Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Buýan ösümliginiň dermanlyk häsiýeti ✦ ✦ Gulbaba adyndaky çagalar baýragynyň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi ✦ ✦ Ýurdumyzyň ösüş ýolunyň täze tapgyry ✦ ✦ «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ✦ ✦ «Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň täze sany çapdan çykdy ✦ ✦ Mary DES-i elektrik energiýasyny öndürmekde ýokary netijeleri gazandy ✦ ✦ Aktauda Hormatly Prezidentimiziň kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygaryna bagyşlanan dabaraly maslahat geçirildi ✦ ✦ Mary welaýatynyň gaz pudagy 2026-njy ýyly ýokary önümçilik netijeleri bilen başlady ✦ ✦ Bank we söwda ulgamlarynyň sanlylaşdyrylmagy dowam edýär ✦
Baş sahypa / Saglyk /JANA ŞYPALY OT
  06.04.2023
1609
JANA ŞYPALY OT

Narpyzyň peýdasy barada adamlar gaty irki döwürlerde bilip, ony giňden peýdalanypdyrlar. Hatda gadymy grek rowaýatlarynda narpyzy Afrodita hudaýynyň oty hasaplapdyrlar. Gadymy Rimde narpyz iň bir giňden ulanylýan ot bolup, zenanlar narpyzyň ýapraklaryny ary baly bilen garyp çeýnäpdirler. Gadymy Müsür faraonlarynyň guburlaryndan narpyzyň galyndylarynyň tapylmagy bolsa oňa şol döwürlerde-de uly ähmiýet berlendigini görkezýär. Şonuň ýaly-da gadymy döwürlerde narpyzdan anbar taýýarlapdyrlar, ony dürli tagamlara garypdyrlar.

Gadymy gündogarda narpyzdan sowuk içgiler — şerbet taýynlanypdyr. Orta asyrlarda köşk aşpezleri dürli naharlara reňk bermek üçin narpyzyň suwuny sykyp alypdyrlar. Günorta Amerikada narpyzy ruhuňy göteriji içgileri taýýarlamakda ulanypdyrlar. Ol ýerde bu otuň ady-da gönüden-göni: «Gowy ot» manysynda terjime edilýär.

Narpyzyň ýakymly ysy bolup, ýurdumyzda 5 görnüşi duş gelýär. Narpyz iýun aýynyň ahyryndan sentýabr aýyna çenli gülleýär. Onuň otunyň düzüminde efir ýagy, mentol, pinen, limonen, sinol, C witamini, betadin we birnäçe beýleki mikroelementler saklanýar. Ösümligiň ýapraklaryndan taýýarlanan melhemlik serişdeler hem saglyk üçin juda peýdalydyr.

Lukmançylyk tejribesinde, esasan-da, mentol ulanylýar. Ony ýüregagyryda, aşgazan-içege ulgamynyň bozulmalarynda, ýokary nerw dartgynlylygynda giňden peýdalanýarlar. Mentol ýagy bagryň, öthaltanyň sökelliklerinde peýdalanylýar.

Narpyz işdäňi açýar, iýmit siňdirişi gowulandyrýar, ýürek bulanmany aýyrýar. Ol ýokarky dem alyş ýollarynyň sowuklamasynda, bronhitde ulanylýar. Ony beýleki dermanlyk ösümlikler bilen garyp, birnäçe sökelliklerde peýdalanmak maslahat berilýär. 

 

Täç MÄMMEDOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.