logo

Latest news:
✦ Ýeňiş güni mynasybetli weteranlar sylaglandy ✦ ✦ «Arkadagly ýaşlar» žurnalynyň 2026-njy ýyldaky 4-nji sany okyjylara ýetirildi ✦ ✦ Türkmenistan — TÜRKSOÝ: medeni hyzmatdaşlygyň üsti bilen halklary birleşdirýän köpri ✦ ✦ Sport ýaryşlarynyň netijeleri jemlendi ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti “SusHi Tech Tokyo 2026” halkara forumyna gatnaşdy ✦ ✦ TOHU-da «Biznesiň skeleti – Rollar we paýlar» atly açyk sapak geçirildi ✦ ✦ Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 81 ýyllygy mynasybetli çäreler geçiriler ✦ ✦ Gaýtadan dikeldilýän energiýa boýunça startap bäsleşigi geçirildi ✦ ✦ Türkmen-hytaý işewürler forumy geçirildi ✦ ✦ Ýylyň şygaryna bagyşlanan halkara ylmy tegelek stol maslahaty geçirildi ✦
Home / Health /IÝUN AÝYNDA NÄME IÝMELI?
  02.06.2022
1511
IÝUN AÝYNDA NÄME IÝMELI?

   Tomus aýlarynda howanyň temperaturasy ýokary derejede saklanýar. Howanyň ýagdaýynyň dunuksyzlygy adamyň immun ulgamynyň pese gaçmagyna getirýär. Şonuň üçin hem, tomus paslynda iýmit düzgüniňize şu gök önümleri we miweleri goşmagy ýadyňyzdan çykarmaň!

   Turp. Bu gök önüm kaliý, kalsiý, magniý, fosfor, demir, B,C, PP witaminleri, riboflawin, nikotin kislotasy we tiaminiň çeşmesidir. Bu maddalar ýüzüň derisiniň gözelligine, ýüregiň işine oňyn täsir edýär, içegäniň düwnük keseliniň öňüni alýar. Turp iýmit siňdiriş meselelerini düzetmäge we çiş kesellerini aýyrmakda ähmiýeti uludyr.

   Kelem bu gök önümiň koloriýasy az we beden tarayndan gowy siňdirilýär.Düzüminde mineral duzlar, B,C, PP witaminleri, peýdaly aminokislotalar, kalsiý, fosfor, natriý, magniý, kaliý, demir, pantoten we fol turşusy saklanýar. Kelem saçyň çalt ösmegine we sagdyn görünmegine kömek edýär. Aşgazanyň sagdyn işlemegine, düwnük keseliniň azalmagyna, süýji keseli, bronhit, böwrek we bagyr keselleri üçin peýdalydyr.

   Hyýar suwdan başga-da düzüminde B toparyndaky witaminleri, C, karotini, ful turşusyny, kaliý, fosfor, natriý, demir, magniý, sink, hlor, mis we beýleki minerallary öz içine alýar. Hyýar endokrin we ýürek damar  ulgamlarynyň kadaly işlemegine kömek edip biler, sebäbi munuň üçin ýeterlik mukdarda ýod bar.

   Gawunyň düzüminde kaliý, mis, kalsiý, demir, molibden, fosfor, sink we beýleki peýdaly maddalar, B we E witaminleri bar, sary pigmentlerde  askorbin kislotasy we karotin bar. Kädiler maşgalasynyň bu bakja ekini metobolizmi gowulandyrýar, ýüre, böwrek we bagyr keselleriniň öňüni almak üçin peýdalydyr.

   Şibit ýapragy bolmasa tomus işdäaçaryny göz öňüne hem getirmek mümkin däl. Olarda A,B,C, PP witaminleri, askorbin kislotasy, riboflawin, tiamin, karotin, demir, fosfor, kaliý, kalsiý saklanýar. Şibit iýmit siňdiriş ýollaryny gowulandyrýar. Şibir gan basyşyňy kadalaşdyrýar we görüş organlaryň işini güýçlendirýär.

   Ýaşyl nohut A,B,C,PP witaminlerine , belok we iýmit maddalaryna örän baý, şeýle hem, mis, sink, kaliý, fosfor, demir, kalsiý,kobalt bar. Nohut ýürek agyrylarynyň, düwnük keseliniň, gipertoniýanyň, süýji keseliniň öňüni almaga we bedeni ýaşartmaga kömek edýär.

   Melissa – bu ösümlikde B,Cwitaminleri , demir, karotin, kaliý, magniý, kalsiý, marganes, mis, sink, hrom bar. Nerw ulgamynyň işini sazlamakda, ukyny gowlandyrmakda, ýüregiň we aşgazanyň işleýşin kadalaşdyrmakda ähmiýeti uludyr. Melissa diş agyryny we gögermeleri aýyrmakda hem ulanylýar.

   Erik özboluşly tagamly sagdyn miwedir. Erik B,A,C , H, P,E, fosfor, bor, marganes, ýog we kaliý witaminleriniň çeşmesidir. Erik bedenden toksinleri çykarmakda , gemoglobiniň derejesini ýokarlandyrmakda, içegäniň hereketlerini ýokarlandyrmakda, wiruslara we ýokançlara garşy göreşmekde uly kömek edýär.

   Gyzyl smorodina süýji we turşy tagamly köpler tarapyndan söýlüp iýilýän miwedir.Onuň düzüminde A,C,E witaminlerini we köp sanly minerallary öz içine alýar. Wirus kesellerinde köplenç çişmä garşy serişde hökmünde dikeldişi çaltlandyrmak, agyrydan we gyzzyrmadan dynmak  üçin ulanylýar. Şeýle hem ýürek bulanmagy azaltmaga, çişleri aýyrmaga , ýürek myşsasynyň işleýşine öňyn täsir edýär.

AÝJEMAL ORAZOWA
TÜRKMEN OBA HOJALYK INSTITUTYNYŇ TALYBY