logo

Latest news:
✦ Türkmen-hytaý hyzmatdaşlygy ösdürilýär ✦ ✦ “Tashkent Water Week 2026” atly halkara forum geçiriler ✦ ✦ «EKSPO–2027» Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine taýýarlyk görülýär ✦ ✦ «Ak şäherim Aşgabat 2026 (WCA 2026)» atly halkara sergisine taýýarlyk görülýär ✦ ✦ Sanly tehnologiýalar bilim ulgamyny ösdürýär ✦ ✦ TOHU-da «Suhangöýlük, dilewarlyk we söz sungaty» barada açyk sapak geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyñ Prezidenti “Iş kesilenleriň mukaddes Gadyr gijesi mynasybetli günäsini geçmek hakynda” Permana gol çekdi ✦ ✦ «Merkezi Aziýa sebitiniň ýaşlar diplomatiýasy: başlangyçlardan bilelikdäki ädimlere» atly duşuşyk geçirildi ✦ ✦ Ösüşiň syýasy binýady ✦ ✦ Aşgabatda Yrak Respublikasynyň Ilçihanasy öz işine başlady ✦
Home / Agriculture /Haşal otlary arassalamakda asyrlardan bäri ulanylýan tejribeler
  19.05.2025
645
Haşal otlary arassalamakda asyrlardan bäri ulanylýan tejribeler

Türkmenistanyň oba hojalygynda ekin meýdanlaryny haşal otlardan arassalamak daýhanyň iň möhüm we zähmet talap edýän işleriniň biridir. Bu iş diňe bir hasylyň mukdaryny däl, eýsem onuň hilini hem kesgitleýär. Häzirki zaman tehnologiýalarynyň ösdürilmegi bilen bir hatarda, halk arasynda asyrlardan bäri ulanylýan tejribeli, tebigy we ekologik taýdan howpsuz usullar hem giňden peýdalanylýar. Bu usullar, esasan, ýerli howa şertlerine, toprak gurluşyna we ösümlikleriň özboluşly aýratynlyklaryna daýanýar.


Käbir ekinleriň tebigy aýratynlygy olaryň öz ýanyndaky haşal otlary köreldip ýa-da doly ýok edip bilmegi bilen tapawutlanýar. Mysal üçin, bugdaý we ýorunja ýaly ösümlikler, ekilen meýdanda haşal otlaryň ösmegine päsgelçilik döredýär. Bu ösümlikler bilen örtülen meýdanlarda tomus aýlarynda howanyň aşa gyzgynlygy haşal otlaryň guramagyna getirýär. Şeýle-de, bugdaý ekilen meýdanyň yzýany ýer sürlende, heniz däneläp ýetişmedik haşal otlaryň hem ýok edilmegine mümkinçilik döredilýär. Şeýle ekinleriň başga bir peýdasy — olar ýaş bag nahallarynyň ösüşini çäklendirip, ýer böleginde baglaryň göçme döwründe zerur bolan boşlugy üpjün edýär.


Türkmen topragynda duş gelýän akbaş, porsyot, buýan, ýandak ýaly köpýyllyk haşal otlara garşy göreşde bolsa, halk arasynda örän täsirli usullar ulanylýar. Tomusda howanyň iň yssy döwründe ekin meýdanlaryny suw bilen basyp suwarmak haşal otlaryň köki arkaly gyzyp, suslap ýa-da doly guramagyna getirýär. Bu usul birnäçe gezek gaýtalansa, şol otlar meýdandan doly ýok bolýar. Bu babatda tebigatyň güýjünden peýdalanmak bilen, himiki serişdeleri ulanmazdan netijeli çözgüt gazanylýar.


Gamyş ýaly gaty durnukly we çalt kök urýan haşal otdan dynmak üçin bolsa, ýer çuňlugyna sürlüp, onuň bogunlary döwülýär. Soňra meýdan gyssagly suwarylanda, bogunlara giren suw olaryň çüýremegine getirýär. Netijede gamyşlaryň täzeden ösmegine ýol berilmeýär.


Garaçaýyr we peçek ýaly haşal otlar medeni ekinleriň ösmegine päsgel berýär. Olaryň köki kän çuň gitmeýändigi sebäpli, kökünden doly köwläp aýyrmak iň netijeli ýol hasap edilýär. Şeýle işleriň geçirilmegi bilen, meýdan hasyllylygy artýar we ekinleriň ösüşi üçin amatly şert döredilýär.


Birýyllyk haşal otlara garşy göreşde ýene-de halk tejribesine daýanýan peýdaly usullar bar. Haşal otlaryň kän duş gelýän ýerlerine ýorunja ekmek, onuň gögereninden soň bolsa, atyza kül sepilmek netijeli çäreleriň biridir. Şeýle-de, peçek bilen bulaşan ýerlerde belli mukdarda duz sepilýär. Haşal otlaryň ýok bolmagy bilen, ýer ýüzüne ýygnanan duz ýuwuş suwlarynyň kömegi bilen arassalanýar. Bu çäre ýerleriň soňky agrotehniki ýagdaýyna zyýan ýetirmezden, haşal otlaryň doly ýok edilmegine getirýär.


Türkmen halkynyň daýhançylykdaky baý tejribesi häzirki döwürde hem öz ähmiýetini ýitirmeýär. Gadymdan gelýän usullar bilen häzirki zaman ylmy tejribeleriň utgaşdyrylmagy oba hojalygynyň durnukly ösüşini üpjün edýär. Tebigata zyýan ýetirmeýän, ýerli şertlere laýyk, täsirli we ykdysady taýdan tygşytly bolan bu usullar ýurdumyzyň ekologiýa taýdan arassa oba hojalygyny ösdürmekde möhüm ähmiýete eýedir.

Ogulgözel Jumakowa,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba
hojalyk uniwersitetiniň talyby.