Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ “Azerbaýjan – Türkmenistan – Özbegistan” formatynda üçtaraplaýyn duşuşyk geçirildi ✦ ✦ “Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin” atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady ✦ ✦ Ýaşlar Forumy – geljege barýan ýol! ✦ ✦ 12-nji awgust - Hazar deňziniň güni! ✦ ✦ Hereketleriň maksatnamalaryny milli syýasatlara ornaşdyrmagyň strategiýalary işlenilýär ✦ ✦ Durnukly ösüş maksatlarynyň 16-njy maksadyny durmuşa geçirmäge ýardam bermek boýunça ugurdaş çäreler geçirildi ✦ ✦ Awaza 2025: Parlament forumy ✦ ✦ Awaza 2025: Hususy pudagyň forumy ✦ ✦ LLDC ýurtlar boýunça BMG-niň 3-nji maslahaty dünýä metbugatynda ✦ ✦ Awazada medeniýet we sungat ussatlarynyň dabaraly konserti geçirildi ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /Howanyň üýtgemegi boýunça 7-nji Merkezi Aziýa maslahaty geçirildi
  15.05.2025
329
Howanyň üýtgemegi boýunça 7-nji Merkezi Aziýa maslahaty geçirildi

Maý aýynyň 14-ne Aşgabat şäherindäki “Ýyldyz” myhmanhanasynda Howanyň üýtgemegi boýunça 7-nji Merkezi Aziýa maslahaty öz işini tamamlady. Iki gün dowam eden çärä Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşky gurşawy goramak boýunça döwlet edaralarynyň, Bütindünýä bankynyň, BMG-niň degişli guramalarynyň wekilleri we halkara bilermenleri gatnaşdy. Maslahat sebitiň howa bilen bagly howplaryna bilelikde we utgaşykly çemeleşmeleri ara alyp maslahatlaşmak üçin platforma boldy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

 

Maslahatyň ikinji gününiň esasy mowzuklarynyň biri serhetüsti landşaftlary dikeltmek we ýerleriň zaýalanmagyna garşy göreşmek boldy. Gatnaşyjylar tokaý zolaklaryny dikeltmek, tebigaty goramak boýunça innowasion çözgütleri hem-de sanly tehnologiýalary ulanmakda milli tejribeleri paýlaşdylar.

 

Çäräniň dowamynda howanyň üýtgemegine garşy göreşde sebitde hyzmatdaşlygyň we utgaşykly çäreleriň zerurdygy nygtaldy. Tematiki bölümler gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri, howa şertlerine uýgunlaşmak we halkara borçnamalaryň ýerine ýetirilmegi ýaly ugurlary öz içine aldy. Şeýle hem 2026-njy ýylda Gazagystanda geçiriljek sebitleýin Howa Sammitine we BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 30-njy maslahatyna (COP30) görülýän taýýarlyklar ara alnyp maslahatlaşyldy.

 

Maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň tokaý zolaklaryny döretmek, ýerleriň meliorasiýasy, çölleşmä garşy göreşmek hem-de Aral deňzini halas etmek boýunça döwlet derejesindäki netijeli ekologiýa syýasaty aýratyn bellenildi. Şeýle hem “Gök zolak” taslamasynyň çäklerinde ýurdumyzda her ýyl millionlarça agaç nahallarynyň ekilýändigi nygtaldy.

 

Maslahat, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň howanyň üýtgemegi bilen bagly meselelere gatnaşygynda umumy garaýşa eýedigini we maslahatlaşmalardan amaly ädimlere geçmäge taýýardygyny görkezdi. Sebitde howa bilen bagly gün tertibini düzmek we geljekki halkara forumlara taýýarlyk işleri dowam edýär.

 

CACCC-2025 maslahaty, sebitiň howa bilen bagly meselelerinde uzak möhletleýin durnukly çözgütleri tapmak, degişli maksatnamalary kabul etmek we zerur maliýe hem-de syýasy goldawy çekmek üçin möhüm meýdança hökmünde çykyş etdi.

 

Aziza KULIÝEWA,

Türkmenistanyň Telekommunikasiýa we Informatika
institutynyň Elektrotehnika we Elektronika kafedrasynyň
mugallymy.