logo

Latest news:
✦ Türgenlerimiz XX tomusky Aziýa oýunlaryna gatnaşýarlar ✦ ✦ Türkmen oba hojalyk institutynda Ozon gatlagyny goramagyň halkara gününe bagyşlanan çäre geçirildi ✦ ✦ Paýtagtymyzda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň maslahaty geçirildi ✦ ✦ Daşary işler ministriniň orunbasary Ýewropa Bileleşiginiň ilçisi bilen duşuşdy ✦ ✦ Seulda ilkinji «Merkezi Aziýa - Koreýa Respublikasy» sammiti geçirildi ✦ ✦ “Tejenkarbamid” zawodynyň netijeli işledilmegi “Türkmenhimiýa” döwlet konsernine tabşyryldy ✦ ✦ Türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebinde dabaraly maslahat geçirildi ✦ ✦ Garaşsyzlygyň gymmaty ✦ ✦ Garaşsyzlyk — Watanymyzyň ganaty ✦ ✦ Geňeşli il — döwletli il ✦
Home / Technology /Hemişe howada durup bilýän dronlar gelýär!
  13.01.2023
1175
Hemişe howada durup bilýän dronlar gelýär!

Teh­no­lo­gi­ýa­nyň bar­ha kä­mil­leş­ýän döw­rün­de döw­re­bap uçar­lar di­ňe ýo­lag­çy gat­nat­mak üçin däl, eý­sem, baş­ga-da dür­li mak­sat­lar üçin peý­da­la­nyl­ýar. Adaty uçar­lar adam ta­ra­pyn­dan do­lan­dy­ryl­ýan bol­sa, hä­zir­ki wagt­da uzak­dan do­lan­dy­ryl­ýan dür­li ulu­lyk­da­ky uç­ýan en­jam­lar hem az däl. O di­ýen uly bol­ma­dyk uç­ýan en­jam­la­ra dron di­ýil­ýär.

Dronlar esa­san, gu­şu­çar be­lent­lik­den Ýer ýü­zü­niň su­ra­ty­ny al­mak, ýol he­re­ke­ti­ni ka­da­laş­dyr­mak, ki­çi göw­rüm­li ha­ryt­la­ry da­şa­mak, oba ho­ja­ly­gyn­da ekin ek­mek ýa-da der­man sep­mek ýa­ly iş­ler­de peý­da­la­nyl­ýar. Soň­ky ýyl­lar­da bol­sa bu en­jam­lar gi­je­si­ne dür­li yşyk­ly şü­we­leň­le­ri gur­a­mak üçin hem ula­ny­lyp baş­lan­dy. Şeý­le dron­lar ýö­ri­te komp­ýu­ter prog­ram­ma­la­ry ar­ka­ly öza­ra «dü­şü­ni­şip», saz­la­şyk­ly iş­le­ýär­ler.

Ma­ha­bat, tä­ze ha­ry­dyň ta­nyş­dy­ry­ly­şy ýa-da bel­li se­ne­le­rde we baý­ram­çy­lyk­lar­da dür­li şü­we­leň­le­ri ge­çir­mek mak­sa­dy bi­len hem ula­nyl­ýan bu en­jam­lar eme­li aň teh­no­lo­gi­ýa­syn­da iş­le­ýär. Adat­ça LED yşyk­lan­dy­ry­jy in­di­ka­tor en­jam­la­ry bi­len üp­jün edi­len dron­la­ryň aja­ýyp şü­we­le­ňi, esa­sa­nam, gi­je­le­ri­ne ge­çi­ril­ýär. Dron­lar ho­wa­da saz­la­şyk­ly he­re­ket ar­ka­ly dür­li şe­kil­le­ri eme­le ge­ti­rip bil­ýän­di­gi se­bäp­li, kä­ha­lat­da fe­ýer­werk­le­riň ýe­ri­ne hem ula­nyl­ýar.

Ýakyn geljekde, Hytaýyň Demirgazyk-Günbatar Politehniki Uniwersitetiniň (NPU) alymlary dronlary asmanda hemişelik uçurmagyň ýollaryny gözleýärler. Gözlegçiler dronlaryň howada hemişelik galmagyny üpjün etmek üçin lazer tehnologiýasy bilen enjamlaşdyrdylar. Şeýlelikde, ýokary okuw jaýynyň alymlary howada hemişe durup bilýän dronlary döretmäge bir ädim ýakynlaşdylar. 

 

Maksat KAZAKOW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.