logo

Latest news:
✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦ ✦ Türkmenistanyň oba hojalygynda önümçilik kuwwaty yzygiderli ýokarlanýar ✦ ✦ Türkmenistan GDA ýurtlaryna pomidor eksport etmekde öňdebaryjy orun eýeleýär ✦ ✦ Duşenbe şäherinde Halk Maslahatynyň öňde boljak mejlisine bagyşlanyp maslahat geçirildi ✦ ✦ “IWISE Global Final London 2026” halkara bäsleşiginde Türkmenistanyň mekdep okuwçylary uly üstünlik gazandylar ✦ ✦ Ahalda “Ýigit” pomidor we paprika önümçiligini giňeldýär ✦ ✦ Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy we Halk Maslahaty: Berkarar döwletiň beýik geljegine tarap ✦ ✦ Ahal miweleri «Erem» brendi bilen dünýä bazaryna çykýar ✦ ✦ Ahal welaýatynda senagat önümleri daşary ýurt bazarlarynyň ünsüni çekýär ✦
Home / In the world /Hytaýly alymlar Ýeriň çuňlugyna tarap 10 müň metrlik çukur gazmaga başladylar!
  06.06.2023
1011
Hytaýly alymlar Ýeriň çuňlugyna tarap 10 müň metrlik çukur gazmaga başladylar!

Dünýäde ykdysadyýeti boýunça ikinji ýerde durýan döwlet bolan Hytaý, planetanyň üstki gatlagyndan Ýer gabygynyň çuňlugyna tarap 10 müň metrlik çukur burawlap gazmaga başlady. 

Burawlaýyş işleri ýurduň iň çuň buraw guýusy bolan Sinszýan sebitinde başlandy. Şol bir wagtyň özünde hem Hytaý ilkinji raýat kosmonawtyny Gobi çölünden kosmosa iberdi. Hytaý metbugaty bu taslamanyň Ýeriň iň çuň sebitlerini öwrenmek üçin amala aşyrylýandygyny habar berýär. Göz öňünde tutulýan çukuryň ondan gowrak kontinental ýa-da gaýa gatlagyna aralaşyp, ýer gabygynyň 145 million ýyllyk galyndylary öz içine alýan Kretos ulgamynyň çäginden çykjakdygy aýdylýar.

Alymlar bu çukurdan energiýa çeşmelerini we baý minerallary ýüze çykarmak şeýle-de Ýeriň çuň düzümini öwrenmek üçin ulanarlar. Mundan başga-da gazyljak çukur ýer titremesi we wulkan atmagy ýaly daşky gurşaw betbagtçylyklarynyň töwekgelçiligini bahalandyrmak üçin hem ulanylar.

Burawlaýyş işlerinde peýdalanyljak desganyň agyrlygy 2000 tonna, çukuryň umumy  çuňlugy bolsa 11,100 metre ýeter. Buraw işleri 457 gün dowam eder. 

 

Meýlis BABAÝEW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.