logo

Soňky täzelikler:
✦ «Ykbal öwrümi»: Dursun Tekäýewa bilen täsirli söhbetdeşlik ✦ ✦ Aýdym-sazly okuw maslahaty geçirildi ✦ ✦ Adam hakdaky alada ✦ ✦ Sanly gurşawyň ähmiýeti ✦ ✦ Biodürlüligiň goragynda ✦ ✦ Aşgabatda Hytaý suratkeşleriniň we fotosuratçylarynyň sergisi açyldy ✦ ✦ Malaýziýanyň HELMS Geomarine kompaniýasy OGT 2026 halkara sergisine gatnaşdy ✦ ✦ Malaýziýanyň BWTMS kompaniýasy OGT 2026-da nebitgaz guýulary üçin howpsuzlyk we awtomatlaşdyryş çözgüdini tanyşdyrdy ✦ ✦ Malaýziýanyň Swift Energy OGT 2026-da gün energiýasy ulgamlaryny tanyşdyrdy ✦ ✦ Malaýziýanyň AsiaPac Oil & Gas kompaniýasy OGT 2026 halkara sergisine gatnaşdy ✦
Baş sahypa / Saglyk /Käşiriň saglyk üçin peýdasy
  12.07.2022
4884
Käşiriň saglyk üçin peýdasy

      Käşir – saýawanlar maşgalasyna degişli, iki ýyllyk, köki miweli ösümlikdir. Onuň hem beýleki önümler ýaly adama edýän täsiri uludyr. Käşire iki ýyllyk köki miweli diýilmeginiň sebäbi, onuň ösüşiniň iki ýyl dowam edýänligi bilen baglanyşykydyr. Ösüşiniň birinji ýylynda kökünde ýokumly ätiýaçlyk madda toplaýar, ikinji ýylynda bolsa şol ätiýaçlyk maddalarynyň hasabyna gülläp, miweleýär we tohum emele getirýär. Geliň indi, käşiriň peýdaly taraplaryna seredip geçeliň!

      Käşiriň düzüminde A, B, PP, C, K witaminleri, mineral birleşmelerden bolsa kaliý, fosfor, demir, mis, ýod, sink, hrom, nikel we ftor duş gelýär.

      Ganda holesteriniň ýokarlanmagy ýürek keselleriniň döremegine sebäp bolýar. Käşiriň düzümindäki A witamin bolsa holesteriniň derejesini peseldýär. Netijede, ateroskleroz, insult we infarkt keselleriň ýüze çykyş derejesini pesedýär. Käşir kaliniň hem esasy çeşmesi hasaplanýar. Kaliý bolsa gan damarlary giňeldýär we damarlar boýunça gan aýlanyşygy gowulandyrýar. Käşiriň düzüminde saklanýan kumarin hem ýüregiň işleýşine oňat täsir edýär. Mundan başga – da, käşirde β - karotin 85%, α – karotin 15% bolup, fermentatiw täsirleşmeleriň netijesinde β – karotinden A witamini sintezlenýär. A witamin bolsa ýüregiň işleýşi bilen bir hatarda gözüň görüjiliginede täsir edýär. Käşiriň düzüminde saklanýan C witamini ak gan öýjükleriň işjeňligini güýçlendirýär. Bu bolsa immunitetiň ýokarlanmagyna täsir edýär.

        Käşiriň tohumyndan ýakymly ysly efir ýagy alynýar. Bu efir ýagyny kosmetika serişdelerini taýýarlamakda ulanyp bolýar. Käşiriň tohumyndan lukmançylykda ulanylýan derman serişdeleri hem taýýarlanylýar. Meselem, daukarin dermany ateroskleroz keselini bejermekde ulanylýar. Mundan başga – da, käşir lukmançylykda gipo- we awitaminoz keselini bejermekde – de ulanýarlar. Ol organizmde bolup geçýän okislenme – gaýtarylma prosesni işjeňleşdirýär we uglewod çalşygyny sazlaşdyrýar. Käşirden taýýarlanýan şire organimzden zäherli maddalaryň bölünip çykmagyna täsir edýär. Netijede, bagryň, böwregiň we öt haltasynyň işleýşi gowulanýar. Otuz ýaşdan ýokary erkek adamlarda prostato – mäziniň işjeňligi peselýär. Bu mäziň işjeňliginiň peselmegi bolsa bölüp çykaryş ulgamyň işjeňligine ýaramaz täsir edýär. β – karotiniň kömegi bilen bolsa ýüze çykýan bu meseleleri aradan aýryp bolýar. Käşiriň düzüminde duş gelýän dürli organii birleşmeler bilen bir hatarda antioksidantlar tüýkülik mäzinden tüýkülik şiresiniň bölünip çykmagyna täsir edýär. Tüýkülik şiräniň bolsa antibakteriýal häsiýeti ýokary hasaplanýar.

                                                                                                          

                                                                                                       Enebaý ANNALYÝEWA

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby