Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Dekabr aýynda geçirilmegi meýilleşdirilýän çäreler ✦ ✦ Ýurdumyzda Turkiýanyň eksport harytlarynyň sergisi geçiriler ✦ ✦ Maşgala terbiýesiniň orny we ähmiýeti ✦ ✦ Oba hojalyk ekinleriniň täze sortlary hasyllylygyň kepili ✦ ✦ Magtymguly Pyragy medeni-seýilgähindäki şahsyýetler: Saýido Nasafi ✦ ✦ Türkmen oba hojalyk instituty bilim we ylmyň baglanyşygyny berkitýär ✦ ✦ Täze okuw kitabynyň neşiri bilim ulgamyna uly goşantdyr ✦ ✦ Türkmen milli gymmatlyklary täze okuw kitabynda orun alýar ✦ ✦ Türkmeniň goşa ganaty ✦ ✦ Ýaşlar baýragy ― ýaşlygyň serpaýy ✦
Baş sahypa / Medeniýet /Injirli gala
  20.02.2022
404
Injirli gala

Türkmen halky garaşsyzlygyny alaly bäri medeni mirasyny, gadymy hem şöhratly taryhyny öwrenmäge giň mümkinçilikler döredildi. Bu gün ýurdumyzyň çägindäki baý taryhymyzdan söhbet açýan taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek boýunça alnyp barylýan işler hem bu ugurda uly ähmiýete eýe bolup durýar. Ahal welaýatynyň çäginde-de şu günlerimize çenli saklanyp galan taryhy ýadygärlikler, şol sanda gadymy galalar, kerwensaraýlar sanardan kän. Şeýle täsin ýadygärlikleriň biri-de “Köne Sarahs” taryhy –medeni döwlet goraghanasyna degişli bolan Injirli galadyr.

“Köne Sarahs” taryhy-medeni döwlet goraghanasynyň çäginde ýerleşýän injirli gala hem-de beýleki taryhy ýadygärliklere häli-şindi ýaşlar üçin syýahatlar gurulýar. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Sarahs etrap Geňeşi bilen bilelikde guralýan şeýle syýahatlarynyň barşynda ýaşlara ýadygärlikleriň taryhy baradaky gyzykly gürrüňler berilýär. Munuň özi ýaşlaryň baý geçmişimize bolan buýsanjynyň artmagynda onuň häsiýete eýe bolup durýar.  

IX-XII asyra degişli bu taryhy gala barmasy kyn bolan daglyk ýerde ýerleşýär. Ol kuwwatly orta asyr galasydyr. Injirli gala gündogardan günbatara tarap ýaýylyp, gaýanyň tebigy ýagdaýyndan ussatlyk bilen peýdalanylyp gurlupdyr. Galanyň ähli tarapy çukur jar, dag kertleri bilen gurşalypdyr.

Injirli galanyň daşky diwarlary tebigy dag daşlary bilen örtülipdir. Onuň içinde 3 gektardan gowrak meýdanda ýasy dag daşlaryndan salnan, tertipsiz ýerleşen ululy-kiçili jaýlar bar. Jaýlaryň aglabasy bir otaglydyr. Olaryň gapdalyndan çaklaň howlujyklar bolup, aralaryny darajyk köçeler kesip geçýär. Gurluşyk işlerinde diňe  dag daşlary peýdalanylypdyr. Jaýlaryň gapylarynyň we penjireleriniň üsti hem ýasy uzyn daşlar bilen örtülipdir. Bu galanyň ýeke-täk girelgesi bolup, ol demirgazyk-günbatarynda ýerleşipdir. Onuň iki tarap diwary daşdan berkidilipdir:

         Galanyň demirgazyk-gündogar tarapyndaky suw desgalary- bendiň galyndylary, berk diwarlary, metjit, golaýdaky jülgäniň düýbündäki öňi bentli çeşme, gonamçylyk hem bu ýerde ilatyň hemişelik ýaşandygyna şaýatlyk edýär.

         Galanyň ini 74 metre, uzynlygy 420 metre, tutýan meýdany 3629 inedördül metre, gorag meýdany bolsa 3,6 gektara deňdir. Galanyň gündogar böleginde dörtburçluk görnüşde metjit gurlupdyr. Metjidiň ortasynda ýerleşen dört sütüni arkaly onuň ähli tutýan meýdany deň bölekleriň 9-syna bölünipdir.

         Gala senesi boýunça ösen orta asyra degişli bolup, ylmy-gözleg işleriniň dowamynda bu ýerden XV asyra degişli küýzegärçilik önümleri hem tapyldy. Bu bolsa has giçki döwürlerde hem galada ýaşaýşyň dowam edendigini subut edýär.