logo

Latest news:
✦ Gahryman Arkadagymyzyň Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna sapary başlandy ✦ ✦ Döwrebap usullar arkaly iňlis dilini öwretmek ✦ ✦ Ösüşleriň we belent maksatlaryň ýyly ✦ ✦ Iňlis dilini öwrenmegiň netijeli usullary ✦ ✦ Halkara bäsleşigiň jemleri jemlendi ✦ ✦ Iňlis dili — bilim ösüşiniň açary ✦ ✦ Dostlugyň we hyzmatdaşlygyň köprüsi ✦ ✦ Halkara olimpiada — ýaş diplomatlaryň ukyp synagy ✦ ✦ Ýaşlaryň intellektual bäsleşigi ✦ ✦ Halkara gatnaşyklary institutynda halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi ✦
Home / Agriculture /Haşal otlara garşy göreşmek
  16.10.2023
1246
Haşal otlara garşy göreşmek

Haşal otlar bilen göreş usullarynda himiki göreş usulyny ulanmak has ähmiýetlidir. Oba hojalyk ekinleri ösdürip ýetişdirlende, haşal otlar bilen göreşilende öňde goýlan sepgitlere baglylykda himiki çäreler hem giňden ulanylýar. Haşal otlaryň ekin meýdanlaryna düşmegiň öňüni almak himiki göreş çäreleriniň esasy wezipesi bolup durýar.

 

 

Ekiljek tohumyň we ony ýüklenjek gaplary arassalamak;

 

.

Haşal otlaryň tohumlarynyň suwuň, dersiň we beýleki çeşmeleriň (zatlarynyň) üsti bilen meýdana düşmeginiň öňüni almak;

 

 

Ekin meýdanlarynyň töweregindäki we ekindäki haşal otlary entek tohumlanmanka ýok etmek;

 

 

Haşal otlara garşy karantin berjaý etmek;

 

 

Ýok ediji göreş çäreleri – toprakdaky we ekindäki haşal otlaryň wegetatiw organlarynyň hem-de tohumlarynyň ýok etmeklige gönükdirilendir;

 

 

Bu göreş çärelerini işläp düzmek üçin (toprakdaky) haşal otlaryň köpeliş organlary bolan – tohumynyň we wegetatiw organlarynyň toprakda nähili derejededigini; bilmek zerurdyr;

 

 

Ýaşaýşa ýa-da gögermäge ukyby bolan tohumlary we wegetatiw organlary ýok etmek üçin şu aşakdaky usullar ulanylýar:

 

 

öýjükdirme (prowokassiýa) usuly–bu usulda haşal otlaryň gögermegi we ösmegi üçin bilgeşleýin amatly şertler döredilýär, hem-de soňundan şol haşal otlary bejergi usuly bilen gyryp ýok edýärler (boronolamak, çizellemek we sürüm);

 

 

haşal otlaryň tohumlarynyň çuňrak gömülmegini üpçün edýän güýz sürümini ulanýarlar;

 

 

haşal otlaryň wegetatiw (ösüş) organlaryny guratmak usuly;

 

 

köpýyllyk haşal otlaryň kök sistemasyny ysgyndan gaçyrmaga niýetlenen gaçyryjy (horlaýjy) we surnukdyryjy (demikdiriji) usuly;

 

 

baldak kökli haşal otlary meýdandan darap aýyrmak;

 

 

Haşal otlara garşy himiki göreşde ýokary netijelik ähli serişdeler ulanylan ýagdaýynda gazanylyp bilner.

 

Zülfiýa GENJIÝEWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň
Weterinar lukmançylygy fakultetiniň
II ýyl talyby.