logo

Latest news:
✦ Türkmen ilçisi Gazagystanyň Atçylyk sporty federasiýasynyň prezidenti bilen duşuşdy ✦ ✦ Merkezi Aziýa hyzmatdaşlyk meýdançasy ✦ ✦ Sebit ähmiýetli şäher ✦ ✦ Ýokary derejedäki hyzmatdaşlyk ✦ ✦ Türkmen türgenleri ýylyň ilkinji alty aýynda 415 medala mynasyp boldular ✦ ✦ Döredijilik dünýäsine syýahat ✦ ✦ Türkmen-amerikan hyzmatdaşlygy işjeň häsiýetde ✦ ✦ Okuwa kabul etmegiň täze meýilnamasy we tertibi tassyklanyldy ✦ ✦ Şweýsariýanyň wekilleri Döwlet energetika institutynda boldular ✦ ✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦
Home / Poetry /ITBURUN
  06.03.2020
4331
ITBURUN

     Itburun Bäherden etrabynda ýerleşýän Köpetdagyň jülgelerinde, eňňitlerinde, çeşmeleriniň boýlarynda köp duş gelýän gyrymsy ösümlikdir. Itburun bägüller maşgalasyna degişli bolup, onuň boýy 1,5-2,0 metre ýetýän ýabany ösýän ösümlikleriň bir görnüşidir. Gülleýän döwründe onuň özüne çekiji örän owadan gülleri bolany üçin ony seýilgählerde, howlularda we köçeleriň ugurlarynda köp ekýärler. Itburun adaty bägüller ýaly, baglarda ösdürilip ýetişdirilýär. Emma bägüllere garanyňda itburun ynjyk bolmaýar, oňa seretmek has ýeňil bolýar. Olar tebigy köpelip hem bilýär. Itburunyň şahalary ýylda bir gezek ýaz aýlarynyň başyna gyrkylýar. Itburunyň miwesi - ýumurtga şekilli, togalak ýa-da şar görnüşli, etlek (uzynlygy 1-2 sm), bişende mämişi-gyzyl ýa-da gyrmyzy reňkli bolýar. Bir miwesiniň agramy - 1,7-3,2 grama barabardyr. Ol maý-iýun aýlarynda gülleýär, iýul-sentýabrda miweleýär.

      Itburun witaminlere baýdyr. Onuň miwesiniň düzüminde adamyň saglygy üçin gerekli köp mukdarda witaminler saklanýar. Miweleriniň düzüminde B, K, P toparynyň witaminleri, karotin, şeker, aşgarlaýjy maddalar, mikroelementler, onuň çigidinde E witamini hem bardyr. Şonuň üçin itburuna “witaminleriň sandygy” hem diýýärler. Ondan alynýan dermanlyk maddalar adamyň içki organlarynda döreýän keselleriň köpüsini bejermek üçin ulanylýar. Onuň gül ýapraklaryndan mürepbe taýýarlanylýar.

         Itburunyň miwesi adam bedeni üçin 1gije-gündüzlik gerek bolan C witamini (askorbin turşusyny) üpjün edýär. Bu ajaýyp witamin bize diňe ýokançlygy ýeňmek üçin gerek bolman, eýsem gan basyşy peseltmek, madda çalşygyny kadalaşdyrmak üçin hem zerurdyr. Ajaýyp derman ösümliginiň düzümindäki flawonoidler hem bedeni goramakda uly ähmiýete eýedir. Olar damarlaryň ýagdaýyny we ýüregiň işini gowulaşdyrýar.

       Itburun çaýyny az-azdan arakesmeli içýän adamlaryň ksellere garşy durnuklygy, işe bolan ukyplygy artýar. Kelleagyryda şekeriň deregine itburunyň ekstrakty garylan çaý içilse örän peýdalydyr.

         Itburuny ulanmak bilen biz saglygymyzy dikeldýäris, keselleriň öňüni alýarys. Munuň ähmiýetine düşünmek we ýakynlarmyza düşündirmek saglygyň girewidir!