Guşlaryň birnäçe görnüşleriniň arasynda towuk öý hojalygynyň iň köp ýaýran öý haýwanlarynyň biridir. Towuklar diňe bir hojalyk ähmiýeti bilen tapawutlanman eýsem, bezeg hökmünde hem howluda saklanylýar. Olaryň biri hem gündogar ýüpek towugydyr. Olar özüne çekiji görnüşleri we mylaýym häsiýetleri bilen hakykatdanam geň galdyryjydyr.
Gündogar ýüpek towuklarynyň watany Hytaý döwleti hasaplanýar. Bu guşuň ilkinji wekilleri 1000 ýyl ozal Hytaý döwletinde peýda bolýar. Soňra az wagtyň içinde Russiýa we Ýewropa döwletlerine ýaýraýar.Käbir hünärmenler ýüpek towuklarynyň towuk bilen towşanyň utgaşmasy diýip hasaplaýarlar. Ýüpek towuklary bezeg we öý hojalygynda peýdalanylýanlara bölünýärler. Bu guşlaryň tegelek bedeni , ýumşak , ýakymly ýelek örtügi bolup, bedeninde skeleti we derini goýy gök plitrada reňkleýän köp mukdarda melonin bar. Şeýle reňk aýratynlyklary üçin bu ýüpek towuklara başga-ça gara ýüpek hem diýilýär.Olaryň ykjam we tekiz arkasy bar, aşaky aýaklary ownuk we dykyz görnüşde ýeleklerbilen örtülen.Gözleri gara reňkde bolýar, çüňkleri bolsa gara, altyn reňkde, çal, gyzyl, ak, gök reňklerde bolup bilýär.Bu guşlaryň agramy 1,5 kilograma çenli ýetip bilýär. Bularyň ýene-de bir aýratynlygy penjelerindäki barmaklarynyň sanydyr. Adaty towuklaryň dört barmagy bar, ekzotik tohumyň bolsa bäş barmagy bar we olar hem ýelekler bilen örtülendir.
Gündogar ýüpek towuklarynyň geň galdyryjy dostlukly we asuda ýagdaýy bolup adamlar bulara köp isleg bildirýärler. Bu towuklary köplenç haýwanat baglarynda görmek bolýar. Hytaý döwletinde bolsa öý haýwanlary ýaly saklanýar. Bu guşlarda nesil öndürmek üçin gowy ösen instinkt bar. Olary diňe ýokary hilli önümler bilen iýmitlendirmek möhümdir, arassaçylygy ýokary derejede gurnamaly. Ýüpek towuklar pes temperaturalara hem çydamlydyr ýöne, towuklar ýumurtga goýmagyny dowam etdirer ýaly gyşda ýylylyk we ýagtylyk gerek bolýar.
Hytaýda ýüpek towuk etine uly isleg bildirilýär. Hytaýlylar bu guşuň etiniň ähli peýdaly häsiýetlerini köpden bäri öwrenýärler, ýagny onuň düzüminde kalsiý,dürli aminokislotalar, fosfor, nikotin kislotasy we köp witaminler bar.Bu guş her ýylda ýüz sany ýumurtga öndürmäge ukyply bolup her ýumurtgasynyň agramy 35 grama barabardyr.
Ýüpek towuklarynyň lukmançylykda hem ähmiýeti uludyr. Ýagny, ýüpek towugynyň eti kelle agyryny, inçe keseli we beýleki keselleri bejermekde, işjeň ulanylýar.
Bu towuklar beýleki ýelekli wekilleriň hem ýumurtgalaryny çykarmaga ukyply bolýar. Bu guşlaryň towuklary adaty towuklardan kiçi,şonuň üçin hem olar temperaturanyň üýtgemesine duýgur bolýar. Jüýjeler çykandan soň bienäçe wagtlap +30 gradus derejede saklanmaly.Bir hepdeden soň ýylylygy peseldip başlamaly ýöne temperatura +18 gradusdan pesde bolsa ösüşini dowam etdirip bilmeýär.
Adaty towuklar ýaly ýüpek towuklary hem köp kesele sezewar bolýarlar. Bulara esasan garynjalar we parazit mör- möjekler hüjüm edýärler. Ondan başga-da bedeniň zäherlenmegi, öýken ulgamynyň wiruslary, iýmit siňdiriş ulgamyndaky çişme prosesleri , gurçuklaryň döremegi ýaly keseller bilen keselläp bilýärler.
AÝJEMAL ORAZOWA
TÜRKMEN OBA HOJALYK INSTITUTYNYŇ TALYBY