logo

Latest news:
✦ Türkmenabatda mugallymçylyk institutynyň täze toplumy açyldy ✦ ✦ Binagärlik-gurluşyk institutynyň täze toplumy ✦ ✦ Türkiýe Respublikasy ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygyny goldamagy dowam etdirer ✦ ✦ Türkmenistanyň bilim ministri Koreýanyň ilçisi bilen duşuşdy ✦ ✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦
Home / Culture /Halynyň taryhy barada
  20.05.2021
905
Halynyň taryhy barada

   Ýagny, irki ýazuw çeşmeleriniň we saklanyp galan taryhy maglumatlaryň bolmazlygy haly dokamaklygyyň nirede we haçan ýüze çykandygy barada anyk bir kesgitli zat aýtmaga esas bermeýär. Halyçylyk bilen meşgullanýan birnäçe halkyýetler bar, olaryň arasynda häzirki wagtda gündogar haly guşakly diýlip atlandyrylýan ýurtlar öňden hem mälimdir. Olar gündogar Ýewropadan başlanyp, Hindistandan we Hytaýdan bürünçden ýasalan haly keseri tapyldy.

      Türkmen halysynyň nagyşlarynyň nusgalaryna b.e.öňki 7-nji asyra degişli edilen käbir zatlar gabat gelýär. Neolit döwrüne degişli keramika böleklerinde şu günlerki halylarda duş gelýän geometriki şekillere meňzeş çyzgylar tapyldy. Şeýle-de ýurduň çäklerinde ýerleşýän köp sanly gadymy arheolagik şäherlerde jaýlaryň diwarlarynda we pollarynda şoňa meňzeş nagyşlar tapyldy. Biziň eýýamymyzdan öňki 7-nji asyra degişli Ýylgynly depede arheologik ýadigärliginde türkmen halylarynyň iň esasy nagyşlarynyň biri “Dagdana” meňzeş şekiller tapyldy. Şu şekillerden görnüşi ýaly bu bezelen nagyşlaryň ýa-da halynyň öň peýda bolandygy barada taryh dymýar. Emma şekiller taryhyň siňip gidendigi we şu günlere çenli üýtgemän gelip ýetendigi welin aýdyň şaýatlyk edýär.

     Türkmen halylary hakynda iň iri ýazuw çeşmesi 8-nji asyrda gündogar Ýewropa, Aziýa syýahat eden Italýan syýahatçysy Marko Polo degişli bolup durýar. Marko Polo türkmen halylary barada ýakymly sözler aýdýar, olaryň “dünýäde iň inçe we owadan ” halydygyny nygtap geçýär. Türkmen halylary nemes flamandlarynyň we Wenesiýanyň suratkeşleriniň işlerinde peýda bolýar. Aýratynam, Golbeýniň çeken Gerg Gisziň meşhur portretinde teke gölli haly aýdyň görünýar. Türkmen halysynyň irki döwürlerden bäri dokalandygyna we onuň dünýä meşhur bolandygyna hiç-hili şübhe ýok.