logo

Latest news:
✦ Telekeçilik — ykdysadyýetiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ Ýaş telekeçiler ýurduň innowasion geljegi ✦ ✦ «Türk­me­nis­tan — Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi» işe­wür­lik mas­la­ha­ty geçirildi ✦ ✦ Türkmen tebigy gazynyň eksport mümkinçiligi artýar ✦ ✦ Emeli aňda täze döwür: OpenAI AGI ýolunda öňe gitýär ✦ ✦ Türkmen topary «Circus Sea Breeze» sirk toplumynda çykyş etdi ✦ ✦ Ugandanyň Daşary işler boýunça döwlet ministri bilen duşuşyk geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň pawilýonynyň taslamasyny düzmek we gurmak barada halkara bäsleşik yglan edildi ✦ ✦ Türkmen-hytaý hyzmatdaşlygy ösdürilýär ✦ ✦ “Tashkent Water Week 2026” atly halkara forum geçiriler ✦
Home / Culture /Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli Bişkekde medeni çäre guraldy
  13.04.2025
1505
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli Bişkekde medeni çäre guraldy

Döwrüň ruhy häzirki zaman jemgyýetinden diňe ösüşe däl, eýsem, ynsanperwer ýörelgelere hem daýanmagy talap edýär. Parahatçylyk we ynanyşmak ýaly ähmiýetli düşünjeleriň dünýä giňişliginde dabaralanmagy bolsa diňe bir syýasy çäreler arkaly däl, eýsem, ylmy-medeni çäreleriň üsti bilen hem üstünlikli amala aşyrylýar. Muňa mysal edip ýaňy ýakynda Türkmenistanyň Gyrgyz Respublikasyndaky Ilçihanasynyň guramagynda «Manas» Gyrgyz-Türk uniwersitetinde geçirilen çäresi hem hut şu nukdaýnazardan aýratyn ähmiýete eýe boldy.

 

Çäräniň geçirilmegi diňe bir Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly bilen baglanyşykly bolman, eýsem, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy ýaly taryhy senäniň çäklerinde hem guraldy. Bu bolsa ýurdumyzyň halkara derejesindäki syýasy derejesiniň we dost-doganlyga bolan ygrarlylygynyň açyk beýanyna öwrüldi.

 

Ýurdumyzyň halkara guramalar çäginde öňe sürýän başlangyçlary, dünýä ýurtlary bilen hoşniýetli gatnaşyklara üns bermegi, şeýle hem ähli halkara gatnaşyklarda parahatçylygy esas edinmegi bu duşuşygyň esasy temasynyň özenini düzdi.

 

Çäräniň dowamyndaky duşuşykdan soň sergi guraldy hem-de wideoşekilleriň üsti bilen Türkmenistanyň medeni-taryhy mirasynyň ýaş nesle ýetiriliş görnüşi boldy. Her bir fotosurat, her bir şekil, her bir çykyş gatnaşyjylarda diňe bir gyzyklanma däl, eýsem, hormat duýgusyny döretdi diýip, Türkmenistanyň Bişkekdäki diplomatik wekilhanasy habar berdi.

 

Şeýle medeni çäreleriň geçirilmegi ýurdumyzyň alyp barýan syýasaty diňe bir parahatçylygyň dabaralanmagyna däl, eýsem, ynsanperwer gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna hem gönükdirilendigine şaýatlyk edýär. Şeýle çäreleriň ýaşlaryň arasynda geçirilmegi bolsa geljekki ýaşlarda dünýa halkary bilen dostlukly gatnaşyklary gurmaga mümkinçilik döredýär. Sebäbi parahatçylyk diňe geçmişe hormat bilen däl, eýsem, geljegiň ykbalyna ak ýürekden hyzmat etmek bilen mümkin bolýar.

 

Abdykerim KAIPOW,

Türkmen döwlet maliýe institutynyň 
2-nji ýyl talyby.