logo

Latest news:
✦ Gaýtadan dikeldilýän energiýa boýunça startap bäsleşigi geçirildi ✦ ✦ Türkmen-hytaý işewürler forumy geçirildi ✦ ✦ Ýylyň şygaryna bagyşlanan halkara ylmy tegelek stol maslahaty geçirildi ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti UNESCAP-yň 82-nji sessiýasyna gatnaşdy ✦ ✦ Himiýa senagaty - ösüşiň täze hereketlendiriji güýji ✦ ✦ Halkara ylmy maslahatda innowasiýa meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy ✦ ✦ Türkmenistanda adam maýasyny ösdürmekde Petronas bilen bilim gatnaşyklary ösdürilýär ✦ ✦ Türkmenistanda ylmy we innowasion ösüşe bagyşlanan halkara maslahat geçirildi ✦ ✦ Ykdysady žurnalistika boýunça açyk sapak geçirildi ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasyna iş sapary başlandy ✦
Home / Health /Güýzki immunitetimizi gyşa taýýarlalyň!
  18.10.2022
1127
Güýzki immunitetimizi gyşa taýýarlalyň!

Her bir adam güýz möwsüminde immunitetini gyş paslyna taýýarlamak, bedeni taplamak üçin ýokumly witaminleri özünde saklaýan miweleri we gök önümleri köp iýmäge çalyşýar. Bu babatda immuniteti berkitmekde peýdaly maddalary yzygider kabul etmek zerur bolup durýar. 

B witaminler topary – deriniň we saçyň ýagdaýyna gowy täsir edýär, nerw ulgamyny güýçlendirýär. B witaminler topary esasan hem etde, balykda hem-de ýumurtgada, kösükli we däneli ösümliklerde köp bolýar. 

D witamini – güýzki immuniteti güýçlendirmekde diýseň täsirlidir. D witaminiň esasy çeşmesi-de balyk hasaplanylýar. 

Demir – bedende gemoglobiniň esasy düzüm bölegidir. Demriň ýetmezçiligi ganazlyga sebäp bolýar, ganazlyk bolsa gowşaklyga, ukusyzlyga, immunitetiň peselmegini sebäp bolýar. Demriň çeşmeleri – alma, bagyr, greçiha, arahis hem ysmanakdyr. 

Sink – bedeni taplaýan ýokumly elementleriň biri bolup, ol az mukdarda saklanýar. Şol sebäpden sinkiň gerekli mukdaryny dürli gök önümleri wagtly-wagtynda iýmek bilen kabul etmeli bolýar.

Güýzki immuniteti ýokarlandyrmakda fiziki işjeňlik hem uly rol oýnaýar. Suwda ýüzmek, buzda typmak, pyýada ýöremek ýa-da ylgamak bedene oňaýly täsir edýär. Sport bilen meşgullanmak, arassa howada gezim etmek diňe diňe bedeniň immunitetini ýokarlandyrman, eýsem myşsalaryň berkligini hem üpjün edýär.

Umuman, güýzde peýdaly witaminleri ätiýaçlyk üçin doldurmak mümkin däl, sebäbi olar bedende ýygnanman, derrew siňýär. Şonuň üçin güýz paslynda näçe mukdarda gök önümler we miweler ýygy-ýygydan iýlende we fiziki işjeňlik yzygider berjaý edilende bedenimiziň güýz immuniteti şonçada gyşa taýýar bolar!

 

Döwran BAÝRAMOW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.