Berkarar zamanamyzda Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň parasatly başlangyçlary boýunça eziz ýurdumyz Türkmenistanda umumadamzat gymmatlyklarynyň hazynasyna ägirt uly goşant goşan halkymyzyň medeni mirasyny aýawly saklamak, ony baýlaşdyrmak we dünýä ýüzüne ýaýmak, ýaş nesilleriň arasynda giňden wagyz etmek boýunça uly işler alnyp barylýar. Bu asylly maksatlar, netijeli işler ata Watanymyzyň döwlet syýasatynyň we daşary syýasy strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup çykyş edýär. Şol sanda Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklaryň ösdürilmegine hem aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy bolan ÝUNESKO bilen halkara gatnaşyklaryň netijeli häsiýete eýe bolýandygy bellenmäge mynasypdyr. ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna ýurdumyzyň çägindäki ençeme taryhy we medeni ähmiýeti bolan desgalaryň, taryhy ýadygärlikleriň, medeni we ruhy gymmatlyklarymyzyň girizilendigi janly hakykatdyr. Şolaryň hatarynda milli medeni mirasymyzyň aýrylmaz bölegi bolan «Türkmen keşdeçilik sungatynyň» hem girizilmegi, köpasyrlyk milli däplerimizi dowam etdirip, ajaýyp hem nepis keşdedir nagyşlary döredýän zehinli zenanlarymyza, milliligimize goýulýan belent sarpadan nyşandyr. Göreniňde gözüňi gamaşdyrýan keşdeler milli lybaslaryň esasy bezegi, toý-baýramlarymyzyň gelşigi, eginleriň ýaraşygy we amaly-haşam sungatynyň görnükli nusgasy bolup durýar. Eli hünärli türkmen zenanlary şöhratly pederlerimiziň döredijilikli däplerini dowam etdirmek bilen, bu sungatyň inçe tilsimlerini ýerine ýetirip, biri-birinden ajaýyp el işlerini döredýärler. Türkmen halkymyzyň özboluşly milli mirasyny bolan keşdeçilik sungatynyň gadymy nusgalaryny ýüze çykarmak, aýawly saklamak, geljekki nesillere ýetirmek we dünýä jemgyýetçiligine giňden ýaýmak babatynda toplumlaýyn işler yzygiderli durmuşa geçirilýär. Bulardan başga-da gözel paýtagtymyz Aşgabady «Dizaýn» ugry boýunça ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna goşmak babatda degişli işler geçirilýär. Munuň özi halkara medeni gatnaşyklary ösdürmekde türkmen paýtagtynyň hyzmatlarynyň ykrar edilmeginiň nobatdaky subutnamasydyr. Şeýlelikde, Türkmenistan döwletimiz bilen ÝUNESKO-nyň hyzmatdaşlygynyň gerimi yzygiderli giňelýär, däp bolan netijeli gatnaşyklary işjeňleşdirmek üçin täze mümkinçilikler açylýar. Şeýle-de ÝUNESKO-nyň özboluşly şäherleriniň ählumumy toruna «Çeperçilik» diýen döredijilik ulgamynda ak şäherimiz Aşgabady, «Senetçiler we halk döredijiligi» diýen ulgamda Türkmenabat şäherini, «Edebiýat» diýen ulgamda bolsa Mary şäherini girizmek boýunça degişli işler ýola goýuldy. Şonuň ýaly hem halkymyzyň milli aýratynlygyny açyp görkezýän türkmeniň «Ak öýi», türkmen milli lybasy bolan silkme telpegi, «Dograma» milli nahary hem gaýtalanmajak sungat derejesinde ÝUNESKO-nyň görnükli sanawyna goşulmaga mynasypdyr.
Hurmagül ÝULDAŞEWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň
Jemgyýeti öwreniş ylymlary
kafedrasynyň mugallymy.