Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Türkmeniň goşa ganaty ✦ ✦ Ýaşlar baýragy ― ýaşlygyň serpaýy ✦ ✦ Türkmen-özbek medeni gatnaşyklarynda täze sahypa ✦ ✦ Ýaşlar syýasaty — beýik ösüşleriň badalgasy ✦ ✦ Binagärlikde milliligiň we gözelligiň sazlaşygy ✦ ✦ Aşgabatda "DevFest 2024" tehnologiýa festiwaly geçirilýär! ✦ ✦ II Türkmen — Özbek forumynda täze ylalaşyklar gazanyldy ✦ ✦ Türkmenistan Hytaýyň hakara söwda sergisine gatnaşmaga çagyryldy ✦ ✦ Aýdym-saz ynsanyň göwün syrdaşy ✦ ✦ Ylym-bilim – ösüşiň kämil çeşmesi: ýaş nesillere ylym-bilim bermegiň täze usullary ✦
Baş sahypa / Medeniýet /Gülküli sahnalaryň ussady
  09.06.2020
1267
Gülküli sahnalaryň ussady

       Milli medeniýetimiziň, sungatymyzyň, edebiýatymyzyň ösmegine uly goşant goşan meşhur sungat ussatlarymyzyň sarpasy belent tutulýar. Milli medeniýetimiziň uly rowaçlyklara beslenýän döwründe sungat äleminde öçmez yz goýan halypa artistleri, režissýorlary ýatlamak sogap işdir. Şu babatda sungat ussatlarymyz bilen bir hatarda, gülküli sahnalaryň ussady Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky döwlet baýragynyň eýesi, gülküli keşpleriň ussady guýmagursak artist Akmyrat Bäşimowyň döreden keşpleri bada-bat hakydamyzda janlanýar. Ol orta mekdebi tamamlap, 1955-1957-nji ýyllarda Marynyň lukmançylyk okuwynda okaýar. Soňra 1957-1961-nji ýyllar aralygynda Bakuda Jemgyýetçilik arassaçylygyny hem-de saglygyny goramak çäreleri ýokary okuw jaýynda bilim alýar. Okuwyny tamamlap, Aşgabat şäherinde lukmançylyk ugrundan işläp başlasa-da, ýüreginiň bir künjünde sungata bolan söýgi, onda-da kino sungatyna bolan söýgi gizlenip ýatyrdy. «Bendäm bendäme sebäp» diýlişi ýaly, Akmyrat Bäşimowyň kino sungatyna aralaşmagyna geçen asyryň 60-njy ýyllarynda telewideniýäniň edebi-drama bölüminde režissýor bolup işleýän, «Kötek we degişme», «Ýartygulak» ýaly telewizion žurnallary taýýarlaýan, oýun goýýan Türkmenistanyň halk artisti Baba Annanow, Orazdurdy Hojaýew, Öwlüýaguly Kulyýew, Bäşim Gurbanow, Aýnabat Amanlyýewa, Hommat Kakajanow, Allaberdi Meläýew, Gurbannazar Atakgaýew dagy režissýorlar sebäp bolýarlar.

       «Aý dogsa, älem görer» diýlişi ýaly, Akmyrat Bäşimowyň ýiti zehini, wäşiligi, daşky sypaty, mydama hereketde, kiçijik, janly hem-de birneme mekirräk gözleri kinorežissýorlarda uly gyzyklanma döredýär. Şol wagtky «Türkmenfilmde» ululy-kiçili kinokeşpleriň birnäçesini ussatlarça janlandyrýar.

       Kinorežissýor T.Sabyrowyň «Şasenem-Garyp» filminde ýasawulyň, H.Agahanowyň «Horaz» kinofilminde birnäçe gyzdan soň, ogly bolan bagtly kakanyň, E.Haçaturýanyň «Çöl» filminde Alynyň, H.Narlyýew bilen H.Güseýinowyň «Tüssesiz ot bolmaz» filminde sada daýhan ýigit Geldiniň, A.Karpuhiniň «Döwranyň başdan geçirenlerinde» emelsiz Oraz awçynyň, A.Karpuhin bilen M.Söýünhanowyň «Meniň dostum Meleguş» kinofilminde Bäşimiň we beýleki birnäçe ýatdan çykmajak keşpleriň ençemesini döretdi. Elbetde, bu sanawy entek hem dowam etseň edibermeli, emma halypanyň döreden iki sany kinokeşbiniň üstünde has-da giňişleýin durulsa, ýerlikli bolarmyka diýýäris. Türkmen teatr we kino sungatynyň düýbüni tutanlaryň biri Alty Garlyýewiň «Aýgytly ädimindäki» Pökgi wallasy we ýene bir ýatda galyjy gülküli keşpleriň biri hem «Meniň dostum Meleguş» filmindäki jigisi Alta eli tirsegi bilen gorkuzyp, hemle atýan ýeridir.

       Akmyrat Bäşimow hakynda söz  açylanda, «Ol ynsan kalbynyň lukmany» diýer ekenler. Bu onuň asyl käriniň lukman bolandygyndan däl-de, 30-a golaý filmde gülküli keşpleri döredip, tomaşaçylara şatlyk paýlap, ömürlere ömür goşandygy üçin bolsa gerek. Onuň üçin kinokeşpleriň uly-kiçiliginiň parhy ýokdy. Ol: «Kiçi keşp ýok, kiçi iş bar» diýer eken. Komediýa aktýory Akmyrat Bäşimowyň ady goňşy ýurtlaryň kinematografiýaçylarynyň arasynda-da bellidi. «Ak roýal», «Pagta hakynda poema» ýaly filmlerde onuň döreden açyk göwünli gahrymanlary tomaşaçylaryň göwünlerinden turdy. Ussat aktýor daşary ýurt filmlerini türkmen diline geçirmekde-de köp hem öndümli işledi, 80-e golaý film zehinli artistiň gatnaşmagynda türkmen diline geçirildi.

   Tebigy zehinli aktýor birgiden nusgawy keşpleri döredip, tomaşaçylaryň söýgüli kinoýyldyzyna öwrüldi, ol milli kino sungatymyza ölçegsiz uly goşant goşan halypalaryň biridir. Onuň döreden köp sanly keşplerini sungaty söýüjiler hormat bilen ýatlaýarlar.