşýan goňşudyr, ol ýalan söz bilen saňa ýaranjaňlyk etmeýän aldawçylyga ýüz urup, saňa garşy hile gurmaýan, seniň malyňy eliňden almak islemeýän şärikdeş işdeşdir”. Arap şahyry Mütenebbi: “Dünýäde atyň üstünden oňat tagt ýok, kitapdan gowy dost ýok” diýip belleýär.
Adam üçin kitap onuň Watanyndan, ekläp-saklan ata-enesinden soňky ezizleriň, eý görülýän mukaddeslikleriň sanawyna girýän bolsa gerek. Kitabyň üsti bilen ähli zady bilip bolýar, öwrenip bolýar. Kitap-halypa. Ol saňa bilmek isleýän ähli zadyňy öwreder. Özem hiç ýadamaz hem ýaltanmaz. Saňa islän wagtyň öwretmäge taýýardyr. Kitap-hazyna. Sen okap-okap, susup aldygyňça, ol hiç egsilmez. Gaýtam, ýene okamagyňy dowam etdiriberseň, ol saňa bir topbak “açar” berer. Şol açarlaryň her biri durmuşda bir gapyny açyp berer. Söýgüň gapysyny, sözüň gapysyny, rysgalyň gapysyny... Adamyň ömründe welin açmaly gapysy örän kändir. Şol gapylary açyp bilmek ukybyňa garalyp hem adama baha berilýändir. Iň soňunda-da şol bahaň bilen bu dünýäden ugradylarsyň. Onsoň, seniň işleriňi-edip ýetişmedik gowy işleriňi seniň perzentleriň dowam etdirerler. Eger sen olara wagtynda durmuşyň iň esasy zady-kitap okamagy öwreden bolsaň, onda seniň bagtyň getirdigidir. Ömrüň dowamat dowamdyr. Kitap okamagy, kitaby söýmegi öwreneliň hem çagalarymyza öwredeliň!