Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe zenanlaryň döredýän el işleriniň ählisi uly şöhrata beslenýär. Hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde keşdelerimiz we halydyr palaslarymyz barada edilýän alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Mähriban halkymyzyň uzak taryhyndan habar berýän, ene-mamalarymyzdan miras galan dürli el işleri gyz-gelinlerimize nusgalyk bolup dowam edip gelýär. Gyz-gelinlerimiziň ýürek arzuwyndan, on barmagynyň hünärinden dörän el işleri türkmen zenanynyň durmuşyny, dünýäsini bezemek bilen onuň kalbyna gözellik çaýýar.
Gadymy döwürlerden bäri jorap örmek sungaty hem gyzlaryň her biriniň çagalykdan öwrenýän hünäri bolupdyr. Olar ajaýyp el işlerini gyz-gelinleriň üýşýän ýeri bolan ümelere, güzer başyna, jorasyna görme-görşe baranda-da ýanlary bilen alyp gidipdirler. Gyzlar el işlerini öwrenmeklige heniz çagaka başlapdyrlar. Ene-mamalarymyz gyza eliniň işliligi, el hünäri boýunça baha beripdirler. Türkmen halk döredijiligindäki lälelerde, monjugatdylarda, öleňlerde, hüwdülerde, dessanlarda ýa-da ertekilerde gyzlaryň işeňňirligi, «elinden dür dökülýän» maşgaladygyny suratlandyranlarynda eli çeperligini delil getiripdirler. «Sag elinde synnysy, sol elinde gaýçysy» diýip, nakyllaryň üsti bilen hem gyz-gelinleriň iş başarnygyny beýan edipdirler.
Jorap örmek sungaty hem gadymdan galan el işleriniň biri bolup, irginsiz zähmeti, ünslüligi talap edýär. Haly dokamakda synny, gaýçy, darak, keser ýaly zähmet gurallarynyň gerek bolşy ýaly, jorap örmek sungatynda-da çişler ulanylýar. Çişler XVIII-XIX asyrlarda tut, alma agajyndan ýasalypdyr. Häzirki wagtda ulanylýan demir çişler bolsa, 1920-1925-nji ýyllardan soň ýüze çykyp başlapdyr. Ir döwürlerde jorap örmek üçin saryja goýnuň ak, gara ýüňleri peýdalanylypdyr. Soň bolsa ýüňler dürli ot-çöplerden alnan boýaglar bilen boýalypdyr. Häzirki wagtda ýurdumyzda dokmaçylarymyzyň öndürýän dürli görnüşli ýüpekleri ulanylyp, gyz-gelinlerimiz bäş çişiň kömegi bilen uşajyk halkajyklardan ajaýyp nagyşlary emele getirip, bu el hünärini ýöredip gelýärler. Joraplara salynýan nagyşlar hem öz gözbaşyny gadymdan alyp gaýdýar. «Namazlyk», «Han ýumruk», «Çakmak», «Tärim gözenek», «Möwjüm», «Kölege», «Gapyrga», «Şelpe», «Guşly göl» ýaly nagyşlar ir döwürlerden bäri ýörgünli salynýan nagyşlar hasaplanylýar. Joraplaryň gyra nagyşlaryna «Dagdan», «Tazyguýruk», «Tegbent», «Gyýak», «Erikgül» «Goçak» ýaly nagyşlar salynýar. Nagyşlar barada aýdanymyzda şeýle rowaýaty aýdyp geçmekligi makul bilýäris: “Gadymy döwürde obanyň süri malyny bakýan çopan bilen çoluk mallary her hili kynçylyklarda-da gorap, tükel saklaýan ekeni. Bir gün irden çoluk sürini örüzip, öňe süýşüp ugraýar. Birdenem, çolugyň gözi bir täsinlige düşüp, gözüne ynanman, ýakyndan görmek üçin oňa tarap ýöreýär. Görse, ho-ol öňden barýan goçuň şahynda bir uly ýylan göwresini orap, başyny ýokaryk çykaryp barýan ekeni. Mallar suw içmäge suwa inse, ýylan hem goçuň şahyndan düşüp, soňra ýene goçuň şahyna oralyp oturyberýän eken. Çoluk gelip bu wakany çopana gürrüň berýär. Çopan esli wagt oýlanýar-da: - Mümkin, ol ýylan zemzenden ýa kirpiden gaçyp gelendir. Näme üçin ýylan goçuň şahyna münüp otyrka?! Goçuň şahyna arkalandyka?! Goçuň özem güýçli welin, onuň şahynda-da uly güýç bardyr diýip haýran galýarlar. Çopan bu wakany maşgalasyna-da gürrüň berýär. Bu waka oba adamlaryny hem haýran galdyrýar. Şeýlelikde, günler geçýär, aýlar aýlanýarlar. Çopan şol goçuň şahyny ezizläp, öýüniň garşysyndaky dagdan agajyna gelşirip goýýar. Çopanyň aýaly otursa-tursa, öýüne girip-çyksa, goçuň şahyna seredip, oýlanyp, goçuň şahynyň öwrümli şekilini nagşa geçirýär. Dürli reňkler bilen boýalan ýüpeklerde sazlaşyp, keşdä öwrülen goçuň şahy has gözel owadan görünýär. Şeýdip goçak nagşy döreýär”. Häzirki wagtda ol kämilleşip “garagoçak” “ýaşylgoçak”, “dagdangoçak”, “tärimgoçak” ýaly görnüşlere eýedir. Medeni mirasa, milli gymmatlyklarymyza baý bolan türkmen halky durmuşda hiç bir zady ünsden düşürmeýär. Başyna geýýän tahýasy, egnine geýýän milli lybaslary, kürtedir çabytlary, joraplary hiç wagt öz milliligini ýitirmeýär. Häzirki wagtda çeper elli zenanlarymyzyň elinden sünnälenip çykan joraplar durmuşa çykjak gyzlarymyzyň bukjasyna uly bezeg berýär. Bu döwür gyzlaryň ylhamynyň joşýan, alan terbiýesiniň, öwrenen hünärleriniň kämilleşýän döwri. Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ene-mamalarymyzdan galan bu ajaýyp el hünäri gelin-gyzlarymyz tarapyndan milli gymmatlyk hökmünde has-da kämilleşýär. Ähli pudaklarda bolşy ýaly, medeniýet we bilim ulgamynda hem rowaçly ösüşler gazanylýar.
Biziň Türkmen oba hojalyk institutymyzda hem talyp gyzlaryň gatnaşmagynda “El işleri” atly gurnak hereket edýär we bu gurnakda haly, palas dokamagyň inçe syrlary, keşdeleriň dürli görnüşleri, tikin tikmegiň nepisligi, şeýle-de joraplary örmekligiň aýratynlygy giňden öwredilýär. Parasatly ata-babalarymyzdan, nusgalyk ene-mamalarymyzdan miras galan ýol-ýörelgeleri, milli däp-dessurlary, maddy we ruhy gymmatlyklary ýaş nesillerimize geçirmekde ägirt uly işler bitirilýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda bu gün agzybir türkmen ilimiz bagtyýar! Bu bagtyýarlyk mähriban Watanymyzy batly gadamlara, uly özgerişlere besleýär. Döwrümiziň badyna bat goşýan bu özgerişler “Pähim – paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda Watanymyzyň berkararlygyny, halkymyzyň bagtyýarlygyny, abadan hem parahat durmuşy dabaralandyrýar.
Sona ARAZGELDIÝEWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.