logo

Latest news:
✦ Gahryman Arkadagymyz ýaşlar üçin umumy okuw sapagyny geçdi ✦ ✦ Türkiýe Respublikasy ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygyny goldamagy dowam etdirer ✦ ✦ Türkmenistanyň bilim ministri Koreýanyň ilçisi bilen duşuşdy ✦ ✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦ ✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦
Home / Politics /Hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary ösdürilýär
  09.04.2024
754
Hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary ösdürilýär

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe dana pederlerimiziň parahatçylyk söýüjilik taglymaty üstünlikli amala aşyrylýar. Bu günki gün abadan ilimiz dünýä ýüzüne ýaň salýan ajaýyp özgerişleriň mekanynda ýaşaýar. Türkmen halky hoşniýetlilik, dost-doganlyk ýörelgeleri arkaly ösüşli menzilleri külterleýär. Biziň hemişelik Bitarap döwletimiziň daşary syýasatynyň özenini düzýän şeýle hoşmeýilli gatnaşyklar dünýäde durnuklylygy we parahatçylygy berkarar etmeklige gönükdirilendir. Türkmenistanyň bu hoşniýetli daşary syýasaty dünýäde giň goldawa eýe bolýar.   

 

Häzirki ajaýyp döwrümizde halklaryň arasyndaky hoşniýetli gatnaşyklary ösdürmäge Türkmenistanyň goşýan goşandy örän guwandyryjydyr. Bu ugurdan ýurdumyzyň medeniýet diplomatiýasy, ulag diplomatiýasy, ekologiýa diplomatiýasy hem-de energetika diplomatiýasy barha rowaçlanýar. Ol ugurlaryň milli kanunçylyk we halkara-hukuk binýady yzygiderli berkidilýär.   

 

Ata Watanymyz döwletara derejede oňyn gatnaşyklary ösdürmek bilen, köptaraplaýyn görnüşde netijeli gatnaşyklara üýtgewsiz ygrarlydygyny subut edýär. Türkmenistan bu günki gün dünýäniň 151 döwleti bilen diplomatik gatnaşyklary alyp barýar, abraýly halkara guramalarynyň 49-nyň agzasy bolup durýar. Ýurdumyz halkara derejesinde hoşniýetli, ynsanperwer, dost-doganlyga ygrarlylyk ýörelgelerine berk eýermek bilen dünýä we umumadamzat bähbitli işlere uly goşant goşýandygyny aýdyň äşgär edýär.   

 

Suhrabjan Polatbaýew,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň
1-nji ýyl talyby.