Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ «Arkadag» futbol kluby Türkmenistanyň Kubogyny gazandy ✦ ✦ Agrobiotehnologiýa ugrunda halkara okuw sapary geçirildi ✦ ✦ Türkmenistan bilen Özbegistanyň farm-tehnologiýalar ulgamynda strategik hyzmatdaşlygy ✦ ✦ Bilim ulgamynda sanly we innowasion tehnologiýalara bagyşlanan festiwal geçirildi. ✦ ✦ Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda taryhy özgertmeler amala aşyryldy ✦ ✦ Energetika we ulag boýunça möhüm Kararnamalar kabul edildi ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiz Täze ýyl dabaralaryna gatnaşdy ✦ ✦ Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklaryň häzirki derejesi hoşallyk döredýär ✦ ✦ Türkmen talyby «GDA-nyň iň gowy talyby» diýen ada mynasyp boldy ✦ ✦ Ykdysadyýet ulgamynda ýetilen üstünlikler ✦
Baş sahypa / Gyzykly /Hindi halkynyň milli lybasy sariler barada
  20.03.2023
1783
Hindi halkynyň milli lybasy sariler barada

Her bir halkyň öz milli nyşanlary bolýar. Hindi halky üçin şeýle nyşanlaryň biri hem hindi aýal-gyzlarynyň lybasy saridir. Bu lybas hindi halkynyň milli buýsanjyň, medeni mirasyň we baýlygyň bir bölegi hasaplanylýar.

Ilki başda hindi sarisi siwilizasiýa döwründe ýüze çykyp, ony ilki Nil derýasynyň ruhanylara geýmek üçin niýetlenipdi. Terjimede «sari» ýa-da «sati» sözi uzyn matany aňladýar. Sari matasy 4-5 metrden tä 12 metre çenli hem uzynlygynda bolup bilýär. Ruhanylar kitabynda diňe bir aýallaryň däl, eýsem erkekleriň hem sari geýýändigi barada aýdylýar. Soň-soňlar tansçylar tans edende matany aýaklarynyň arasyna tutup ulanypdyrlar. Käbir alymlaryň pikirine görä sariniň ilkinji adamlaryň eşikdigine ynanypdyrlar.

Rowaýatlara görä, bir ýaş dokmaçy ýigit bir gyza aşyk bolupdyr we stanogyň başynda işläp oturan wagty söýgüli gyzy hakda arzuw edipdir. Şeýlelik bilen, ol pikire batyp uzyn bir matany dokapdyr we söýgülisine beripdir. Gyz özüni sari bilen örtdi we şeýdip sari emele geldi.

Sari zenan eşigi modaçylaryň arasynda uly meşhurlyga eýedir. Özüniň owadanlygy bilen ünsi özüne çekýän we haýrana galdyrýan hindi sari geýnen aýal-gyzlary köpçülikde duş gelmek bolar.   

Sari matalar özüniň owadan dürli reňkliligi bilen tapawutlanyp, ol reňkler hem aýalyň emlägini, maşgala ýagdaýyny we sosial ýagdaýyny kesgitlemek mümkindir. Hindistanda her bir reňk haýsydyr bir aýratynlygy aňladýar. Ýagny, gyzyl - gülläp ösmegiň reňkidir, bu reňki köplenç toý dabaralarda geýilýär. Sary hasyllylygyň nyşanydyr. Bu reňk eneler çaga dünýä inenden soň geýýärler. Mämişi gowy getirýän reňkdir. Dul aýallar bolsa ak sarileri geýýär. Mawy sarileri aşaky gatlakdaky aýallar geýýändirler, şeýle hem sarilerde ulanylan nagyşlar aýallar hakda hemme zady aýdyp biler.

Sari geýmek ukyby ajaýyp sungatdyr. Gyzlar muny çagalykdan öwrenýärler. Geýinmegiň on bäş töweregi usuly bar. Sari geýeniňde, gyz saç gysgyçlaryny we gysgyçlaryny ulanmaly däldir. Ilki bilen «çoli» diýilýän gysga berk aşaky bluzka geýýärler. Soňra kanwadan dokalan ýubka, soňra bolsa üstünde sari bilen örtülýändir.   

 

Bahar GUWANJOWA,

S.A.Nyýazow adyndaky 
Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň 
Türkmenabat agrosenagat orta hünär 
okuw mekdebiniň talyby.