logo

Latest news:
✦ Türkmen-azerbaýjan gatnaşyklary ösüş ýolunda ✦ ✦ Medeniýet hepdeligi: galkynyşyň we ösüşiň baýramy ✦ ✦ Germaniýanyň Türkmenistandaky ilçisi diplomatik işini tamamlady ✦ ✦ Ahalteke bedewleri — türkmen halkynyň buýsanjy ✦ ✦ Täze ylalaşyklar türkmen-malaýziýa hyzmatdaşlygyny pugtalandyrýar ✦ ✦ Türkmenistan-Malaýziýa forumynda energiýa hyzmatdaşlygy üns merkezinde ✦ ✦ Anwar Ibrahim Aşgabatda Malaýziýanyň diasporasy bilen duşuşdy ✦ ✦ Gadymyýetden gözbaş alýan sungat ✦ ✦ Arkadagly Gahryman Serdarmyzyň ylmy üstünlikleri ✦ ✦ Paýtagtymyzda Türkmenistan bilen Slowakiýa Respublikasynyň hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşyldy ✦
Home / Society /Jeýtun-gadymy ekerançylyk merkezi
  16.10.2020
1681
Jeýtun-gadymy ekerançylyk merkezi

      Ýagny, Türkmenistanyň günorta etraplarynda ýerleşýän, neolit eýýamyna degişli bolan medeniýete «Jeýtun medeniýeti» diýilýär. Bu at Aşgabadyň demirgazygynda 30 kilometr uzaklykda ýerleşen Jeýtun obasynyñ ady bilen baglanyşyklydyr. Şol ýerden biziñ eýýamymyzdan ozalky bäş müň ýyllyga degişli bolan ilkinji ekerançylyk ojagy tapylýar. Köpetdagyň eññitlerinden düzlüge tarap akyp gaýdan derýajyklaryñ suwy Garagumyň ürgün çägesine siñip gidipdir. Gadymky adamlar ol ýere tohum sepipdir. Şeýdibem ilkinji ekerançylar peýda bolupdyr.

      Oturymly ýaşalan ýerdäki ekerançylyk ilatyň sanynyñ artmagyna sebäp bolupdyr. Jeýtunlylar esasy däne ösümliklerini: bir däneli bugdaý, emmer (iki däneli bugdaý), ýumşak bugdaý, ýalaňaç däneli arpa ösdürip ýetişdiripdirler.

       Jeýtunda hersinde 5-6 adam bolan 35-40 urug (topar) ýaşapdyr. Gap gaç we bezegler maşgalanyñ ýaşan jaýynda ýerleşdirilipdir. Ýöne azyk önümlerini welin obanyñ ýaşaýjylary bilelikde bir jaýda saklapdyrlar. Jeýtunlylaryñ zähmeti we hojalygy umumy bolupdyr. Jemgyýetde öñdäki orun aýallaryñ paýyna düşüpdir. Jemgyýetçilik gurluşy bolsa matriarhat diýlip atlandyrylypdyr.

      Jeýtunlylaryñ ýaşaýyş jaýlary palçykdan ýasalyp, olar inedördül görnüşdäki ýekeje otagdan ybarat bolupdyr. Gapylar kiçijik bolup, olar haýwanlaryñ derileri bilen beklenipdir. Jaýda inedördül görnüşli ullakan ojak, gap-gaç, bezegleri goýmak üçin ululy-kiçili tekjeler bolupdyr. Ýaşalýan jaýyñ gapdalynda goşmaça külbejik ýerleşipdir.

       Jeýtundan başga-da Çopandepe, Togalakdepe (Gökdede etraby), Bamy (Bäherden etraby), Çagyllydepe, Monjuklydepe (Kaka etraby) ýaly gadymy oturym ýerleriniň yzlary tapyldy. Jeýtunda maldarçylygyň hem ösendigine şaýatlyk edýän geçi skeleti tapyldy. Jeýtunda medeniýetiniň ahyrlarynda hojalykda eldeki haýwanlar, şol sanda iri şhaly mallar agdyklyk edipdir. Ýabany geçileriñ, goýunlaryñ, jerenleriň eti iýmit hökmünde ulanylypdyr.