logo

Latest news:
✦ Paýtagtymyzda Garaşsyzlygyň 35 ýyllygyna bagyşlanan baýramçylyk konserti geçirildi ✦ ✦ Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk baýramy mynasybetli 1054 raýatyň günäsi geçildi ✦ ✦ Daşary ýurtlarda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanan çäreler geçirildi ✦ ✦ Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy ✦ ✦ Ýurt Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygy ✦ ✦ Daşary işler ministrliginde Gruziýanyň Adalatçysy bilen duşuşyk geçirildi ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleri ✦ ✦ Diplomatiýa — hem ylym, hem sungat ✦ ✦ Terbiýeçilik mekdebi ✦ ✦ Ýaş nesliň kämilligi ugrunda ✦
Home / Interesting /Häzirki wagtda dünýäde iň ýokary IQ derejesi kime degişli?
  30.05.2023
1682
Häzirki wagtda dünýäde iň ýokary IQ derejesi kime degişli?

Häzirki wagtda adamyň akyl derejesini ölçemek üçin akyl paýy ýa-da IQ derejesi ulanylýar. Ortaça adamlar bu synagda adatça 100 bal alýarlar. Emma IQ-sy ýokary bolan adamlar has ýokary bala çenli ýetip bilýärler.

Elbetde, akyl-paýhasa baha bermekligiň özü-de gaty kyn mesele. Şonuň üçin IQ synaglarynyň netijeleri medeni tapawutlar we beýleki faktorlar sebäpli belli bir derejede şübhe bilen kabul edilmelidir.

Şeýle hem, IQ ölçeg birligi däl. Ýagny, IQ-sy 130 bal bolan adam IQ-sy 100 bal bolan adamdan 30% akylly diýildigi däldir. Şeýle hem synaglaryň üýtgemegi sebäpli dürli döwürlerde alnan netijeleri deňeşdirmek hem kyn.

Häzirki wagtda tutuş dünýä ýüzünde IQ derejesi iň ýokary bolan adam Terens Tao hasaplanýar we ol şol bir wagtda dünýäniň iň akylly adamy hem bolup durýar. Ol bu babatda 225 bilen 230 aralygynda bal gazanyp bildi. Şeýle hem Ginnesiň rekordlar kitabynda 228 bal gazanan Merilin Wos Sawant bardy. Emma bu ýazgy 1990-njy ýylda bozuldy we IQ çaklamalary soňra gaty ygtybarly hasaplandy.

Ikinji ýerde Kristofer Hirata durýar, onuň baly 225-e deň.

Bu ugurda taryhyň iň akylly adamlaryndan William Jeýms Sidis, Ada Lawleýs, Kristofer Maýkl Langan, Albert Eýnşteýn, Leonardo da Winçi, Şo Ýano, Ketrin Jonson, Stiwen Hoking ýaly şahsyýetleri görkezmek bolar. 

 

Täzegül HOJAÝEWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň 2-nji ýyl talyby.