Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Daşary ýurt dilleri öwretmegiň usullary ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti Warşawada maslahata gatnaşdy ✦ ✦ Türkmenistan 2026-njy ýylda GDA-nyň başlyklygyna taýýarlanýar ✦ ✦ Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň sammitine gatnaşdy ✦ ✦ Türkmenistanyň Prezidentiniň Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy ✦ ✦ Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda halkara sergi we maslahat geçirildi ✦ ✦ Türkmenistan Türki Döwletleriň Guramasy bilen energetika we ulag hyzmatdaşlygyny giňeltmäge taýýardygyny beýan etdi ✦ ✦ Telekeçilik we şahsy ösüş barada açyk sapak geçirildi ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti Merkezi Aziýa mugallymlarynyň forumynda ✦ ✦ Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-wenger toparynyň mejlisi geçirildi ✦
Baş sahypa / Gyzykly /Guşlar dünýäsine syýahat
  11.05.2022
1261
Guşlar dünýäsine syýahat

       Dünýäde guşlaryň 9 müňe golaý görnüşi bolup, olaryň iň ulusy düýeguşdyr. Bu guşuň boýy 2 metr 70 santimetre çenli ýetýär. Ýer togalagyndaky iň kiçijek guş kolibridir. Olaryň uzynlygy 6 santimetr, agramy 2 gramdyr. Kolibriler uçuş wagty 5000 metr beýiklige çenli çykyp bilýär. Nil gazlary 17 kilometre çenli beýiklikde uçup bilýärler. Sowuk ýerlerde ýaşaýan polýar çerik atly guşuň möwsümara uçup geçýän ýoly 24 müň kilometre barabardyr. Kepderiler hem özboluşlylygy bilen tapawutlanýar. Parahatçylygyň nyşany hasaplanýan bu guşlary dürli döwürlerde hat gatnamakda ulanylypdyrlar.
         Ýer ýüzüniň guşlarynyň ençemesi gyşlamak üçin ýurdumyzyň çäginden uçup geçse, olaryň arasynda serçe, gumry, gögerçin, meýne, mollatorgaý, sülgün ýaly yssa sowuga uýgunlaşan hiç göçmeýän ýerli guşlar hem bardyr. Sülgün 300 metr aralygy uçup geçeninden soň ýere gonýar. Olara paýtagtymyzyň gür bagly seýilgählerinde hem duşmak bolýar. Kä ýyl guwlaryň müňlerçesi Hazarda gyşlaýar. Guwlar uçuş ýolunda iň öňdäki guşuň  yzyna düşýärler we dogry ugur tapmak şonuň paýyna düşýär. Gotanyň agramy 12 kilograma barabar. Ol uzak aralyga uçan wagty ýolda iýmitlener ýaly çüňkünde kiçi balyklary göterýär.
         Çal gaz tomsuna perlerini gaçyran wagty uçup bilmän otlaryň içinde gizlenip ýörýär. Ördekleriň içinde suwda 13 metr çuňluga çenli çümüp bilýäni bar. “Türkmenistanyň guşlary suratly meýdan kesgitleýjisi” kitabynda torgaýyň 14, aýratyn üýtgeşik saýraýan bilbilleriň 5-6 görnüşi görkezilipdir. Gajar Türkmenistanda iň uly guş hasaplanylýar, onuň ýazylan ganatynyň uzynlygy 2 metr 70 santimetre çenli ýetýär. Gajaryň horazy hem jüýje çykýança mäkiýany bilen gezekleşip ýumurtga basyrýar. Meýne biziň ýurdumyza ýyly ýurtlardan gelendir. Olar geçen asyryň 70-nji ýyllarynda, esasan ýurdumyzyň gündogarynda köpdi.
         Käkilik bir ýylyň dowamynda 12-den gowrak ýumurtga taşlaýar. Dag giňişliklerinde sesleri uzakda eşidilse-de, olaryň görünmeýän wagtlary köp bolýar. Guşlaryň esasy bölegi agajyň üstünde höwürtgeleýänem bolsa, daşyň ýüzünde palçykdan ýasalan, agajyň köwüginde hin görnüşli, ýerde, üçekde we beýleki ýerlerde hem höwürtge edinýänlerinide görmek bolýar.