Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Gözlegçiler süýdemdirijileriň beýnisiniň ösüşini görkezýän 3D atlas döretdi ✦ ✦ Türkmenistanyň hünär biliminiň ösüşinde DARYA maksatnamasynyň orny ✦ ✦ Türkmen tennisçileri halkara ýaryşda baýrakly orunlary eýelediler ✦ ✦ Bitaraplygyň buýsanjy ✦ ✦ Лучший студент тюркских народов –Давуд Довлетов ✦ ✦ Türki halklaryň iň gowy talyby – Dawut Döwletow ✦ ✦ Türkmenistanyň ykdysady diplomatiýasynyň ösüşi ✦ ✦ Türkmenistanda dil bilimini ösdürmek üçin täze kitap ✦ ✦ Täze dil gollanmasy okyjylara ýetirildi ✦ ✦ Kiberhowpsuzlyk:Sanly serhedi goramak ✦
Baş sahypa / Gyzykly /Kaşdan agajy
  23.05.2022
1040
Kaşdan agajy

   Bu bezeg ösümligi hemmeler üçin tanyşdyr.Onuň dürli görnüşleri seýilgählerde şeýle-de,  şäher ýerleriniň dekoratiw bezeg bagçylygynda giňden ulanylýar.Ak kaşdan agajy –  bu görnüşiň  beýikligi 30metre çenli bolup, uly owadan ýaprakly agaç hasaplanýar.Ak kaşdanyň ylmy atlandyrylyşy Aesculus hippocastanum bolup kaşdanlar maşgalasynyň görnükli wekilleriniň biri hasaplanýar.Bu agaç  owadan tegelek görnüşindäki telpeklige eýedir.Şeýle-de bu agaç aýaza çydamlylygy bilen hem tapawutlanýandyr.Ösüş döwrüniň ilkinji 10 ýyllygynda agaç gaty haýal ösýär,ösüşiniň soňky ýyllarynda bolsa ösüşi öňküsinden has-da  çaltlaşýar.Bu agaç 300 ýyldan gowrak ýaşaýar.Bu agajyň gyrymsy we ýarymgyrymsy görnüşleri-de bardyr.Agaç ekilende 70sm çuňlukda hatar arasy 5metrden az bolmadyk ýagdaýda ekilmelidir.Ösümlik ekilenden soň 4-5 gün dowamynda  suwarylmalydyr.Ekilenden soň bu agaç idege mätäç bolýar.Şonuň üçin howanyň gurak döwründe her düýbi 10-litr mukdarda suw bilen ýygy-ýygydan suwarmalydyr.Şeýle-de topragy ýumşatmak işlerini-de ünsden düşürmeli däldir.
   Ýaz paslynda şikeslenen şahalary aýyrmaly we kesim işlerini geçirmeli hem-de telpekliginiň keşbini ýitirmezlik üçin ýaş şahalaryny aýyryp durmalydyr.Kaşdan agajynyň kök ulgamy güýçli  derejede ösen bolýar.Bu agaç maý aýynda gülleýär, adatça  mör-möjekler, käwagt ýeliň kömegi arkaly tozanlanýar. Onuň gülleri owadan  ýakymly ysa we gülgüne reňke eýedir.Kaşdan agajynyň hoz miweleriniň daşky gabygy iňňeler bilen örtülen bolýar.Süýji tagamly hoz miweleri güýz paslynda bişip ýetişýär.Miweleri bişenden soň daşky gabygy ýuwaş-ýuwaşdan açylyp başlaýar.Miweleri ýokumly maddalara , uglewodlara,  beloklara şeýle hem taninlere we witaminlere baýdyr.Şeýle-de hoz miwelerinde kaliý ,magniý, we fosfor ýaly peýdaly elementler köp mukdarda saklanýar.Ajy tagamyna seretmezden Kaşdan agajynyň baly gymmatly we isleg uly önüm  hasaplanýar .Onuň gabygy taninleriň köp mukdaryny saklaýanlygy üçin halk lukmançylygynda giňden peýdalanylýar.Käbir ýurtlarda (meselem Korsika adalarynda)bu agajyň miwelerinden çörek taýýarlanylýar.Bu agajyň iýilýän görnüşleri Demirgazyk Amerikada ösdürilip ýetişdirilýär,şeýle-de Hytaýda we Ýaponiýada-da bu agajyň dürli görnüşleri giň ýaýrandyr.Russiýada,Kawkazda we Krym adalarynda gür kaşdan tokaýlary bardyr.Tebigatda bu agaç ýyly mylaýym howany halaýanlygy sebäpli daglyk sebitlerde duş gelýär.Bu agajyň görnüşlerine Gara deňziniň kenarlarynda hem duşmak bolýar.Adatça ony tohumlary arkaly köpeltýärler.Güýzden ýygnanan miweleri gyşda çägede  + 40 C –a çenli temperaturada saklanýar.Açyk meýdana ekmezinden bir hepde öň ,onuň tohumlaryny ýyly suwda ezip goýmalydyr.Şeýle ýagdaýda onuň tohumlary ýokary  gögerijilige eýe bolýar.

Ýaňyjan Palýazowa 
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy