Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ UNIDO-nyň Global senagat sammiti öz işine başlady ✦ ✦ Kabulda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy dabaraly bellenildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasyna döwlet sapary bilen bardy ✦ ✦ Türkmen-tatar hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti Saud Arabystan Patyşalygynda okuw saparynda boldular ✦ ✦ Bitaraplyk – daşary syýasaty alyp barmagyň esasy guraly ✦ ✦ «Balkan» köpugurly söwda merkezinde Eýran Yslam Respublikasynyň sergisi geçirildi ✦ ✦ Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň täze tapgyry ýola goýulýar ✦ ✦ Sanly ykdysadyýet innowasiýalary durmuşa geçirmegiň esasy ugry ✦ ✦ Türkmenistan Bitaraplyk ýörelgelerine eýermek arkaly halkara hyzmatdaşlygyny güýçlendirýär ✦
Baş sahypa / Saglyk /Kädiniň adam bedenine peýdasy
  11.05.2022
1671
Kädiniň adam bedenine peýdasy

Bakja ekini hasaplanýan kädi barada birnäçe gyzykly maglumatlar bar. Ýagny kädide adam bedeni üçin zerur bolan köp mukdarda witaminler we minerallar köp gabat gelýär. Köp ýurtda ondan dürli hilli tagamlar we kokteýller ýasalýar. Ýurdumyzyň dürli künjeginde hem kädiniň dürli sortlary ösdürilip ýetişdirilýär. Kädi bir ýyllyk ösümlik hasaplanyp ol iýun-iýul aýlarynda güllemäne başlaýar. Miwesi bolsa awgust aýlarynda ýetişip başlaýar. Kädiniň watany Meksika, Demirgazyk we Günorta Amerika hasaplanýar. Kädiniň düzüminde aşgazan we iýmit-siňdiriş organlarynyň işini kadalaşdyrýan şeýle-de, ýag çalşygyny çaltlandyrýan pektinleriň köp mukdary saklanylýar. Onda kaliý, fosfor, marganes, demir, magniý, sink, W witamin toparlary, C witaminleri, RR (nikotin kislotasy) we K hem köp saklanýar. Eger-de, bu witaminler we elementler ýeterlik bolmasa, adam bedenine peýdasy az bolup durýar. 

Kädiniň çigitlerine hem uly üns bermek gerek bolýar. Olar suwuk ýag kislotalaryna, ösümlik beloklaryna we E witaminine baý. Olaryň düzüminde fitosterollar saklanyp holestriniň mukdaryny sazlaýarlar. Kädiniň takmynan 20 görnüşi bolup, alymlar adamlaryň takmynan 5 müň ýyl ozal kädini ösdürip ýetişdirendigini belläp geçýärler. Kädi garrylyga garşy göreşde hem kömek edýär, sebäbi düzüminde E we A witaminleri bar. Kädi Antarktidadan başga bütin dünýäde ösdürilip ýetişdirilýär. Kädiniň düzüminde saklanýan şiresi kadaly we oňat uky üçin peýdalydyr. Kädiniň düzüminde demriň köp mukdary bolup ol beýleki gök bakja ekinlerinden düýpli tapawutlanýar. Şol sebäpli gan azlykdan ejir çekýän adamlara kädi iýmek maslahat berilýär. Gaýnadylan ýa-da bişirilen kädi beden tarapyndan ajaýyp siňdirilýär, şonuň üçin çaga iýmitinde giňden ulanylýar.

Kädi diňe mämişi reňkde bolman, eýsem ak, gök we ýaşyl reňklerde hem bolýar. Käbir Afrika ýurtlarynda kädi motosikl kaskasy hökmünde hem ulanylýar. Kädiniň şiresi ajaýyp antioksidant hasaplanýar.

Aýnabat KULYÝEWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky 
Türkmen milli dünýä dilleri 
institutyň talyby.