logo

Latest news:
✦ Tejen etrabynda 320 orunlyk täze çagalar bagy açyldy ✦ ✦ Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda 960 orunlyk täze orta mekdep ulanmaga berildi ✦ ✦ Ahal welaýaty boýunça şu ýyl 195 müň gektar meýdanda güýzlük bugdaý ekiler ✦ ✦ Niderlandlar Patyşalygynda ahalteke bedewlerine bagyşlanan halkara maslahat geçirildi ✦ ✦ Wenraý şäherinde «Atda wepa-da bar, sapa-da» eseriniň niderland dilindäki neşiri tanyşdyryldy ✦ ✦ Niderlandlar Patyşalygynda ahalteke bedewleriniň dünýä çempionaty geçirildi ✦ ✦ TÜRKMENIŇ BUÝSANJY ✦ ✦ Oktýabr aýynda «Awazada» birnäçe halkara forumlar geçiriler ✦ ✦ Türkmen-niderland hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşyldy ✦ ✦ Bagşyçylyk sungatynyň ägirdi ✦
Home / Interesting /Häzirki güne çenli gelip ýeten iň köne şäher haýsy?!
  05.06.2023
1496
Häzirki güne çenli gelip ýeten iň köne şäher haýsy?!

Döredilen gününden bäri häzirki wagta çenli gelip ýeten Jericho şäheri hasaplanylýar. Bu şäher henizem aýakda duran iň gadymy şäher hasaplanýar. Arheologiki subutnamalar bu şäherde ýüzlerçe taýpalaryň ýaşandygyny görkezýär. Şäher takmynan miladydan öňki 9000-nji ýylda gurlupdyr.

Gadymy şäher häzirki şäher merkezinden (Palestina) takmynan 2 km demirgazykda ýerleşýär we «Tell es-Soltan» ady bilen bellidir. Taryh boýunça şäherde hemişelik oturymly ýeriň bardygy ýa-da ýokdugy baradaky käbir jedeller bar bolsa-da, onuň dünýäniň iň gadymy şäherlerinden biridigi bellidir.

Damask ozal iň gadymy şäher hasaplanýardy we arheologiki galyndylar adamlaryň miladydan öňki 9000-nji ýyllarda bu sebitde bolandygyny görkezýär. Şeýle-de bolsa, häzirki gözlegleriň netijesinde ýüze çykan bir pikir, takmynan 6000 ýyl soň häzirki Damaskda adamlaryň hemişelik mesgen tutmandygyny subut edýär.

Ýene bir iň köne şäher Halap bolup biler. Arheologiki galyndylar Halapyň miladydan öňki altynjy müňýyllykdan bäri hemişelik mesgen tutulan şäherdigini görkezýär. Şäher hakykatdanam XII asyrdan XV asyryň başlaryna çenli Ýüpek ýolunyň altyn asyrynda gülläp ösüpdir.

Şeýle hem iň gadymy şäher hökmünde Müsüriň Faýýum şäherini hem agzap geçmek bolar. Ilkibaşda gadymy müsürliler tarapyndan Şetet diýip esaslandyrylan bu şäher, grekler tarapyndan «Krokodilopolis» (Krokodil şäheri) diýlip atlandyrylypdyr. Häzirki zaman paýtagty Kairiň takmynan 130 km günorta-günbatarynda ýerleşýän arheologiki galyndylar şäheriň golaýynda adamlaryň takmynan miladydan öňki 5500-nji ýyldan bäri ýaşap gelendigini görkezýär, bu Müsüriň iň köne şäheri we Afrikanyň iň gadymy şäherleriniň biridir. 

 

Hydyr GOÇGULYÝEW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.