Metalyň gymmat bahaly diýlip atlandyrylmasy ondan ýasalýan önümiň himiki durnuklylygy ýokary we owadan görnüşe eýe bolanlygy sebäplidir. Altynyň, kümüşiň we arassa platinanyň berkligi we eremek temperaturasy ýokarydyr. Olary eremesi kyn bolan metallaryň toparyna degişli etmek bolar.
Tebigy emele gelýän altyn we kümüş adamzada birnäçe müňýyllyklardan bäri bellidir. Bu barada ir döwürki tapylan taryhy ýasamalardyr, dürli görnüşli şaý-sepler şaýatlyk edýär.
Gymmat bahaly metallaryň çeper bezeg işlerinde peýdalanylyşy türkmenlerde ir wagtdan bäri bellidir. Taryhy ýazgylarda hem gymmat bahaly metallaryň has giňden ýaýran metallar görnüşinde dürli görnüşli şaý-sepleri ýasalandygy, şeýle hem Türkmenistanda gymmat bahaly metallaryň, esasan hem kümüşli ýerleriň barlygy, ondan daşary Türkmenistana kümüş asyrlar boýy gaýry ýurtlardan: Müsürden, Hytaýdan, Hindistandan we beýleki ýakyn döwletlerden Beýik ýüpek ýol bilen getirilendigi barada maglumatlar bar.
Ir döwürde gymmat bahaly metallaryň gazylyp alynýan ýerleri Müsür, Nubiýa, Ispaniýa, Kolhida (häzirki Kawkaz) döwletlerinde esasy ýerleri bolupdyr. Merkezi we Günorta Amerikada, Aziýada (Hindistanda, Altaýda, Gazagystanda, Hytaýda) gymmat bahaly metallar diýlip atlandyrylýan metallaryň gazylyp alnandygy barada maglumatlar bar.
Irki döwür ýüňi gyrkylan haýwanlaryň derisinde külke metal böleklerini ýuwmak bilen dänejiklerini tutup alypdyrlar. Mundan başga-da metal magdanlaryny çat açýança gyzdyrmak bilen, soňra owradyp ýörite sürtmek we ýuwmak bilen bölejiklerini saýlap dänejikleri iriligi boýunça ýörite elekden geçiripdirler.
Gadymy Müsürde splawlardan altyny we kümüşi kislotalar bilen bölmegi başarypdyrlar. Gurşunyň splawyndan altyny we kümüşi, simap bilen ölläp ýuka ýumşak gatlaklara bölüp alypdyrlar.
Biziň eramyzdan öň XI-VI asyrlarda kümüşi Ispaniýanyň Taho, Dýero, Mino we Guadýaro derýalarynyň kenarlaryndan gözläp alypdyrlar. Biziň eramyzdan öň VII-IV asyrlarda altynyň tokga we külke bölekli gatlakly ýerlerini Transilwanda we Günbatar Karbatda tapyp işläpdirler.
Orta asyrlarda (XVIII asyra çenli) kümüşi köp gazyp alypdyrlar. Altynyň bar ýerleri azalandan soň XVI asyrda ispanlar gymmat bahaly metallary tapmak üçin Günorta Amerikanyň sebitlerinde gözleg işlerini geçiripdirler.
XVI asyryň birinji ýarymynda Ispaniýanyň işewürleri eremeýän agyr ak metala üns berip başlapdyrlar. Ol metallar külke görnüşde altyn bilen bile gabat gelipdir. Daşky görnüşi boýunça kümüşe meňzeş. Olar oňa Platina (Ispança Platina) kümüşsöw diýip at beripdirler. Taryhy boýunça platina gadymy döwürde hem bolan Gadymy Müsürde, Abissiniýada, Ispaniýada platinany «ak altyn» diýip atlandyrypdyrlar. Platina ispanlar ilki zyýanly galyndylar diýip düşünipdirler, şonuň üçin olary deňze zyňmak barada karar kabul edipdirler. 1741-nji ýylda platina ylmy düşündiriş beripdirler we Kolumbiýada senagat möçberlerinde ony işläp başlamagyň başlangyjy bolupdyr. Şeýle metallaryň (altynyň, kümüşiň we platinanyň) gazylyp alynmasy Russiýada XVII asyrda Baýkalyň eteklerinde başlapdyr. Bu metallary külke daşky ýerlerinden saýlap almak üçin dürli konstruksiýa maşynlardyr-enjamlar döredilipdir.
Wahyt ÇOPANOW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň mugallymy.