logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Culture /Halkymyzyň baý edebi mirasy
  05.07.2022
1089
Halkymyzyň baý edebi mirasy

                Bäş müňýyllyk taryhly halkymyzyň baý edebi mirasy milli gymmatlyklary sanardan kändir. Türkmen zenanlary keşde etmegiň inçe tärlerini üme (Durmuşa çykjak gyzyň eşiklerini tikmek üçin gyz-gelinleriň ýygnanyşygy) üsti bilen nesillere geçiripdirler.

Ümede gyz-gelinlerimiz her işiň başyny başlanlarynda yrymlary ýerine ýetiripdirler. Durmuşa çykýan gyzyň kürtesini, çabydyny taýýar edenlerinden soň şol kürtäni atynjak gyzlara bagyşlap ýörite goşgulary hem aýdypdyrlar.

Üme dessurynda hem gyz-gelinlerimiziň ýerine ýetirýän däp-dessurlary bolupdyr. Ol yrym-ynançlar iňňe, sapak sapmak, köýnek biçmek bilen baglanyşykly amala aşyrylypdyr.

Gadymy döwürden dowam edip gelýän bu däp häzirki günlerimizde adynyň üýtgän görnüşinde dowam etdirilýär. Ýagny, geçen asyrlarda «üme» diýlen bolsa, şu günki günlerde «bukja» taýýarlamak diýlip atlandyrylyp, türkmen gyzynyň kürtesiniň taýýarlanylyşynyň aýratyn bir düzgüni bolup, gyz-gelinleriň bilelikde taýýarlamagynda amala aşyrylýar.

Milli medeniýetimiz bu günki gün dünýäde dost-doganlygyň, parahatçylygyň, ynsanperwerligiň ilçisi hökmünde barha pajarlap ösýär. Halk medeniýetini, taryhyny, däp-dessurlaryny çuňňur öwrenmäge giň mümkinçilikleri döredýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun!